Hormatly halkara
sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine
başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bagtyýar
çagalygyň, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan ýurdy bolan
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan
çagalar döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalýar. Çagalaryň şatlykly
gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe
bolan ynamyň iň ajaýyp güwäsidir. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän
syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli okamaklaryna,
dynç almaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn,
Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda her ýylda
geçirilmegi däbe öwrülen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara
sergi-ýarmarkasy hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň aýdyň görkezijileriniň
biridir. Ýokary guramaçylyk derejesinde, giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylan bu
sergi-ýarmarkanyň döwrebap ekspozisiýalarynda çagalar we ýetginjekler üçin
niýetlenen, ösüşe ýardam berýän oýunlaryň, neşir önümleriniň, okuw
esbaplarynyň, egin-eşikleriň, sport, elektron harytlaryň we beýleki ýokary
hilli, ekologik taýdan arassa önümleriň dürli görnüşleri hödürlener. Şeýle hem
sergi-ýarmarkanyň çäklerinde çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk
sapaklarynyň, bäsleşikleriň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar,
täzelikler bilen tanyşdyrylmagy, ene-atalar üçin geňeşmeleriň geçirilmegi bu
çäräniň ähmiýetini has-da artdyrar.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Berkarar
döwletimizde amala aşyrylýan, ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan durmuş
syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap şertleri özünde
jemleýän we dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen
üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş
toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy,
giň dünýägaraýşynyň, ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin ähli
şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem ösüp gelýän ýaş nesiller
hakynda hemmetaraplaýyn alada edilýändiginiň, halkymyzyň ynsanperwerlik,
haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir.
«Kids
EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň hem-de
daşary ýurtlaryň çagalar üçin önümleri öndürýän, hyzmatlary amala aşyrýan
kärhanalaryna, okuw merkezlerine, halkara guramalara öz täze innowasion işläp
taýýarlamalary, ýokary hilli önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga ähli
mümkinçilikler dörediler. Bu sergi-ýarmarka çagalar üçin özboluşly baýramçylyk
çäresine öwrüler, ussatlyk sapaklaryna, bäsleşiklere gatnaşmak arkaly
başarnyklaryny artdyrmak üçin gyzykly we ajaýyp meýdança bolup hyzmat eder. Bu
bolsa ata-babalarymyzyň iň gowy zatlary çagalara bermek, olary aýratyn üns we
söýgi bilen gurşap almak ýaly däpleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň, ýurdumyzyň ýaşajyk
raýatlarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine, saglygyna hem-de
abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň
beýanydyr.
Sergi-ýarmarka gatnaşýan hormatly adamlar!
Eziz dostlar!
Sizi
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwrebap sergi zalynda
ýaýbaňlandyrylan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara
sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly
üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar
BERDIMUHAMEDOW.