Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy
Sammitindäki çykyşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji
ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek baradaky teklibi öňe sürdi.
«Mälim
bolşy ýaly, soňky döwürde halkara gatnaşyklary ulgamy öz ösüşiniň kyn döwrüni
başdan geçirýär. Dürli künjeklerde, şol sanda biziň ýurtlarymyza ýakyn
sebitlerde syýasy-strategik ýagdaýlar ýüze çykýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz
belledi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, dünýä jemgyýetçiligi dürli global
wehimler we howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk
ulgamyna oňaýsyz täsir edýän bu çylşyrymly hadysalardan baş alyp çykmak üçin
döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekleri, emele gelen syýasy ýagdaýlara
oýlanyşykly baha bermekleri hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmekleri wajyp
hasaplanýar.
«Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi baradaky
garaýyşlardan ugur almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
78-nji mejlisinde Ählumumy howpsuzlyk Strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky
başlangyç bilen çykyş etdi» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, agzalan Strategiýanyň özara düşünişmäge we
hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde
duran gaýragoýulmasyz meseleleriň çözülmegine, galyberse-de Durnukly ösüş
maksatlaryny amala aşyrmaga ýardam berer.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň
Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde öňe süren
bu wajyp başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmakda goldaw berjekdigine berk
ynanýandygyny aýtdy.
«Gatnaşyklarymyzyň
halkara ölçegleri barada aýtmak bilen, halkara guramalarynyň çäklerinde özara
hereketleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň
ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek
baradaky teklibi orta goýýarys» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
tdh.gov