2023-nji
ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistan 1988-nji ýylyň sentýabrynda Baku şäherinde
kabul edilen Ýewropa-Kawkaz-Aziýa Halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda
esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşuldy.
Resminamanyň
maksady Ýewropa sebitinde, Gara deňizde, Kawkazda, Hazar deňzinde we Aziýada
ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag aragatnaşygyny ösdürmekden, şeýle hem harytlaryň halkara gatnawyny öňe sürmek we
ýeňilleşdirmek, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag syýasatyny
sazlaşdyrmak we ulagyň dürli görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri
döretmekden ybarat bolup durýar.
mfa.gov