«Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy we degişli Karara gol çekildi.
Resminama bilen, Türkmenistanyň degişli ministrliklerine hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna agzalan Maksatnamada we Konsepsiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Resminama «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň halkara syýahatçylyk ugruny, halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýäniň bu ugurlarda ösen döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen kabul edildi.
www.cci.gov.tm