Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň
möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk
namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak,
administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly
hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Watanymyzyň
mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halk Maslahatynyň
mejlisine taýýarlyk görlüşi barada-da aýdyldy. Bu ugurdaky işler Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary bilen
bilelikde alnyp barylýar.
Daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara
guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde Beýik
Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş
müdirliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Mejlisiň deputatlarynyň
Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşyklary
guraldy. Şeýle hem parlamentiň ýolbaşçysy deputatlaryň döwlet syýasatyny, kabul
edilen kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek, Halk Maslahatynyň
taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada geçirilýän wagyz-nesihat
çärelerine gatnaşýandyklary, Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň
durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikleri barada köpçülikleýin habar
beriş serişdelerinde çykyş edýändiklerini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalary işlenip taýýarlananda olaryň
kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi. Kanunlar döwletimiziň
alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da
gowulandyrmaga şert döretmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň
ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny
nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow 10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen maýa goýum forumynyň,
Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek
boýunça halkara maslahatyň we ugurdaş sergileriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, maýa goýum forumyna 44
ýurtdan, şol sanda halkara guramalaryň 22-sinden, daşary ýurt döwlet
edaralarynyň we kompaniýalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik
wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Maksatnama laýyklykda, forumyň çäklerinde
ýurdumyzyň ösüşine we halkara başlangyçlaryna bagyşlanan ykdysadyýet,
ulag-aragatnaşyk, nebitgaz, energetika meseleleri boýunça umumy mejlisleriň
3-si, ykdysadyýetiň möhüm ugurlary boýunça mejlisleriň 7-si, “tegelek stoluň” başyndaky
maslahatlaryň 4-si geçirildi. Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlarynda milli
ykdysadyýetiň pudaklaryndaky maýa goýum mümkinçilikleri, durmuşa geçirilmegi
göz öňünde tutulýan taslamalar, döredilen amatly maýa goýum gurşawy, halkara
tejribä laýyklykda, maýadarlar üçin döredilýän hukuk, maliýe-ykdysady şertler
barada giňişleýin gürrüň berdiler. Forumda çykyş eden daşary ýurtly
bilermenler, iri halkara guramalaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylary döwletimiziň
halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyny we öz üstüne alan halkara
borçnamalaryna ygrarlydygyny bellediler.
Forumyň wekilleri Türkmenistan bilen
Owganystanyň arasynda nebit-gaz, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk
pudaklaryna degişli iri maýa goýum taslamalarynyň açylyş we gurluşyk işlerine
badalga bermek dabarasyna sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Maýa goýum forumynyň
çäklerinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary
we kärhanalary bilen daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda jemi 9 sany ähtnama,
5 sany ylalaşyga, 8 sany şertnama gol çekildi. Halkara guramalaryň, maliýe
institutlarynyň, daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň hem-de kompaniýalaryň
ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen 80-den gowrak duşuşyk guraldy. Olaryň barşynda
ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň
mümkinçilikleri, özara bähbitli gatnaşyklaryň ugurlary barada pikir alşyldy.
Ylymlar
akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen Türkmenistanyň
ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara
maslahata hem-de sergä ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
28-si, ýerli hususy taraplaryň 58-si, 14 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň
28-si gatnaşdy. Maslahatyň çäginde
«Hi-Tech Startup Turkmenistan — 2024» atly bäsleşigiň jemlerini jemlemek
dabarasy geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen maýa goýum
forumynyň döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny
pugtalandyrmaga, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, ýurdumyzyň maýa goýum
mümkinçilikleri bilen tanyşmaga oňyn şertleri döredendigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýere ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa
geçirmek hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
babatda işleri netijeli dowam etdirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmak we
özleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň sanly ulgam arkaly
dolandyrylýan we dürli şertlerde işlemäge mümkinçiligi bolan 3D geofiziki
enjamlar toplumy bilen üpjün edilmegi türkmen geologlaryna uglewodorod serişdelerine
baý meýdançalary ýüze çykarmaga, anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, uglewodorod
çig mal binýadyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini
güýçlendirmegiň, pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek hem-de zerur bolan
enjamlar bilen üpjün etmek babatda çäreleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmengeologiýa» döwlet
korporasiýasyna 3D geofiziki enjamlar toplumyny ornaşdyrmak baradaky teklibini
goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatlarda bugdaý ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylýar. Ekiş möwsüminde önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün
etmek, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça degişli çäreler
görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzda pagta
ýygymyna girişilip, häzirki wagtda bu iş guramaçylykly dowam edýär. Ýygnalýan hasyly
kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul
etmek, hasyly daşamakda ulanylýan awtoulaglary netijeli işletmek babatda zerur
işler ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň maldarçylyk hojalyklarynda
oba hojalyk mallaryny talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm
berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk
gorlaryny döretmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek, olary
talabalaýyk idetmek, tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça işler alnyp
barylýar. Mundan başga-da, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we
ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly
peýdalanmak üçin derýalaryň kenarlaryny berkitmek, suwaryş, şor suw akabalaryny
arassalamak işleri dowam etdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda bugdaý ekişini bellenen möhletlerde
we talabalaýyk geçirmek boýunça degişli çäreleri görmegiň, gallaçy daýhanlary
ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegiň, ekişde ulanylýan tehnikalary doly
güýjünde işletmegiň möhümdigini belledi we ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak boýunça guramaçylyk işlerini alyp barmagy tabşyrdy.
Şeýle hem
wise-premýer şu ýylyň 16-njy sentýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini,
19-20-nji sentýabrda “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler
we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek boýunça görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
geňeşiň mejlisine we halkara ylmy maslahata, degişlilikde, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasarynyň, Tohumçylyk meseleleri boýunça
hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň agzalarynyň, oba hojalyk ekinleriniň
tohumçylygy bilen meşgullanýan hem-de oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlarynda
işleýän hünärmenleriň, ylmy işgärleriň, kompaniýalaryň wekilleriniň
gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyna dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň, bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de GDA-nyň Tohumçylyk
meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini, «Oba hojalyk
ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler» atly
halkara ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda giňden
bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna, Halk
Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, baş baýramymyzyň
öňüsyrasynda Aşgabady bagy-bossanlyga büremek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we
myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek,
baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur
çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalary
abatlamak, ýanaşyk ýerleri, seýilgähleri, baglary, suw çüwdürimlerini
abadanlaşdyrmak, bezeg güllerini ekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.
Şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem Aşgabat
şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 4 sany her biri 54 öýli, 9 gatly, 9 sany
her biri 36 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we seýilgähiň açylyş dabaralaryny
geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň durmuşynda uly
ähmiýete eýe bolan taryhy waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hemmetaraplaýyn
taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Garaşsyz ýurdumyzda, şol sanda Aşgabatda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 33
ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden guramagyň, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi
çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzda bezeg we abadanlaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň
ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça görülýän çäreler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gözden geçirilişi
paýtagtymyzdaky "Garagum" myhmanhanasynyň ýanynda geçirmegi
meýilleşdirilýär. Onuň açylyş dabarasy 19-njy sentýabrda guralar. Sergide
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça
amala aşyrylýan özgertmeler, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler öz
beýanyny tapar. Forumyň çäklerinde döwlet we hususy kärhanalara täze önümleri,
geljekki ösüş maksatnamalary, maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin
mümkinçilik dörediler. Şeýle hem haly dokamak, dutar ýasamak, küýzegärlik ýaly
halk senetçiliginiň görnüşleri boýunça ussatlyk sapaklaryny guramak göz öňünde
tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ýurdumyzyň ykdysady
üstünlikleriniň sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi
çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere sergide
döwletimizde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, gazanylan üstünlikleri beýan
edýän işleriň giňden görkezilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan
edilen döredijilik bäsleşikleri barada hasabat berdi.
Beýik akyldar şahyrymyzyň baý edebi mirasyny
düýpli öwrenmek, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek,
olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik,
agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelere söýgi döretmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly
baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde döredijilik bilen
meşgullanýan ýaşlaryň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly
bäsleşik yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet
ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet
komiteti tarapyndan degişli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaş
ýazyjylaryň, dramaturglaryň, suratkeşleriň, sazandalaryň hem-de kitaphana
işgärleriniň arasynda birnäçe döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Olaryň jemleri jemlenildi hem-de ýeňijilere baýraklary
gowşurmak dabaralary boldy.
Şu ýylyň 28-nji
sentýabrynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda şanly seneler
mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň ýene-de birnäçesiniň jemlerini jemlemek
dabarasy bolar. Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň geçirilmegi Gündogaryň beýik
şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek, ýaş
döredijileri täze üstünliklere ruhlandyrmak, milli edebiýatymyzy we
medeniýetimizi has-da belent sepgitlere ýetirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede giň gerimli işleriň alnyp
barylýandygyny, bu işleriň şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermäge,
edebi mirasyny giňden wagyz etmäge, düýpli öwrenmäge ýardam edýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk
ýubileýi we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek
döredijilik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede
geçirmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary
we ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ylmyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bilim edaralary gurlup
ulanmaga berilýär, kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işler
durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini
giňeltmäge ýardam berýän halkara ylmy maslahatlary, sergileri, bäsleşikleri,
olimpiadalary geçirmekde oňyn tejribe toplandy.
«Türkmenistanyň
ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin
Strategiýasynda», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda
kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim
ministrligi tarapyndan 16-17-nji oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda
«Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly sanly ulgam arkaly
halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini; 1-nji noýabrda Türkmen döwlet maliýe
institutynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk
halkara internet olimpiadasyny; 6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetinde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi»; 13-nji
noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa
we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly sanly ulgam arkaly
halkara ylmy-amaly maslahatlary; 15-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynda maliýe dersi boýunça Açyk halkara internet
olimpiadasyny, 29-njy noýabrda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe
we ösüşiň geljekki ugurlary» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly
maslahaty; 18 — 20-nji noýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetinde filosofiýa, 21 — 23-nji noýabrda ykdysadyýet dersleri boýunça
halkara internet olimpiadalaryny; 20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça III
halkara internet olimpiadasyny; 25 — 30-njy noýabrda Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyny
geçirmek meýilleşdirilýär.
Bellenilişi
ýaly, bu halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýa
Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň,
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Belarusuň,
Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, beýleki onlarça döwletiň abraýly
ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Halkara derejeli intellektual ýaryşlarda ýeňiji bolan zehinli talyplary
medallar, dürli derejeli diplomlar bilen sylaglamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak,
kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa
geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara ylmy maslahatlaryň,
sergileriň, olimpiadalaryň ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam
berýändigini aýdyp, şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdeplerinde halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça
taýýarlanan teklibi goldady hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly
ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler
barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
birnäçe teklipler hödürlenildi.
Ýurdumyzyň
kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň häzirki zaman kadalaryna laýyk getirmäge
gönükdirilen Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara
goşulmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, milli kanunçylygymyzy halkara
resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek babatda hyzmatdaş halkara guramalar
bilen degişli okuwlary we maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitara
dialogy geçirmek teklip edilýär. Bu çäre agzalan ugurda sebitdäki döwletler
hem-de kompaniýalar bilen ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze
mümkinçiliklerine seretmäge, tejribe alyşmaga, Türkmenistanda alnyp barylýan
işler bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik döreder.
Hasabatyň
dowamynda sanly ulgamyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde dünýäniň tehnologik
taýdan ösen ýurtlary bilen 2025 — 2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek barada
Maksatnamany taýýarlamak teklip edildi.
Şunuň bilen
baglylykda, bu ugurda döwletimiziň hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtlarda
kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumat tehnologiýalaryny goramak boýunça
ulgamlaýyn alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzyň tejribesi bilen
paýlaşmak boýunça degişli işleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär. Birleşen
Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen bilelikde
sanly ulgamy goramak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de berkitmek
teklip edilýär. Şunda 2024-2025-nji ýyllarda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi
tarapyndan internet ulgamynda kiberterrorçylygyň öňüni almak, wajyp
infrastrukturalary kiberhüjümlerden goramak ýaly ugurlarda alnyp barylýan
işlere we taslamalara ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy maksadalaýyk hasaplanýar.
Ýewropada
Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen kiberhowpsuzlyk, döwlet we bank
hyzmatlaryny, şeýle-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, sanly maliýe ulgamlaryny
peýdalanmakda milli hünärmenleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak babatda
hyzmatdaşlygy ösdürmek teklip edilýär. Agzalan ugurlarda bu gurama bilen
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, dürli sebitleýin
taslamalary durmuşa geçirmegi öwrenmek, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny
yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny
döwrebaplaşdyrmakda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Döwrüň talabyna görä, hyzmatlaryň görnüşleri
kämilleşdirilýär hem-de artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri
dünýä ülňülerine laýyk alyp barmak üçin halkara tejribäni yzygiderli öwrenmek
zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary
işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň
Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat
awiasiýasy guramasynyň okuwyny guramak teklip edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň
Halkara howa menzilleriniň ýük dolanyşygyny artdyrmak we ýük ammarlarynyň
kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, halkara ýük howa gatnawlarynyň sanyny
artdyrmak maksady bilen, amaly okuwlary guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy
pudagynyň barha ösdürilýändigini, täze uçarlaryň yzygiderli satyn
alynýandygyny, howa menzillerinde döwrebap şertleriň döredilýändigini, munuň
bolsa halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagy talap edýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz raýat awiasiýasy pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini
ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak boýunça okuwlary geçirmek baradaky
teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri alyp barmagy
tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” kabul edilendigini belledi.
Maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen birnäçe işler alnyp barylýar. Ýakynda bolsa paýtagtymyzda
Türkmenistanyň maýa goýum forumy ýokary derejede geçirildi diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we forumyň netijeleri boýunça seljeriş işlerini geçirip,
ähli ugurlar boýunça maýa goýumlary çekmekde hasabatlary taýýarlamagyň
möhümdigini nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Hökümet agzalaryna halkara derejeli bu forumda gelnen netijeleri,
anyk teklipleri jemläp, wajyp ähmiýetli desgalary işe girizmek we düýbüni
tutmak dabaralarynyň taryhy ähmiýetini beýan etjek brifing görnüşli halkara
maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen
birlikde, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň jemleri
boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan okuw-usuly gollanmany taýýarlamak babatda
degişli görkezmeleri berdi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady ugurly ýokary okuw
mekdeplerinde bilim berýän mugallymlar, talyplar üçin gymmatly gollanma bolar.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda
amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek boýunça başyny başlan giň möçberli
işleriniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigini
aýtdy. Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen maýa goýum forumynyň giň wekilçilikli
düzümi hem-de onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar onuň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistan bu möhüm forumy üstünlikli geçirmek bilen, dünýä giňişliginde
ygtybarly hyzmatdaşdygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Şunuň bilen bir hatarda,
türkmen-owgan serhedinde täze energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika
desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli
dabaralaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. Bu taslamalar hoşniýetli goňşuçylyk
däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr.
Pursatdan
peýdalanyp, wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu möhüm
wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, asylly
başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz halkara maýa goýum forumynyň
üstünlikli geçirilendigine ünsi çekdi hem-de onuň çäklerinde guralan
gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň wajyp ähmiýetini belledi. Gahryman
Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň umumy
bähbidine hyzmat etjek möhüm desgalaryň işe girizilmegi we düýbüniň tutulmagy
ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy.
Mejlisde döwlet
durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov
tdh.gov