Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet
ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen
tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler häzirki döwürde
üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha
belende göterilýär. Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň we halkara
guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda giň gerimli
işler alnyp barylýar. Sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň
pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň
işjeňleşdirilmegine gönükdirilen iri möçberli maksatnamalar üstünlikli amala
aşyrylýar.
Dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen
gatnaşyklary yzygiderli berkitmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Birleşen
Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam
Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen ýola goýlan
hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe bolýar.
Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleri derejesinde
halkara maslahatyň geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Bu maslahat medeni ulgamda
özara bähbitli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak
işleri has-da ösdürmäge, Magtymgulynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we
dünýäde giňden wagyz etmäge uly itergi berer. Çünki beýik akyldar Magtymguly
Pyragy öz şygyrlarynyň üsti bilen dünýä halklaryny agzybirlige, dost-doganlyga,
ynsanperwerlige çagyran, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyny arzuwlan
şahyrdyr.
2024-nji ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan
edildi. Bu ýylyň beýik söz ussady bilen baglanyşykly atlandyrylmagynyň çuňňur
manysy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň döredijiligini
pähim-paýhas ummanyna meňzetmek bilen, onuň çuň manyly eserleriniň ynsan
kalbynda baky orun alandygyny, paýhasly pikirleriniň umumadamzat ähmiýetine
eýedigini beýan edýär.
Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ tarapyndan
2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy
ýyly», ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan
edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň
hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Akyldar şahyryň doglan
gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip
geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu taryhy wakalar beýik şahyryň
arzuwlan ajaýyp zamanasynda berkarar türkmen döwletiniň halkara abraýynyň barha
artýandygynyň, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga
esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginde giň goldawa mynasyp
bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Bu halkara maslahatyň Magtymguly Pyragy
medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik şahyrymyzyň heýkeliniň açylyş dabarasy
bilen utgaşykly gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Magtymgulynyň şygyrlary
dünýäniň onlarça diline terjime edilip, kitap görnüşinde çapdan çykaryldy,
daşary ýurtlarda heýkelleri oturdyldy. Bu bolsa onuň hormat-sarpasyny Ýer
ýüzünde has-da belende göterýär. Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda dünýä
halklarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, akyldarlarynyň heýkelleriniň
oturdylmagy bolsa dana şahyryň dost-doganlyk, agzybirlik baradaky arzuwlarynyň
mukaddes türkmen topragynda hasyl bolandygyny alamatlandyrýar.
Beýik akyldaryň şanly ýubileýine bagyşlanan
halkara forumyň çäklerinde siz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet
baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän çärelere hem gatnaşarsyňyz. Aşgabatdaky
medeni ojaklara, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine we ol ýerdäki
medeni maksatly edaralara baryp görersiňiz. Bu bolsa size türkmen halkynyň baý
medeni mirasy, häzirki döwürde ýeten sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmaga
mümkinçilik berer. Şeýle baý mazmunly maslahatyň medeni ulgamda halkara
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge, dost-doganlyk ruhunda özara
tejribe alyşmaga ýardam etjekdigine pugta ynanýaryn.
Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahatyň öz işine
başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri
arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
tdh.gov