PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

09.12.2023
Card image cap

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,7 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 100,7 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah matalaryň öndürilişi 107,1 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň öndürilişi 104,5 göterime, gön önümleriniň öndürilişi 100 göterime deň boldy. Şu ýylyň on bir aýynda 444 million 974 müň manatlyk maýa goýumlar özleşdirildi. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýylyň başyndan bäri 275 sany birža söwdasy geçirilip, 27 müň 762 sany şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,9 göterime barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 26 sergi we 78 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwründe oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,4 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň uly isleg bildirýän harytlarynyň möçberini artdyrmagy dowam etdirmegiň, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümleriň, harytlaryň bol we elýeterli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

tdh.gov


Bulary hem okaň