7-nji martda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan
meselelerine garaldy.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň
we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde “Energiýany
tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa
işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de Maşgala we Raýat iş ýörediş
kodekslerine, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, “Weterinariýa işi
hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek
hakynda kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň
halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak boýunça işler dowam
etdirilýär.
Abraýly halkara
düzümler we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda
durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda,
ÝHHG-niň Baş sekretary bilen geçirilen duşuşyk hakynda habar berildi. Duşuşygyň
barşynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kanun
çykaryjylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň deputatlary ÝHHG-niň
Aşgabatdaky merkeziniň we BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň
Aziýa ýurtlary üçin sebit merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen
bilelikde guran maslahatlaryna, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament
Birleşiginiň Konferensiýasynyň 18-nji maslahatyna gatnaşdylar.
Şeýle hem
deputatlaryň döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzyň gazanýan
üstünliklerini, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, giňden wagyz
etmek hem-de milli kanunçylygyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek
boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýandygy aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk
gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň,
bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli ykdysadyýetiň okgunly
ösdürilmegini üpjün etmek we ilatyň ýokary hilli azyk önümleri bilen
üpjünçiligini gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, azyk önümlerini öndürýän paýdarlar jemgyýetlerini
dolandyrmagy kämilleşdirmek we olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini özgertmek
maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesini
Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek we olaryň binýadynda süýt
önümlerini we ýag öndürýän zawodlary döretmek baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady
ýagdaýyny yzygiderli seljermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň
bilen baglylykda, azyk önümlerini öndürýän açyk görnüşli paýdarlar
jemgyýetleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Munuň özi
Türkmenistanda ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmaga
ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet
konserni tarapyndan çuň guýularda barlag işlerini geçirmek hem-de uglewodorod
serişdelerini çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan
nebiti we gazy çykarmak bilen bagly işleri netijeli ýerine ýetirmek babatda
zerur çäreler amala aşyrylýar. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni
tarapyndan nebit çykarmakda adaty guýulardan tapawutly bolan çuň guýularyň
önümli gatlaklaryny barlamak hem-de özleşdirmek işini halkara tejribä
laýyklykda alyp barmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, guýularyň
önümçiligini ýokarlandyrmak we täze çuň guýulary burawlamak üçin nebitgaz
ýataklarynda döwrebap ugurdaş enjamlar, tehniki serişdeler bilen üpjün etmek
babatda ähli şertler döredilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň
çykarylýan möçberini artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny
belledi hem-de nebitgazly känlerde çuňlugy 7 müň metrden geçýän guýularda
degişli işleri geçirmäge mümkinçilik berjek täze enjamlar we serişdeler bilen
üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi wise-premýere
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek arkaly azyk bolçulygyny
has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri, şol sanda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen
birlikde, gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri, ekin
meýdanlarynda tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri dowam etdirilýär. Oba
hojalyk tehnikalary, gurallar möwsüme taýýarlanylýar.
Şeýle hem
16-njy martda ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ählihalk
bag ekmek dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Ekerançylyk
meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin goşmaça suw gorlaryny
döretmek we suw serişdelerini rejeli ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak babatda ähli tagallalar edilýär. Mundan başga-da, suwaryş we şor
suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişini agrotehniki
möhletlerde geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda
ideg işlerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere welaýatlarda meýilleşdirilen beýleki möwsümleýin oba hojalyk
işlerine, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabatda meýilleşdirilen täze
awtomobil köprüsiniň gurluşygy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň ähli
welaýatlarynda dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly halkara ölçeglere
laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak, bar
bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen
baglylykda, Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen “Täze zaman” ýaşaýyş
toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsini
gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary
hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak hem-de durkuny täzelemek
işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde täze awtomobil köprüleri gurlanda,
döwrebap binagärlik-gurluşyk talaplaryndan ugur alynmalydygyny nygtap, wise-premýere
bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergini we
maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hormatly
Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Kararyna laýyklykda,
meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, degişli işler
alnyp barylýar.
Şunuň bilen
baglylykda, şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda degişli sergini geçirmegiň
göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
dürli ugurlarda iş alyp barýan 230-dan gowrak agzasy öz önümlerini hödürlärler,
şu döwürde gazanan üstünliklerini görkezerler. Oňa gabatlanyp geçiriljek maslahatda
telekeçileriň ýeten sepgitleri we olaryň öňünde durýan täze wezipeler,
hususan-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” hususy ulgamy ösdürmek babatda
kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp
maslahatlaşylar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, hususy telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge
gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetde hususy pudagyň
tutýan ornunyň barha artýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen serginiň hem-de
maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtady we
wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Milli bahar baýramy — Halkara
Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň 21-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki
“Nowruz ýaýlasynda” Ahal welaýaty hem-de Aşgabat şäheri boýunça Halkara Nowruz
güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyny geçirmek bilen bagly degişli taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Ýörite meýilnama laýyklykda, türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, şeýle hem “Nowruznama” kitaby esasynda
taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, bu ýerde özboluşly türkmen obasy döredilip, onda türkmen
halkynyň milli däp-dessurlary giňden beýan ediler. Şunuň bilen birlikde,
amaly-haşam sungatynyň sergisini, döredijilik toparlarynyň konsertini, milli
oýunlary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny guramak
meýilleşdirilýär.
Şeýle hem
ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary, Arkadag şäheri boýunça
baýramçylyk dabaralaryny, degişlilikde, welaýat merkezlerindäki “Türkmeniň ak
öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Arkadag şäherindäki
baýramçylyk meýdançasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Dabaralaryň ählisinde
türkmen halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginliligi aýdyň beýanyny tapar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, 21-nji martda Halkara Nowruz güni mynasybetli
baýramçylyk dabarasynyň ýokary derejede geçirilmeginiň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag
şäherlerinde Milli bahar baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk
dabaralarynyň giňden guralmagyny hem-de ýokary guramaçylyk derejesini üpjün
etmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow «Gadymy Amul galasy: geçmişiň
syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldawy esasynda Birleşen
Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy
(ÝUNESKO) bilen özara hyzmatdaşlyk has-da berkidilýär. “Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” ýylynyň 25-26-njy aprelinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan —
Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň
sanawyna girizilmegi mynasybetli «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň
goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli
toparynyň sekretariatynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikdäki
tagallalary esasynda guralar.
Ilkinji gezek
geçirilýän halkara ylmy maslahatyň esasy maksady dünýäniň ylmy
jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň
ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala çekmek
bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady
döretmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden, olary halkara giňişlige
giňden ýaýmakdan ybaratdyr. Maslahata ýurdumyzdan, şeýle hem daşary ýurtlardan
taryhçylaryň, arheologlaryň, Gündogary öwrenijileriň, ýaş alymlaryň,
ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli mirasymyzy, taryhy
ýadygärliklerimizi aýawly saklamagyň we dünýä ýaýmagyň döwlet syýasatynyň esasy
ugurlarynyň biridigini nygtady. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amul
galasy hem türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň mekany bolup durýar
diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere «Gadymy Amul galasy:
geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmegi we onuň işine alymlaryň giňden gatnaşmagyny
üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi
barada hasabat berdi.
Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ykdysady, ekologiýa,
ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň
esasynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Döwletimiziň milli
maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk
getirmek, BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň
çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan —
Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek teklip
edilýär.
Bu geňeşiň işi
degişli wezipeleri çözmäge gönükdiriler. Şolaryň hatarynda BMG-niň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalary taýýarlamak, seçip almak,
tassyklamak bilen bagly işleri utgaşdyrmak we Türkmenistanyň Hökümetine bu
babatda teklipleri taýýarlamak wezipesi bar. Şeýle hem guramanyň çäklerinde
halkara başlangyçlary öwrenmek, türkmen tarapy üçin maksadalaýyklygyna görä,
olara goşulmak we goldamak babatda teklipleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasyndan” we ýurdumyzda kabul edilen hereketleriň milli
meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine syn etmek, olary
iş ýüzünde amala aşyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy
bilen hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň
möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bu gurama bilen
hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge aýratyn üns bermek zerurdyr. Döwlet
Baştutanymyz «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat
beriş geňeşiniň işiniň wajypdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler
ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da,
“Türkmendemirýollary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçy we ýük
otlularynyň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň demir
ýollarynda döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli düýpli abatlaýyş işlerini
geçirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, döwletimizde demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýolagçy we ýük otlularynyň hereket
howpsuzlygyny üpjün etmek üçin demir ýollarda düýpli abatlaýyş işlerini
geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtap, bu babatda
agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir
Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň dabaraly bellenilip
geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bagtyýar döwrümizde
zenanlarymyz ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda amala aşyrýan
özgertmelerimiziň durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekip, ata
Watanymyzyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz mähriban enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen
tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
abadançylyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov