PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistan we GFR köptaraply hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ugrunda

02.10.2023
Card image cap

         2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Federal daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Ygtyýarly wekili Matias Lýuttenberg bilen duşuşyk geçirdi.

   Duşuşygyň dowamynda taraplar meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlediler.

Syýasy we diplomatik gatnaşyklaryň ösüşi nukdaýnazaryndan taraplar iň ýokary we hökümet derejesindäki aragatnaşyklaryň has-da giňeldilmegini goldadylar.

        Halkara giňişliginde, ilkinji nobatda, BMG-niň ugry boýunça amala aşyrylýan netijeli hyzmatdaşlyk bellenildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň kararnamalaryny we halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin german tarapyna hoşallyk bildirildi. Taraplar şeýle hem Germaniýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen «Merkezi Aziýa + Germaniýa» formatyndaky köptaraplaýyn gepleşikleriň möhümdigini nygtadylar.

       Türkmen-german gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde möhüm gural hökmünde daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň formaty görkezildi.

        Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german toparynyň işini ilerletmek, Ykdysady günleri we işewür forumlaryny geçirmek, şeýle hem German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda çykyş etdiler.

       Şol bir wagtyň özünde, hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň hatarynda gazhimiýa senagaty, «ýaşyl» energetika, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljegi uly bolan ugurlaryna nemes tehnologiýalaryny we maýa goýumlaryny çekmek, agrosenagat toplumy we suw hojalygy kesgitlenildi.

      Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiniň çäginde bilim ugry boýunça, hususan-da, bilim meýilnamalarynyň giňeldilmegi we Türkmenistanda nemes dilini öwretmek babatynda özara gatnaşyklary güýçlendirmek barada pikir beýan edildi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary hökmünde medeniýet, arheologiýa we muzeý işi, saglygy goraýyş ulgamy aýratyn bellenildi.

       Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň arasynda Bilelikdäki jarnama gol çekildi.

 

mfa.gov.tm

 


Bulary hem okaň