PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara

09.10.2023
Card image cap

Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!

 

Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi daşary ýurtly myhmanlarymyz hem-de dostlarymyz bilen dabaraly bellemek aýratyn many-mazmuna eýe bolan möhüm wakadyr. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygyna bagyşlanan bu serginiň we ylmy maslahatyň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň sizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjakdygyna ynanýaryn.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ilatynyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksadydyr. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek boýunça zerur şertler döredildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy uly ösüşleri başdan geçirýär. Dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, häzirki zaman lukmançylygynda gazanylýan tejribeler işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap saglyk maksatly desgalary, şol sanda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini, Saglygy goraýyş müdirligini we onuň düzüminde 350 orunlyk köpugurly hassahanany, 150 orunlyk onkologiýa merkezini, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini, «Tiz kömek» merkezini, saglyk öýüni we saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasyny ulanmaga berdik.

 

Biz saglyk strategiýamyzy üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ählumumy ösüşiň bähbidine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeldip, bu ugurda toplan tejribämizi üstünlikli baýlaşdyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk we ylmy-barlag merkezleri, kompaniýalary bilen bilelikde möhüm taslamalary durmuşa geçirýäris. Bularyň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerýändigini we ösüşiň hil taýdan täze basgançagyna çykýandygyny görkezýär.

 

Hormatly adamlar!

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamyny hem dünýä ülňülerine laýyk yzygiderli kämilleşdirýäris. Ýurdumyzda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalary esasynda bu ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrýarys. Bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegine giň ýol açmak maksady bilen, ylmyň iň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna giňden ornaşdyrýarys.

Garaşsyz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglaryny, orta mekdepleri gurýarys. Milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, bu işi yzygiderli kämilleşdirmek, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek boýunça netijeli çäreleri amala aşyrýarys. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda nusgalyk işleri durmuşa geçirýäris. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepler we çagalar baglary, şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onlarça çagalar baglary, orta mekdepler dabaraly açylyp ulanmaga berildi.

 

Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy açyldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändigini tassyklaýar.

 

Hormatly adamlar!

 

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän güýçdür. Gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we tutuş ýurdumyzda gurlan döwrebap sport desgalary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde toplanan oňyn tejribeler, ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirýän işler hem munuň aýdyň subutnamalarydyr

Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde dünýädäki abraýyny has-da pugtalandyrýarys. Şu ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda Aşgabat şäherinde halkara sport baýramçylygyna öwrüljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyny, şeýle hem türkmen milli we alyş göreş görnüşleri boýunça Merkezi Aziýanyň açyk çempionatyny ýokary derejede geçirip, parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sporty Ýer ýüzünde has-da dabaralandyrarys.

 

Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!

 

Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.


Bulary hem okaň