Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda
ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de
öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine
ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen dokuz aýyň dowamynda
Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Türkmenistanyň “Magtymguly
Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly
Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Kanunlar,
ýurdumyzyň daşary syýasat başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen
baglanyşykly başga-da birnäçe Kanunlar kabul edildi. Şeýle hem hereket edýän
kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň
kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, Raýat, Maşgala, Býujet, Zähmet, Ilaty
durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara
degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly Kanunlar,
Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet
gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin deputatlaryň gatnaşmagynda kanun
çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri boýunça okuw sapaklary
guraldy. Ýylyň başyndan bäri daşary döwletleriň Türkmenistandaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçileriniň 14-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary
ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň çäklerinde duşuşyklaryň 30-dan gowragy geçirildi. Deputatlar
kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça maslahatlaryň 91-sine gatnaşdylar.
Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurtlara iş
saparlarynyň 28-si guraldy. Şeýle-de Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşleri,
täze taryhy döwürde öňde goýlan maksatlary giňden wagyz etmek, kabul edilýän
kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek üçin deputatlaryň ençeme
çärelere gatnaşýandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de
pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýurdumyzda gazanylan
makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa
geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim
artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,5 göterime, gurluşykda 9,3 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,8 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda
5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň üç çärýeginde bölek
satuw haryt dolanyşygy 11,2 göterim köpeldi. Daşary söwda dolanyşygynda hem
oňyn görkezijiler gazanyldy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,4 göterim,
çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta
kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä,
10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet
haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda
maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen
düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
16,6 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda
gurulmagy we durky täzelenilmegi meýilleşdirilen desgalar boýunça ýerine ýetirilen
işler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum
Maksatnamasynyň», şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamalaryny
seljermegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, wise-premýere bu ugurda
alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri
görmek tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda 2024-nji
ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan
tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda-da aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet
konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,6 göterime deň boldy. Şu
ýylyň dokuz aýynda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan
işlemegiň meýilnamasy 104,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,9
göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 105,9 göterim, tebigy we
ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 100,3 göterim, mawy ýangyjy daşary ýurtlara
ibermegiň meýilnamasy 101,7 göterim ýerine ýetirildi. Şunuň bilen bir hatarda,
dizel ýangyjyny, polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça gazanylan
tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz
pudagynyň kärhanalaryny we önümçiliklerini doly güýjünde, durnukly işletmek
üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny nygtap,
wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagynda
önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 126,3
göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 101,9 göterime, Daşky
gurşawy goramak ministrligi boýunça 120,1 göterime, Suw hojalygy baradaky
döwlet komiteti boýunça 142,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça
100 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 226,4 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 119,8 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 102,4 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 340,6 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda
bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek, ýetişdirilen
pagta, şaly hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy
aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm
berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, maldarçylyk hojalyklarynda mallar
üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek işleri dowam edýär. Ekerançylyk
meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak
üçin suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işlerini berk
gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz pagta
ýygymynyň depginini güýçlendirmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli
peýdalanmagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur
işleri alyp barmagyň, oba hojalyk pudagynyň kärhanalaryny doly güýjünde
işletmek üçin öz wagtynda zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly
Prezidentimiz ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän döwrebap
önümçilikleri döretmegi dowam etdirmegiň, mallaryň we guşlaryň baş sanyny
artdyrmagyň, tohumçylyk işini ylmy taýdan guramak boýunça zerur işleri
geçirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum
tarapyndan öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy
110,5 göterim boldy. Ýylyň başyndan bäri Gurluşyk we binagärlik ministrligi
boýunça işleriň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň
möçberi 1 milliard 302 million manada deň boldy. Hasabat döwründe Energetika
ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy
104,7 göterime, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 125,6 göterime deň
boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny
dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 114 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 137,1 göterim
berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny taslama kuwwatyna
çykarmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi. Bilelikdäki kärhanalary, önümçilikleri ýola goýup, täze iş orunlaryny
döretmek boýunça işleri ilerletmek wajyp wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmeli
binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň bellenen möhletlerde
tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 102,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 103,1
göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 144,4 göterime, nah matalar
128,4 göterime, tikin we trikotaž önümleri 100,3 göterime, gön önümleri 124,6
göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň
meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy
tarapyndan hasabat döwründe 225 birža söwdasy geçirilip, olarda 21 müň 378
şertnama hasaba alyndy. Dokuz aýda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine
ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe
sergileriň 17-si, maslahatlaryň 96-sy geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,5
göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini 104 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ýokary hilli harytlary öndürmek boýunça alnyp barylýan işlere berk
gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan harytlaryň eksportyny
artdyrmak babatda zerur işleri geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu
babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe
welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şanly seneler, Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyp
ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli çäreler geçirildi. “Ýaňlan, Diýarym!”
telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly
baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Hasabat döwründe
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaralar, konsertler,
sergiler we beýleki medeni çäreler guraldy. Halkara hyzmatdaşlygyň
çäklerinde-de dürli çäreler geçirilip, türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda iş
saparlarynda boldular. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Täjigistan
Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklarynda
dostlukly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim
berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda iki ýurduň sungat
ussatlarynyň çykyşlary guraldy. Ýurdumyzyň döredijilik topary Russiýa
Federasiýasynyň Moskwa şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň
heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň we
kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat
gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Döwlet habarlar
agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada-da hasabat berildi.
Hasabat döwründe döwlet maksatnamalaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda elektron
neşirleriň sanyny artdyrmak, pudaga degişli elektron saýtlary häzirki zaman talaplaryna
laýyk gelýän maglumatlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Soňra wise-premýer Arkadag şäherinde VI Wena
balyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Garaşylyşy ýaly, bu döredijilik
çäresine Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli
baýramçylyk dabaralaryna, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşýan daşary ýurtly
myhmanlar hem-de beýlekiler gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna bu medeni çäräni geçirmek bilen bagly degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 10-njy
oktýabrda Arkadag şäherinde guraljak VI Wena balyna gowy taýýarlyk görmegiň we
ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Bilimler we
talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň
bilim edaralarynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly dabaraly
çäreler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan
1-nji synpa okuwa kabul edilen ähli okuwçylara “Bilimli” noutbuk kompýuterleri
gowşuryldy. Baýramçylyk mynasybetli çagalar baglary, orta mekdepler dabaraly
açylyp ulanmaga berildi. Ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge
gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy
usullary giňden ornaşdyryldy. Mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 15
altyn, 32 kümüş, 55 bürünç medal, halkara internet bäsleşiklerinde 94 altyn, 99
kümüş, 102 bürünç medal gazandylar. Halkara derejede geçirilen ders
bäsleşiklerinde, olimpiadalarda talyp ýaşlar 58 altyn, 122 kümüş, 202 bürünç,
toparlaýyn bäsleşiklerde 5 altyn, 11 kümüş, 17 bürünç medala mynasyp boldular.
Hasabat döwründe ylmy barlaglaryň
netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige
ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işler dowam etdirildi. Öňüni alyş-bejeriş
işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we
bejergiler geçirildi. Gazna tarapyndan saglygy goraýyş edaralaryna gemodializ
enjamlary sowgat berildi. Şu ýylyň dokuz aýynda bedenterbiýäni, sporty
ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler hem dowam etdirildi.
Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda 146 altyn, 134 kümüş, 193 bürünç medal
gazandylar. Aşgabat şäheri “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri”,
Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň
okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň saglygy
goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada
hasabat berdi.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda, 9 — 12-nji
oktýabrda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara
sagaldyş-dikeldiş merkezlerini, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny
öndürýän kärhanany, Mary şäherinde Mary welaýatynyň hem-de Mary şäheriniň
Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara
binalaryny dabaraly açyp ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. “Saglygy goraýyş,
bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly
halkara sergi hem-de ylmy maslahat geçiriler. Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy
goraýyş işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylar.
Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň
2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny; Türkmenistanda lukmançylyk
sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny;
Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli
maksatnamasyny tassyklamak; Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk
maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek; Halkara
sagaldyş-dikeldiş merkezini; Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini
döretmek; Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň
gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
Kararlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini ileri tutulýan
wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen birlikde, sporty ösdürmäge aýratyn
üns berlip, Diýarymyzda dürli sport çärelerini, halkara ýaryşlary geçirmegiň
möhümdigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyny
döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, bu ugurda tejribe alyşmak üçin daşary
ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygyny
belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanmaga beriljek häzirki zaman saglygy
goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün
etmegi, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 —
2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny; Türkmenistanda lukmançylyk
sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny;
Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli
maksatnamasyny tassyklamak; Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk
maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek; Halkara
sagaldyş-dikeldiş merkezini; Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini
döretmek; Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň
gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Kararlara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň dokuz aýynda Daşary işler
ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat
strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary, halkara
guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny
ýerine ýetirmek üçin degişli işler geçirildi. Halkara gatnaşyklary giňeltmekde
ýokary derejedäki saparlara we gepleşiklere aýratyn orun degişlidir. Hasabat
döwründe hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan
Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrdy. Ýylyň başyndan bäri türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda,
Täjigistan Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda,
Gazagystan Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda saparlarda boldy. Şu
ýylyň iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny
amala aşyrdy.
Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Eýran
Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň,
Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri,
Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.
24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak maksady bilen, Russiýa
Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan
Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň
Premýer-ministrleri ýurdumyza iş sapary bilen geldiler. Ýylyň başyndan bäri,
Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara
guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň Baş sekretarlary Türkmenistanda saparda boldular.
Daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana
hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary,
halkara derejedäki gepleşikler we duşuşyklar dürli ulgamlarda netijeli
gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 141 resminama bilen ýetirildi.
Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli
amala aşyrylýar. Şeýle hem ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary
pugtalandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä
ýurtlary, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýylyň ahyryna çenli geçiriljek
çärelere, resmi we döwlet saparlaryna, halkara maslahatlara, Garaşsyz
döwletimiziň Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp,
bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň
netijeleri barada hasabat berdi. Şu maksat bilen, şu ýylyň 26-njy sentýabry —
1-nji oktýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherine iş sapary amala aşyryldy.
Bellenilişi ýaly, 27-nji sentýabrda
Türkmenistanyň wekiliýeti sessiýada çykyş edip, häzirki zamanyň ählumumy
meseleleri, hususan-da, howpsuzlyk, durnukly ösüş, howanyň üýtgemegi,
ynsanperwerlik meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu ulgamlardaky halkara
başlangyçlary barada aýdyldy. Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny geljekde amala
aşyrmak maksady bilen, halkara parahatçylygy berkitmek, dünýäde ýüze çykýan
dürli ýagdaýlary çözmek üçin öňüni alyş diplomatiýasyna, Bitaraplygyň
ýörelgelerine esaslanmak babatda teklipler öňe sürüldi. Türkmenistanyň
wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy üpjün etmekdäki
tagallalarynda bitarap ýurtlara bu guramanyň çäklerinde ileri tutulýan
hyzmatdaş derejesini bermek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Durnukly ösüş babatda ýurdumyz tarapyndan
çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň Ählumumy çarçuwaly maksatnamasy;
Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasy; Ählumumy energetika
howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigi baradaky
teklipler beýan edildi. Türkmenistan Aral meselesine, Merkezi Aziýa we Hazar
deňzi sebitlerinde ekologik abadançylygy üpjün etmäge uly üns berýär. Şunuň
bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen
edaralary, hususan-da, Daşky gurşawy goramak maksatnamasy, Ösüş maksatnamasy,
degişli halkara maliýe institutlary, şol sanda Ählumumy ekologiýa gaznasy,
Ýaşyl howa gaznasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlar bilen
çykyş edýär.
Ynsanperwer ulgam barada aýdylanda, türkmen
tarapy ilaty, eneligi we çagalygy goramak, maýyplaryň, bosgunlaryň, raýatlygy
bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak, durmuş meseleleri boýunça işleri dowam
etdirmegiň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem 2025-nji ýylda BMG-niň döredilmeginiň
80 ýyllygynyň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň, dünýäde
ýurdumyzyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň
belleniljekdigi bilen baglylykda, bu ýylyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şoňa
görä, bu şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleri BMG-niň agza
döwletleri bilen bilelikde üstünlikli geçirmegiň möhümdigi aýdyldy.
Nýu-Ýorka saparyň çäklerinde ýurdumyzyň
wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň “C5+1” düzümdäki duşuşygyna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
daşary işler ministrleriniň nobatdaky her ýylky duşuşygyna gatnaşdy. Olarda
garalan meseleler boýunça Türkmenistanyň resmi garaýyşlary beýan edildi.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen
geçirilen duşuşygyň barşynda iri halkara guramanyň ýolbaşçysynyň Aşgabada bolan
iş saparynyň hem-de onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem
Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň nusgawy häsiýete eýedigi, häzirki zaman
dünýäsiniň gün tertibinde duran dürli meseleler babatda ýurdumyzyň işjeň we
oňyn orny nygtaldy.
Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň
çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini
geçirdi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen
Kamboja Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň
arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleri ýola goýmak babatda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
instituty bilen Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik
akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler
Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlygy
hökmünde çykyş etmegi, şeýle hem nobatdaky sessiýada ýurdumyzyň öňe süren
teklipleri we başlangyçlary munuň şeýledigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyz
geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň dowam
etdiriljekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli
tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän
pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine
ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy. Şu
ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary
arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 102,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş
depgini 104,2 göterime, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine
ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 102,5 göterime deň boldy. Arkadag şäheriniň
demir ýol menziliniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar
toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy —
Sanabar aralygynyň gurluşyk işlerine girişildi, Serhetabat — Turgundy demir ýol
geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde täze demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga
berildi. Hasabat döwründe “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 109,5
göterim, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 148,3 göterim,
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 112,8 göterim,
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 114,3 göterim ösüş gazanyldy.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bu ulgama
degişli düzümleýin önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda
Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işleri
alnyp barylýar. Hasabat döwründe halkara forumlaryň, bilelikdäki iş
toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sanly
ulgamy ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmagyň,
ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça zerur işleri
geçirmegiň, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak babatda zerur
çäreleri görmegiň, ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak
işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna
degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň
ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy, iri senagat, durmuş maksatly
desgalaryň we binalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi munuň aýdyň
mysalydyr. Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilmeli meýilnamalar barada aýdyp,
ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyny nygtady. “Şoňa görä-de, 2024-nji ýyly
gowy netijeler bilen tamamlamak üçin hemmämiz yhlas bilen zähmet çekmeli”
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gowy
netijeleri gazanmak, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin
zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz 10-njy oktýabrda Saglygy
goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden bellenilip
geçiljekdigini aýtdy. “Türkmenistanda saglygy goraýyş we derman senagaty
ulgamyny innowasion esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunda saglygy
goraýyş işgärleriniň bitirýän işleri uly hormata mynasypdyr” diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň
işgärlerini hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov