Türkmenistanyň Senagat
we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen
wekiliýeti 2024-nji ýylyň
9-11-nji ýanwary
aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şaherinde geçirilen Dag
magdany boýunça üçünji halkara sergi-maslahatynyň işine gatnaşdy.
Çäräniň çäklerinde
Türkmen wekiliýeti ministrler derejesinde geçirilen tegelek stoluna we dürli
mowzuklaýyn mejlislerip işine işjeň gatnaşdy. Mejlislerde dag magdan
önümçiliginiň gelejegi hem-de önümçiligiň tebigata ýetirýän zyýananyň aňrybaş
derejede azaldylmagy boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Mundan başga-da,
Türkmen wekiliýeti sergä gatnaşmak bilen, özüniň isleg bildirýän hem-de
hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi bar bolan ugurlar boýunça degişli şereketleriň
wekilleri bilen göni aragatnaşygy ýola goýdy.
mfa.gov