Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň
Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Hormatly
Prezidentimiz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara
alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň
Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we
pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar
birek-birege hormat goýmaga, müňýyllyklardan gözbaş alýan hoşniýetli
goňşuçylyga esaslanýar.
Pursatdan
peýdalanyp, Eýranyň Prezidenti özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga
we hemmetaraplaýyn ösdürmäge ägirt uly şahsy goşant goşan türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza
mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Söhbetdeşligiň
dowamynda iki döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň
häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde,
däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak esasynda
ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky
hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barlyp, hil taýdan täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrylýar.
Muňa
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
dostlukly goňşy ýurda amala aşyran saparlary gönüden-göni ýardam edýär. Şol
saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin iki
tarap hem uly tagalla edýär. Biz bu gün birnäçe ugurlarda anyk netijeleriň
gazanylýandygyny görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen
belledi.
Söwda-ykdysady
ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
hatarynda görkezildi. Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki
türkmen-eýran hökümetara toparynyň wajyp ähmiýetiniň bardygy aýratyn
bellenildi. 17-18-nji noýabrda Aşgabatda bu toparyň 17-nji mejlisi geçirildi.
Şeýle hem onuň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi,
Türkmen-eýran işewürlik maslahaty guraldy.
Söhbetdeşligiň
barşynda bellenilişi ýaly, türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklary esasy üç
ugurda işjeň alnyp barylýar. Tebigy gaz pudagy onuň esasy ugurlarynyň biridir.
Şunda türkmen tebigy gazyny Eýrana we onuň çäklerinden “swap” görnüşinde üçünji
ýurtlara ibermek meselesi barada bellemek bolar. Elektroenergetika pudagy-da
türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Ulag ulgamy hem döwletara gatnaşyklaryň ösmeginde uly orun tutýar. Bellenilişi
ýaly, ýurdumyz bu ulgamda Eýran bilen özara hereketleriň giňeldilmegine hem-de
ýük gatnawlarynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen
baglylykda, awtomobil ýollaryny gurmak babatda bilelikde işlemegiň oňyn
tejribesiniň toplanandygy nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary
berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara
baýlaşdyrmakda uly orun eýeleýändigini nygtap, ylym, bilim, medeniýet, sungat,
sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga
uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, wekiliýetleriň özara
saparlarynyň yzygiderli guralmagy, döredijilik duşuşyklary we maslahatlar iki
dostlukly goňşy halkyň taryhy-medeni, ylmy-edebi mirasyny wagyz etmäge ýardam
berýär. Şunda 2024-nji ýylda tutuş dünýäde uly sarpa goýulýan görnükli türkmen
şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygynyň hormatyna guraljak bilelikdäki möhüm çärelere üns çekildi.
Telefon
arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Eýran Yslam
Respublikasynyň Prezidenti birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet
işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa
parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Telefon
arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
tdh.gov