2024-nji
ýylyň 8-11-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde
«Haj we umra hyzmatlary» atly maslahaty we sergisi geçirilýär. oňa 80-den
gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar.
Türkmen
tarapyndan bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýet gatnaşýar.
Bu
çäräniň maksady zyýaratçylar üçin has amatly şertleri döretmek hem-de dini we
medeni tejribelerini baýlaşdyrmak.
Agzalan
çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany
Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek
haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
Maslahat
we sergi öz işini dowam edýär.
mfa.gov