Türkmenistanyň
Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew 2023-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda
Koreýa Respublikasynyň Suwon şäherinde geçirilen sekizinji Aziýa-Ýuwaş umman
şäherleriň forumyna (APUF-8) gatnaşdy.
Bu
çäre, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman ykdysady we jemgyýetçilik komissiýasy we
Suwon şäher häkimligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we
ulag ministrligi, BMG-Habitat, Halkara «Habitat adam üçin» we «CityNet»
assosiasiýasy bilen bilelikde guraldy.
Foruma
milli we ýerli hökümetiň, seljeriş merkezleriniň, hususy pudagyň, raýat
jemgyýetiniň we sebitiň ýaşlar guramalarynyň 1800-den gowrak wekilleri
gatnaşdy. Üç gün dowam eden forumyň esasy maksady, durnukly şäher ösüşini
gazanmak üçin innowasion çözgütleri, bilelikdäki hereketleri we netijeli
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek.
Forumyň
esasy wakalarynyň biri, ESCAP agza döwletleriň ministrleriniň we işgärleriniň
çykyş eden APUF-8-iň ýokary derejeli sessiýasy boldy.
Ilçi
B.Durdyýew çykyşynyň dowamynda gatnaşyjylara soňky ýyllarda Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda howpsuz,
ýokary hilli ýaşaýyş jaýlara ähli ýaşaýjylaryň elýeterliligini üpjün etmek
maksady bilen uly şäher gurluşyk maksatnamalarynyň işjeň durmuşa
geçirilendigini habar berdi. Şeýle hem, ilçi köp ýyllaryň dowamynda
Türkmenistanyň durnukly ösüş ýörelgelerini göz öňünde tutup, şäher
meýilnamalaşdyrylyşyna berk ygrarlydygyny, Arkadag ýaly «akylly şäherleriň»
döremeginiň innowasion çözgütleri we durnukly ösüş strategiýalaryny
kesgitlemäge mümkinçilik berendigini aýtdy. Bu görnüşli şäherler Aziýa-Ýuwaş
umman ýurtlary tarapyndan hem ulanylyp bilner. Arkadag şäherini gurmak
tejribesiniň «akylly» şäherleriň ykdysady abadançylygy durnukly ösüş bilen
sazlaşdyryp biljekdigini görkezýän nusga bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.
Sessiýa,
Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde durnukly şäher ösüşi boýunça ýokary derejeli
Kommnýunike kabul edildi, bu durnukly şäher ösüşi boýunça sebitleýin ylalaşygy
açyp görkezýär. Resminama ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde
Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlaryndaky şäherleriň ösmegine gönükdirilendir. Şeýle hem,
toplumlaýyn şäher we territorial meýilnamalaşdyryşy, howanyň durnuklylygy üçin
köp derejeli dolandyryşy, gowşak toparlar üçin öz içine alyjy şäher
syýasatlaryny, şäher maliýeleşdirmegi üçin amatly gurşawy we sanly
innowasiýalary ösdürmegiň zerurdygyny görkezýär. Şunuň bilen birlikde,
resminama hökümetleri Durnukly ösüş maksatlaryna, Pariž şertnamasyna we Täze
şäher gün tertibine ýetmek üçin çäreleri işjeňleşdirmäge çagyrýar.
mfa.gov