Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman
Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary
ugratdylar.
Milli
Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle
hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň
aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak
möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp
barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.
Häzirki
wagtda yzygiderli geçirilýän duşuşyklar, dürli derejedäki gepleşikler
türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň binýadyny pugtalandyrýar. Soňky ýyllarda
söwda-ykdysady gatnaşyklara täze itergi berildi. Bar bolan kuwwatlyklar
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny
açmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär, maýa goýum işjeňligini
höweslendirmäge, işewürligi diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär.
Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda
ynsanperwer hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär. Biziň doganlyk halklarymyzy
taryhy kökleriň ýakynlygy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy
baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda bu köpasyrlyk däpler mynasyp dowam etdirilip,
many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.
Özara
bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we
medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparyna aýratyn orun
degişlidir. Onuň mejlislerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri
ara alnyp maslahatlaşylýar, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça
anyk çäreler kesgitlenilýär.
Şu
günler Kazanda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumy
geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem hormatly
myhman hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek. 2009-njy ýyldan bäri her ýyl
geçirilýän bu wekilçilikli halkara çäräniň işine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme
gezek gatnaşdy. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hem-de Russiýa
Federasiýasy bilen döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň
tassyklaýar.
...Türkmenistanyň,
Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen
bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde
Gahryman Arkadagymyza myhmansöýerligiň asylly däbine görä, duz-çörek, çak-çak
tatar milli tagamy hödürlenildi hem-de gül dessesi gowşuryldy.
Howa
menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow
we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň
bilelikdäki awtoulag kerweni howa menzilinden Kazan Kremline tarap ugrady. Bu
taryhy-binagärlik toplumynyň çäginde Tatarystanyň Baştutanynyň resmi
kabulhanasy ýerleşýär.
Bu
ýerde Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany çaý başynda
söhbet edip, dost-doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen hem-de köpugurly
kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma
bilen bellediler. Şunda Türkmenistanyň we Tatarystanyň türkmen-rus döwletara
gatnaşyklarynyň strategiýasyna, uzak möhletleýin özara bähbitlere laýyk gelýän
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň dowam etdirmäge taýýardyklary
tassyklanyldy.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam
Minnihanowyň duşuşygy geçirildi. Oňa iki tarapyň wekiliýet agzalary hem
gatnaşdylar.
Tatarystanyň
Baştutany Gahryman Arkadagymyzy ýene bir gezek mähirli mübärekläp, belent
mertebeli myhmana “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady
forumyna hem-de jebisleşdiriji halkara jemgyýetçilik meýdançasy bolup çykyş
edýän “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşmak
üçin Kazana gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli
ugurlar boýunça barha ösdürilýändigini aýdyp, Rustam Minnihanow netijeli
ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň
hyzmatlaryny aýratyn belledi.
Şeýle
hem Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Türkmenistanyň depginli ösüşini,
halkara abraýyny şertlendiren döredijilikli syýasatyň häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Ol
Tatarystanda Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga ýokary baha
berilýändigini aýdyp, bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine öz tarapyndan
hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigini belledi hem-de doganlyk türkmen halkyna
iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Milli
Liderimiz mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin
minnetdarlygyny beýan edip, Tatarystanyň Baştutany bilen Kazanda duşuşmaga örän
şatdygyny aýtdy, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýollan
mähirli salamyny ýetirdi. Bu ýerde doganlyk tatar halkynyň bize bolan aýratyn
hormatyny, tüýs ýürekden we mähirli gatnaşygyny duýýarys diýip, Halk
Maslahatynyň Başlygy belledi.
“Russiýa
— Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna we “Russiýa —
Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň her ýyl geçirilýän mejlisine
gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli
Lideri ähli meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Kazanda
Russiýa Federasiýasynyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen ykdysady
hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen şeýle uly ähmiýetli forumyň
geçirilmegi Tatarystanyň uly abraýynyň hem-de oňa ýokary halkara gyzyklanmanyň
nyşany bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, türkmen
wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň hem-de dürli meýdançalarda geçiriljek
duşuşyklaryň biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň
möhüm bölegi bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant
boljakdygyna ynam bildirdi.
Biziň
halklarymyz asyrlaryň dowamynda medeniýetleriniň, dilimiziň,
däp-dessurlarymyzyň umumylygyna, dinimiziň birligine, birek-birege hormat
goýulmagyna hem-de deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary
saklapdyrlar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
belledi.
Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gatnaşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz
Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmen bedewiniň milli baýramyna
bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin ýakynda Türkmenistana amala
aşyran saparyny ýatlady. Şol saparyň dowamynda milli ykdysadyýetleriň
bähbitlerini we hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini hasaba almak bilen, özara
gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Türkmenistan
we Tatarystan dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürýärler. Şunuň bilen
baglylykda, nebitgaz, gämi gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa
tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek babatda üstünlikli alnyp barylýan
bilelikdäki işlere üns çekildi. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim,
medeniýet, sungat boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry
bolup durýar.
Pursatdan
peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy
bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde Tatarystan bilen köpugurly
gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy we giňeltmegi ugur edinýändigini
tassyklady.
Gahryman
Arkadagymyz Kazana sapar bilen gelmäge iberen çakylygy üçin ýene bir gezek
minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa berk jan
saglyk, işinde uly üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk,
abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Duşuşygyň
ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň
Baştutany däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly
ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasyna iş sapary dowam edýär.
tdh.gov