Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe
resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler
maksatnamalarynyň hukuk esaslaryny kemala getirmäge, pudaklaryň işiniň
netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary kabul etmek we hereket edýän
kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi. Hususan-da, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň,
“Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli
peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak
işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.
Şeýle-de
daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary
pugtalandyrmak boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada habar berildi.
Hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy deputatlaryň Germaniýanyň
Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň Türkmenistanda Durnukly ösüş
maksatlaryny durmuşa geçirmek, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň ýurdumyzdaky
wekilhanasynyň ekoulgamlary gorap saklamak bilen baglanyşykly meseleler boýunça
guran çärelerine gatnaşandyklaryny belledi.
Mejlisiň
deputatlary öz saýlaw okruglarynda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek strategiýasynyň
maksatlaryny hem-de wezipelerini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny
düşündirmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, amala aşyrylýan oňyn
özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça degişli işleri alyp
barýarlar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalary işlenip
taýýarlanylanda, olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini
belledi. Bu kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny
görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilmelidir
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly
Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler
Kabinetiniň mejlisiniň barşynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi. Hususan-da, şu ýylyň 20-nji dekabryna çenli eýeçiligiň görnüşine
garamazdan, ähli edara-kärhanalar tarapyndan zähmet haklarynyň doly tölenendigi
barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, pensiýalar, döwlet kömek pullary,
talyp we diňleýji haklary hem doly tölenildi.
Soňra
wise-premýer Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maslahat beriş hyzmatlaryny
ýerine ýetirmek babatda şertnama baglaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bank işini kämilleşdirmäge, bu
ulgama döwrebap halkara ülňüleri ornaşdyrmaga, dünýäniň abraýly maliýe
düzümleri we ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen anyk
çäreler durmuşa geçirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň bank ulgamy bilen bagly işleri
yzygiderli kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýere halkara tejribeden ugur alyp, bu babatda
degişli işleri geçirmek tabşyryldy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebithimiýa senagatyny
kämilleşdirmek hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna
“Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň
bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada
hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek maksady bilen,
döwlet konserniniň düzümlerinde zerur işler, hususan-da, Seýdiniň nebiti
gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp
barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda önümçilik kärhanalarynyň,
hususan-da, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň doly taslama kuwwatynda
işledilmeginiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny nygtady. Döwlet
Baştutanymyz bu zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi
çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň
welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek
maksady bilen, ekin meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda alnyp barylýar. Ýygnalan pagta hasylyny talabalaýyk saklamak, ýokary
hilli gaýtadan işlemek boýunça degişli işler geçirilýär. Geljek ýylyň pagta
hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we
tekizleýiş, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny taýýarlamak işleri alnyp
barylýar. Şeýle hem maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak we
olaryň ýyly, dok gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça netijeli çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler ýurdumyzyň
welaýatlarynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen
baglylykda, oba hojalyk işleriniň talabalaýyk guralyşyna gözegçiligi has-da
güýçlendirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistany senagat taýdan
ösen ýurda öwürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda alnyp
barylýan işler hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerli çig mal
serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, hususan-da, “Guwlyduz”
kombinatynda täze önümçiligi ýola goýmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan
bäsdeşlige ukyply ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin
häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleri ýola goýmak
maksadalaýyk hasaplanýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynda
netijeli we sazlaşykly işiň guralmagynyň berk talap bolup durýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz konserniň «Guwlyduz» kombinatynda
täze önümçiligi ýola goýmak boýunça teklipleri goldady we wise-premýere bu
ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma pudagyny mundan beýläk-de
ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Dokma senagaty
ministrliginiň garamagynda önümçilik kärhanalarynyň onlarçasy hereket edip,
olara dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary
ornaşdyryldy. Bu kärhanalarda öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarda
uly islegden peýdalanýar. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna
laýyklykda, kärhanalary önümçilik serişdeleri bilen üpjün etmek üçin daşary
ýurt kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzyň ýokary
depginde ösýän dokma pudagynda täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň döwrüň
talabydygyny belledi. Şoňa görä-de, bu ulgamda halkara tejribeden ugur
alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli işleri
ýola goýmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylyň ýanwar aýynda
geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, täze, 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde
dürli forumlary, duşuşyklary, sergileri, konsertleri, aýdym-sazly dabaralary
guramak göz öňünde tutulýar, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde
“Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny
geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň netijelerini jemlemek
meýilleşdirilýär.
Hasabatyň
dowamynda täze ýylyň ilkinji gününde göz öňünde tutulan dabaralar barada
aýratyn durlup geçildi. Hususan-da, Söwda-senagat edarasynyň binasynda çagalar
üçin baýramçylyk çäreleri guralar, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet
sirkiniň, welaýatlaryň hem-de Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançalaryndaky
baş arçanyň ýanynda köp sanly dabaralar geçiriler.
Geljek aýyň
esasy çäreleriniň hatarynda şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi,
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň
gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary we maslahat, “Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan —
Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä
mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat, Dokma senagaty
ministrliginiň Modalar öýünde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi, zehinli
çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy, 2024-nji
ýylda Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi
mynasybetli maslahat we sergi bar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek çärelere
gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Bu çäreler Garaşsyz ýurdumyzyň
täze sepgitlere tarap batly gadamlaryny giňden açyp görkezmelidir. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow degişli ministrlikler we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Täze ýyl baýramyny hem-de 2024-nji
ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş
günlerini geçirmek boýunça taýýarlanylan meýilnamalar barada hasabat berdi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Täze ýyl baýramçylyk dabaralary
çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, medeni-dynç alyş
merkezlerinde, seýilgählerde guramaçylykly geçirilýär. Körpelere we
ýetginjeklere niýetlenen sahna oýunlarydyr kinofilmleriň görkezilişi, ýaşlaryň
arasynda döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýerlerine,
muzeýlere gezelençler göz öňünde tutulýar.
Ýetip gelýän
2024-nji ýylyň birinji gününde, asylly däbe eýerip, Söwda-senagat edarasynda
Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasynda Döwletliler köşgünde
terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar. 1 — 10-njy ýanwar
aralygynda bu ýerde çagalaryň jemi 4 müňüsine sowgatlar berler.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralary ýokary
derejede geçirmegi hem-de mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini
talabalaýyk guramagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinden gelip gowşan hoş habar barada
aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň
dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek
üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» hem-de «Durnukly
ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny»
atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu wakanyň Gahryman Arkadagymyzyň
durnukly ulag we energetika babatda öňe süren strategik başlangyçlarynyň
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli
durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanydygy nygtaldy. Şol başlangyçlar
dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp boldy.
Döwlet
Baştutanymyzy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu daşary syýasy üstünlik bilen
tüýs ýürekden gutlap, wise-premýer, daşary işler ministri Arkadagly Gahryman
Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, ýurdumyzyň rowaçlygy,
türkmenistanlylaryň abadançylygy, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da
belende galdyrylmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen syýasy, durmuş-ykdysady,
ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan
işler barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, abraýly halkara guramalar bilen
gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen köpýyllyk
hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini bellemek gerek. Bu däp bolan
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak maksady
bilen, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklipleri hödürledi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň
78-nji sessiýasynda eden çykyşynda BMG-niň Tertipnamasynyň kadalary we halkara
hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk
strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga
girişmegi teklip etdi. Bu başlangyjy amala aşyrmak, şeýle-de agzalan
Strategiýanyň esasy ugurlaryny we many-mazmun taýdan görnüşini kesgitlemek
maksady bilen, BMG-niň çäklerinde degişli iş toparyny döretmegi öwrenmek
meselesine garamak teklip edilýär. Onuň düzümine Bitaraplygyň dostlary toparyna
girýän döwletleriň wekilleri girip bilerler.
Häzirki
wagtda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen
baglylykda, 2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabatdaky BMG-niň
wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistan bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar
üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň» çäklerinde döredilen degişli
Milli iş toparlarynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2026 —
2030-njy ýyllar üçin şeýle maksatnamany taýýarlamagyň maksadalaýykdygy
bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde
degişli işe başlamak teklip edilýär.
Şeýle-de
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça pudagara toparynyň çäginde howanyň
üýtgemegi meseleleri boýunça hünärmenler toparyny döretmek we bu topara
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP28) kararlaryndan
gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin “Ýol kartasyny” işläp düzmegi
tabşyrmak teklip edilýär. Türkmenistanda geçirilen Ýaşlar maslahatynyň
netijeleri boýunça we türkmen ýaşlarynyň BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen
18-nji Bütindünýä ýaşlar maslahatyna gatnaşmagy esasynda 2024-nji ýyl üçin
howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we uýgunlaşmak boýunça iş meýilnamasyny
taýýarlamak hem teklip edilýär.
Ýurdumyzyň
ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri adamlaryň azatlyklaryny we
hukuklaryny goramaga gönükdirilendir. Bu babatda öňde goýlan wezipeleri amala
aşyrmakda Türkmenistanyň Adalatçysynyň ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň mümkinçiliklerini
güýçlendirmek maksady bilen, Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda çagalaryň,
zenanlaryň we telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugurlary açmak
meselesini öwrenmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy
bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny
tassyklady. Döwlet Baştutanymyz BMG bilen gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlara
aýratyn üns bermegiň hem-de öňe sürülýän başlangyçlar boýunça netijeli işleri
alyp barmagyň zerurdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli
tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy
boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Howa kodeksine, “Ulag
howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Halkara raýat awiasiýasy
guramasynyň degişli standartlaryna hem-de tejribesine laýyklykda, uçuşlaryň
ýokary derejedäki howpsuzlygyny, durnuklylygyny, netijeliligini üpjün etmäge,
bu ulgamda hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen utgaşykly işler
geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny
kämilleşdirmek işinde onuň howpsuzlyk meselesine uly ornuň degişlidigini
nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda işiň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün
etmek maksady bilen, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy
boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, resminamany sanly
ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň
dowamynda M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, şanly senäni dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli
çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan
degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde
Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny sanly we neşir görnüşinde taýýarlamak,
Magtymguly Pyragy portalyny döretmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, halkara derejede geçirilýän çäreleriň ähmiýetini wagyz etmek
maksady bilen, ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak
boýunça döredijilik bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygy bilen bagly köp çäreleriň geçiriljekdigini nygtap, akyldar
şahyrymyzyň şanly toýy mynasybetli poçta markalaryny goýbermek we olaryň şekil
taslamasyny düzmek üçin döredijilik bäsleşigini ýokary derejede geçirmegiň
zerurdygyny belledi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna
we watandaşlarymyza ýüzlenip, Täze ýylyň öň ýanynda Birleşen Milletler
Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habarlaryň
gelip gowşandygyny belledi. 19-njy dekabrda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň
78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň
başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly
energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek
üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan
kabul edildi.
Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen öňe sürlüp, ozal hem birnäçe gezek ykrar
edilen bu halkara resminamalara dünýä ýurtlarynyň köp sanlysynyň awtordaş bolup
çykyş etmegi olaryň tutuş adamzat üçin örän möhümdigini görkezýär diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli
başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň örän ýokarydygynyň nobatdaky
güwäsi boldy.
Türkmenistan
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge
gönükdirilen netijeli garaýyşlary we başlangyçlary giňden goldaýar diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we geljekde-de Birleşen
Milletler Guramasy bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam
etdiriljekdigini belledi.
Çykyşynyň
ahyrynda döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we ähli watandaşlarymyzy
gelip gowşan hoş habarlar — ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov