Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 6-njy
martynda Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň nobatdan
daşary mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine agza
hökmünde goşulmagy baradaky meselä seredildi.
Netijede Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine doly hukukly agza hökmünde
kabul edildi.
2019-njy ýylda döredilen Türki döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň birleşigi Türki döwletleriň arasyndaky
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança bolup hyzmat
edýär. Häzirki wagtda Birleşigiň düzümine Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz,
Özbegistan we Türkiýe Respublikalary doly hukukly agza hökmünde girýärler.
Wengriýa, Demirgazyk Kipr bolsa gurama synçy hökmünde gatnaşýarlar.
mfa.gov