Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan
möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen,
Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär.
Ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary, pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur
işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň
ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny we degişli tehnikalary ekişe doly taýýar
etmek boýunça çäreler görülýär.
Welaýatyň
ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri bilen
birlikde, oba hojalyk ekinlerine berilýän suw serişdelerini tygşytly we
netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak,
suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Mundan
başga-da, häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň
ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we
agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý hem-de gowaça
ekiljek meýdanlaryndaky alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine
ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda
tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny, gurallary abatlamak, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň
toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak
boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda
ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýeralmanyň we
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär, olaryň ekiljek
ýerlerini, tohumlaryny, tehnikalary möwsüme taýýar etmek boýunça zerur işler
ýerine ýetirilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak, suwaryş we şor suw akabalaryny gazmak, arassalamak babatda
degişli işler geçirilýär.
Şeýle hem
häkim gyş paslynyň dowam edýän döwründe welaýatda medeni-durmuş maksatly
binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy,
tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda
ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň
zerurdygyny belledi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, şu ýylyň
hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, ýokary hilli gowaça tohumynyň ekiş
möwsümine taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň
ekişine taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Sanly ulgam
arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň
welaýatdaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işlerini geçirmek
boýunça degişli çäreler görülýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylýar. Ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary
abatlamak, pagta öndürijileri sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary
hilli gowaça tohumlary bilen doly üpjün etmek boýunça zerur işler durmuşa
geçirilýär. Welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine
taýýarlyk görülýär, hususan-da, bu ekinleriň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny
taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine
taýýarlyk bilen birlikde, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini arassalamak,
suwaryş, şor suw akabalaryny gazmak işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, gyş möwsüminde welaýatdaky ýaşaýyş
jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly
işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün edilmegi yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýazky ekiş möwsümine ýokary guramaçylyk
derejesinde taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin
gowaça ekiljek meýdanlardaky işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda
ýerine ýetirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň,
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynyň, olaryň
tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime
tabşyrdy.
Soňra Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm,
tekizleýiş, çil çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ýuwuş
suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallary abatlamak, pagtaçy kärendeçileri gowaça tohumy bilen
üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda 2024-nji ýylda
gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda
ideg işleri dowam edýär. Sebitde ekilmegi meýilleşdirilýän ýazlyk ýeralmanyň we
beýleki gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny möwsüme
taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynyň daş-töwereklerinde, suwaryş, şor suw akabalarynda arassaçylyk
işleri geçirilýär.
Häkim gyş
paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň,
mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň
ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz,
agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň
bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli
ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine
laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlarynyň möwsüme taýýar edilmegini, ak
ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
geçirilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk
taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam
edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ýazky ekişe taýýarlamagyň çäklerinde ýerleri
sürmek, tekizlemek, geriş çekmek, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri
ýerine ýetirilýär. Welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli
gowaça tohumlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary ekiş möwsümine doly
taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekişine hem taýýarlyk görülýär. Bu ekinleriň ekilmeli ýerlerini,
tohumlaryny taýýarlamak, ekişde ulanyljak gurallary abatlamak işleri ýerine
ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, ekin
meýdanlarynyň daş-töwereklerini, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak
boýunça degişli işler geçirilýär.
Şeýle hem
häkim hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda ýaşaýyş
jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly
işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlaryň, pagtaçy kärendeçiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş
möwsümine doly taýýar edilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň
agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy
häkime tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda
öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde
sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Pagta öndürijileri ýokary
hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin tohumlyk gowaça çigitleri
taýýarlanylýar, ýazky ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalary we gurallar
abatlanylyp, möwsüme taýýar edilýär. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň
welaýatlarynda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň
bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň esasy wezipe bolup durýandygyny
belledi hem-de ýurdumyzyň ak ekin meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlaryň, ýokary
hilli gowaça tohumlarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň ýazky ekiş
möwsümine taýýar edilmegini, ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine
talabalaýyk taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere
tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda şu ýyl üçin göz öňünde
tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm talap bolup
durýandygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler babatda birnäçe
görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatlardaky
medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini,
ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün
edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov