PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Kätipliginiň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine gatnaşdy

12.10.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Kätipliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 14-nji mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň hem-de onuň çäklerinde boljak çäreleriň guramaçylyk, şeýle hem Forumyň gün tertibinden gelip çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

mfa.gov.tm


Bulary hem okaň