2023-nji
ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary
B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň Daşary işler
ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy.
Duşuşyga
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Beýik
Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň
daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Çäre Ýaponiýanyň Daşary işler
ministri Ýoko Kamikawanyň ýolbaşçylygynda geçdi.
Duşuşygyň
barşynda sebit we halkara gün tertibiniň
möhüm ugurlary barada pikir alyşyldy. Oňa gatnaşyjylaryň ünsi aýratyn-da
parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady ösüş, «ýaşyl» özgerişlik we
energiýa çeşmelerinden durnukly peýdalanmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda
hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine gönükdirildi.
Türkmenistanyň
Daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň we «G7»
ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň her bir ýurduň aýratynlyklaryny we
zerurlyklaryny göz öňünde tutup, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we
düşünişmek ýörelgelerine esaslanmalydygyny nygtady. Özara gatnaşyklary
ýygjamlaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiligiň sebitdäki parahatçylygy we
durnuklylygy saklamaga we Merkezi Aziýanyň dünýäniň häzirki zaman ýagdaýlaryna
üstünlikli goşulyşmagy şertlerinde netijeli ulanylyp bilinjekdigine ynam
bildirildi.
Türkmen
tarapy duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji
mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen birnäçe tekliplere
çekdi, olar Merkezi Aziýa we «G7» döwletleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek
nukdaýnazaryndan hem möhüm häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlyk
we durnukly ösüş, wodorod energetikasy, ulag we logistika, howanyň üýtgemegi we
ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlarda, şeýle hem energiýa
kuwwatlylygy ösdürmek, şol sanda, türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça ibermekde
uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
mfa.gov