2023-nji
ýylyň 6-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda guramanyň
agza-döwletleriniň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň 10-njy
sebitara mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky
Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rustamowa gatnaşdy.
ÝUNESKO-nyň
Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasynyň çäginde geçirilen mejlise guramanyň
ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň Jogapkär
sekretarlary gatnaşdy.
Duşuşygyň
dowamynda gün tertibindäki möhüm meseleleri, şol sanda hasabatlara syn bermegi,
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn başlangyçlary seljermegi, sebit gurluşlary bilen
ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň arasynda özara gatnaşyk
tejribesini kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşmak meselesine aýratyn üns
berildi.
Bu sebitara mejlis ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň 2022-2029 ýyllar üçin orta möhletli strategiýasynyň we 2026-2029-njy ýyllar üçin býujetiniň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga, guramanyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde we strategiki özgertmelerde Milli toparlaryň orny barada pikir alyşmak üçin platforma bilen üpjün etmäge berk ygrarlylygyny görkezdi.
mfa.gov