Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika
we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen
topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen
geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň
energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna
ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi, döwletara
gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik
üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny
ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen giň ugurlar boýunça
üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn
ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin
minnetdarlyk bildirip, doganlyk döwletiň Baştutanyna mähirli salamyny we iň
gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de köpasyrlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň bu
gün baý tejribä eýedigini, munuň bolsa syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer
ulgamlarda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin berk
binýat bolup durýandygyny belledi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk özara
ynanyşmak, birek-birege goldaw bermek esasynda ikitaraplaýyn görnüşde, halkara
guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.
Köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda
söwda-ykdysady ulgama aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe
Respublikasynyň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini
eýeleýändigi bellenildi. Şeýle-de ýangyç-energetika, magdan önümçiligi,
ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar babatda netijeli ikitaraplaýyn we
sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz
Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biridigini we Türkiýe bilen
energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge
taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen gazynyň doganlyk
Türkiýe Respublikasyna, soňra Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi möhüm meseleleriň
biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň
martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistan
bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda
hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama hem-de “Türkmengaz” döwlet
konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler
ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi
babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi nygtaldy. Bu
resminamalar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin
möhüm hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen
kenarynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam
edýär. Onuň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti
bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki
ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda ady
agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz türk tarapynyň tekliplerine garamaga
hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda strategik döwletara
hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan
beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
*
* *
Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy
serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen
wekiliýet meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde “Türkmengeologiýa” döwlet
korporasiýasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary
bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika ýaly
pudaklarda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň
geljekki mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň
ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda Türkmenistanda giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalary
amala aşyrmakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, türk tarapy duşuşyga gatnaşyjylary “MTA” kompaniýasynyň
işi bilen tanyşdyryp, bilelikdäki dag-magdan işlerini, şol sanda Köýtendagda
magdan ugry hem-de Garabogazköl aýlagynda seýrek duş gelýän minerallar boýunça
bilelikde iş alyp barmak baradaky teklibi beýan etdi. Öz nobatynda, türkmen
tarapy bu tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Türkiýäniň wekiliýetiniň ýurdumyzyň Energetika
ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde
Türkmenistanda elektrik energiýasynyň, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän
çeşmeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň
ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Öňde
goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde öňdebaryjy dünýä tejribesiniň
özleşdirilmegine, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ileri tutulýan
ugur hökmünde garalýar.
Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy
serişdeler ministri öz wekilçilik edýän döwletinde energetika pudagynyň ösüşi
barada aýdyp, häzirki wagtda elektrik energiýasyny daşary ýurtlardan satyn
almak üçin täze bazarlaryň öwrenilýändigini habar berdi we bu meseläni ara alyp
maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşyklaryň dowamynda türkmen topragynda
bildirilen myhmansöýerlik hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk
derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman
Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Türk tarapy geljekde-de
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
tdh.gov