Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet
durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda raýat-hukuk gatnaşyklaryny ösdürmek,
döwletimiziň býujet ulgamynyň işini we dolandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmak,
Pensiýa gaznasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, Döwlet arassaçylyk we
keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işlerini has-da
kämilleşdirmek, maýyplygy bolan adamlaryň dürli derejeli halkara sport
ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny düzgünleşdirmek, ýaş alymlaryň ylmy işler bilen
meşgullanmagy üçin has giň mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzda sport ulgamynda
amala aşyrylýan işleri Bütindünýä dopinge garşy göreş agentliginiň kodeksine
laýyk getirmek, adwokatura we adwokatlyk işi, raýat ýagdaýynyň namalary,
tohumçylyk işi bilen bagly kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary
girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Şeýle hem Nikaragua
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden
ynanç haty kabul edildi. BMG-niň halkara bilermeni bilen geçirilen duşuşygyň
barşynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly
ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly
maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işlere syn berildi. Mejlisiň
deputatlary BMG-niň Çagalar gaznasynyň, ÝHHG-niň ýurdumyzyň degişli döwlet
edaralary bilen bilelikde geçiren çärelerine gatnaşdylar. Bulardan başga-da,
deputatlar Özbegistan Respublikasynyň Daşkent, Belarus Respublikasynyň Minsk,
Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherlerinde iş saparlarynda boldular, ÝHHG-niň
Parlament Assambleýasynyň Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçirilen 31-nji
ýyllyk mejlisine gatnaşdylar. Deputatlaryň döwlet syýasatyny, “Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy we syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini,
kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz
etmek boýunça degişli işleri alyp barýandyklary barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz häzirki
döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp
taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, bu
ugurda alnyp barylýan işleri düýpli kämilleşdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň
pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary
ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa
geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” karzlaşdyrmakda onlaýn
ýüztutmalar arkaly berilýän karzlaryň möçberini artdyrmak we onlaýn
karzlaşdyrma amallaryny kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak
wezipesi öňde goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň
“Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan öz müşderileri bolan fiziki
şahslar üçin işlenip taýýarlanylan “Sanly karz” ulgamynyň mümkinçilikleri we
artykmaçlyklary barada habar berdi. Hyzmatlaryň bu görnüşi internet ulgamy
arkaly müşderilere uzak aralykdan hyzmat edilmegini, şol sanda banklar
tarapyndan raýatlar üçin karzlaryň resmileşdirilmeginde sanly ulgamyň kömegi
arkaly ýeňillikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny, bank hyzmatlarynyň hilini
ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga yzygiderli üns berilýändigini
kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz «Halkbank» paýdarlar täjirçilik
banky tarapyndan fiziki şahslar üçin niýetlenen «Sanly karz» ulgamyny ulanyşa
girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz
üpjünçilik ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde
tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda zerur
çäreler görülýär, hususan-da, täze tehnologiýalara laýyklykda, tebigy gazy sarp
edýän hojalyklarda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnamak boýunça degişli
işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ilatymyzy, edara-kärhanalary tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen
howpsuz hem-de ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berýän döwrebap gaz
hasaplaýjy enjamlaryň gurnalmagynyň wajypdygyny belledi. Gaz üpjünçilik
desgalarynyň önümçiligine has kämil aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy bolsa
sarp edilýän tebigy gaza gözegçiligi has-da güýçlendirmäge mümkinçilik berer
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba
hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda
galla oragy dowam edýär, ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak üçin
hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak işleri
geçirilýär. Diýarymyzda 2025-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri
ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, häzirki wagtda galla oragyndan boşan
meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär, bugdaý tohumlaryny, oba hojalyk
tehnikalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg
işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak boýunça zerur tagallalar edilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň
şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant
şugundyrynyň ekişini geçirmek, gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk toplumyny ösdürmegi dowam etmegiň, welaýatlarda
galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine
tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegiň, bu ugurda tehnikalaryň doly
güýjünde we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş
möwsümine taýýarlamak boýunça hem degişli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi
çekdi. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk
geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak, beýleki möwsümleýin oba hojalyk
ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini-de talabalaýyk alyp barmak
zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu babatda
degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni
tarapyndan içerki sarp edijileri himiýa önümleri, hususan-da, himiýa we
nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde ulanylýan suwuk hlor bilen üpjün etmek
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu serişdäni bildirilýän talaplara
laýyklykda saklamak maksady bilen, “Balkanabat” ýod zawodynyň Jebel ýük
saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini himiýa önümleri bilen üpjün
etmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrebap guramaga möhüm ähmiýet bermegiň
zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň Jebel ýük
saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan
teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew goňşy döwletler bilen özara bähbitli
söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ikitaraplaýyn daşary ykdysady gatnaşyklary
mundan beýläk hem ösdürmek hakynda 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda gol
çekilen Ylalaşyga laýyklykda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Özbegistan Respublikasynyň biziň iň ýakyn hyzmatdaş
döwletlerimiziň biri bolup durýandygyny belledi we goňşy ýurtlar bilen
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny
aýtdy hem-de hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylda Ahal welaýatynda Medeniýet
hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, asylly däbe
görä, bu döredijilik çäresi her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de
Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralýar. Şu ýyl bu sungat
baýramçylygy Arkadag şäherinde geçirildi. Onuň çäklerinde milli medeni mirasy
wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler guraldy. Hasabatyň dowamynda
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2025-nji ýylda Medeniýet
hepdeligini Ahal welaýatynda geçirmek baradaky degişli resminamanyň taslamasyny
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
medeniýet ulgamyny yzygiderli ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup
durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen medeniýetini we sungatyny
has-da kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz Medeniýet
hepdeligini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek
maksady bilen, «Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda» Karara
gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp
taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibini tassyklamak
hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetimiziň
şu günki we geljekki ösüşleri üçin berk binýadyň döredilmegine aýratyn ähmiýet
berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň kämil kanunçylyk-hukuk binýady kemala
getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işiniň
ileri tutulýan ugurlary boýunça döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň amala
aşyrylyşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, täze işläp taýýarlamalaryň,
öňdebaryjy usullaryň, tejribeleriň we tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň
soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmak, maksatnamalary
işläp taýýarlamak, maliýeleşdirmek bilen bagly gatnaşyklaryň
düzgünleşdirilişini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasy tarapyndan degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ýurdumyzda ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň,
maliýeleşdirmegiň we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň möhümdigine
ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam
arkaly wise-premýere iberdi hem-de ylym ulgamynda täze işläp taýýarlamalary,
öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, ylmyň, tehnikanyň soňky gazananlaryny
önümçilige ornaşdyrmagy has-da çaltlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Gündogar
Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän
işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri Ýewropa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmekden ybaratdyr. Hususan-da, Ýewropa Bileleşigine agza bolan Gündogar
Ýewropa ýurtlary, ýagny Polşa, Wengriýa, Çehiýa, Rumyniýa we Slowakiýa bilen
ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça netijeli işler alnyp
barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan birnäçe
teklipler taýýarlanyldy.
Türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny
giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň 17-nji iýunynda Warşawa şäherinde iki ýurduň
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň
barşynda dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir
alşyldy. Şeýle hem “Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň
arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama” gol çekildi.
Gepleşikleriň dowamynda polýak tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek
maksady bilen, Warşawada Türkmenistanyň konsullyk edarasyny ýa-da nokadyny
açmak meselesiniň oňyn ýagdaýda çözülmegine gyzyklanma bildirdi. Bu teklibi
içgin öwrenmek üçin şu ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň degişli döwlet
düzümleriniň wekillerini Polşanyň paýtagtyna iş saparyna ibermek teklip
edilýär.
Şeýle hem ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek meselesi ara alnyp
maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bu ugurda polýak tarapy bilen degişli işler
alnyp barylýar. Medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň geljegi, şol sanda
muzeýleriň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir
alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň dowamynda Warşawada
ýurdumyzdaky muzeý eksponatlarynyň, şol sanda polýak medeniýetine degişli
gymmatlyklaryň sergisini guramak boýunça işleriň geçirilmegi teklip edilýär.
Polýak tarapy şu ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy”
medeni-seýilgäh toplumynda meşhur şahyr Adam Miskewiçiň heýkeliniň
oturdylandygy üçin hoşallygyny beýan etdi.
Türkmenistan bilen Wengriýany
hem dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen
baglylykda, ilkinji nobatda, ýokary derejedäki özara saparlary bellemek gerek.
Mälim bolşy ýaly, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban 2023-nji ýylyň
iýunynda Türkmenistanda saparda boldy. Şol ýylyň awgustynda bolsa hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.
Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 18-nji iýunynda Budapeşt şäherinde
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Saparyň
çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň
Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy.
Netijeli türkmen-wenger dialogyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň altynjy mejlisini geçirmek teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, wenger tarapynyň çakylygy boýunça, şu ýylyň 7 — 11-nji awgustynda Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýada geçiriljek “Kurultaý” medeni çäresine gatnaşar. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Medeniýet günlerini we bu ýurtda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyşy bilen bagly dabaraly çäreleri guramak teklip edilýär. Wenger tarapy hem “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda bu ýurduň meşhur şahyry Şandor Petefiniň heýkeliniň oturdylandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Bilim ulgamynda özara gatnaşyklar bilen baglylykda, “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.
Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri şu ýylyň 20-nji iýunynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Pragada geçirilen syýasy geňeşmeleriň gün tertibine girizildi. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Çehiýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary bilen hem duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe teklipler, şol sanda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň ýa-da Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek, 2025-nji ýylda Çehiýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza saparyny guramak baradaky teklipler taýýarlanyldy.
Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň wajyp hyzmatdaşlarynyň biri hem Rumyniýadyr. 2008-nji ýyldan bäri ýokary derejedäki özara saparlaryň we duşuşyklaryň 5-si geçirildi. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda duşuşyklar yzygiderli guralýar. Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn hökümetara topary hereket edýär, energetika we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, bu ugurlardaky ýörite iş toparlarynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim ulgamynda gatnaşyklar okgunly ösdürilýär.
Döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen,
17-18-nji iýulda Buharest şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek, şeýle hem şu ýylyň ikinji ýarymynda Buharestde hökümetara toparyň 8-nji mejlisini guramak boýunça zerur işleri amala aşyrmak teklip edilýär. Şonuň bilen birlikde, 2025-nji ýylda Rumyniýa ýokary derejedäki sapary guramak baradaky teklip beýan edildi.
Ýurdumyzyň Slowakiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Döwletara dialogy täze derejä çykarmak, syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 16-17-nji iýulynda Bratislawada Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek teklip edilýär. Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Slowakiýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygyň göz öňünde tutulýandygyny, slowak kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini nazara almak bilen, şu ýylyň 4-nji çärýeginde ýurdumyza dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň saparyny guramak teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işi tamamlamak hem-de şoňa laýyklykda, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Bratislawada hökümetara türkmen-slowak toparynyň mejlisini geçirmek baradaky teklip aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty esasynda dünýä ýurtlary, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň zerur ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça zerur işleri geçirmegi dowam etdirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gämigurluşyk hem-de gämi abatlaýyş işlerini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagaty ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýerli çig maly önümçilikde, şol sanda gämileri arassalamakda ulanmak hem-de ony daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiliginiň öwrenilýändigi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gämi gurluşygy bilen bir hatarda, gämi abatlaýyş işleriniň hem kämilleşdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli işlerde ýerli çig maly ulanmak baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov