Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy,
käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp: “Hemişe
bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip,
ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden
boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys” diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä
geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy
B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň
Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu
toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly
däbimize eýerip, iş kesilen 736 raýatyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy
mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekýändigini aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen
bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn
wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri
geçirmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara yhlasly
zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp
ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp
barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, iş toparlarynda döwletimiziň
we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ugurlarynyň kanunçylyk taýdan üpjün
edilmegine gönükdirilen işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Mejlisde geçirilen
duşuşyklar barada aýdyldy. Hususan-da, Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. ABŞ-nyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de bu ýurduň
Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi, Gazagystan Respublikasynyň
ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyklar
geçirildi. Mejlisiň wekilleri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň
wekilhanalarynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet
edaralary bilen bilelikde guran iş maslahatlaryna gatnaşdylar. Deputatlar
Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji parlamentara forumyna gatnaşmak üçin
Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde iş saparynda boldular.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň
Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn
dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň
häkimlikleri hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Mundan
başga-da, deputatlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, Halk Maslahatynyň
döredilmeginiň hem-de onuň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik
ähmiýetini wagyz-nesihat etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hukuk
binýadyny we ykdysady esaslaryny berkitmäge ýardam berýän kanun taslamalaryny
işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir
hatarda, Halk Maslahatynyň mejlisine, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy
mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygy bellenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän
onkologiýa hassahanalary bilen bagly meseleler barada hasabat berdi.
Hususan-da, olary gurmagyň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça geçirilen
degişli işleriň netijeleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn
durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hassahanalaryň,
saglyk merkezleriniň gurluşygyny yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr. Munuň özi
saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni,
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan çykarylýan uglewodorod
serişdeleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny gözlemek we
özleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, gaz
känlerinde gözleg-barlag, baha beriş-ulanyş guýularyny burawlamak boýunça
bilelikde işlenip düzülen degişli meýilnamanyň esasynda Ahal, Lebap we Mary
welaýatlarynyň çäklerindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak
işleri meýilleşdirildi. Şonuň esasynda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän
meýdançalaryň birinde geçirilen buraw işleriniň netijesinde, senagat ähmiýetli
gaz akymy alyndy. Munuň özi çykarylýan mawy ýangyjyň möçberini artdyrmaga
mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna nebitiň, tebigy gazyň
goşmaça möçberini çykarmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Bu ugurda
türkmen geologlary tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze açylan gaz ýatagyny özleşdirmek üçin ähli
zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny aýtdy we wise-premýere ýurdumyzyň çägindäki
meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda, welaýatlarda alnyp barylýan
möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler Diýarymyzda bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary öndürijilikli işletmek, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, pagta kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, möwsümde ulanylýan tehnikalary netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň maldarçylyk
hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak,
ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak üçin ýerine ýetirilýän
çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz bugdaý ekişini bellenen möhletlerde, talabalaýyk alyp barmagyň,
oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň, gallaçy daýhanlarymyzyň
ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtap,
wise-premýere pagta ýygymy möwsümini ýokary depginde dowam etdirmegi, beýleki
oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ösdürip ýetişdirmekde-de netijeli işleri alyp
barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwürmek,
daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly
önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça görülýän çäreler
barada hasabat berdi.
Iri gurluşyklary, ykdysadyýetiň pudaklaryny,
ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek
boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda demir
garyndylaryna bolan islegleriň artýandygy bilen baglylykda, häzirki wagtda bu
önümi öndürýän zawody gurmak mümkinçiligi öwrenilýär. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zawodyň gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek
boýunça degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmekde, ýerli çig-mal serişdelerimizi rejeli we
netijeli peýdalanmakda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz demir garyndylaryny öndürýän
zawodyň gurluşyk taslamasy üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmany işläp
taýýarlamak baradaky teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Atdaýew eksportyň we ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberini
artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Döwlet haryt-çig mal
biržasynyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, eksport-import harytlarynyň
dünýä bazarlaryndaky bahalaryny seljermegiň halkara maglumat ulgamlaryny
ulanmak arkaly birža söwdasyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak
boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, eksportyň möçberini we
ugurlaryny giňeltmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere eksport we import
edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek bilen bagly degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň, medeni-durmuş
maksatly binalaryň ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda dürli
maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy, Ýaşulularyň halkara güni, Hatyra güni, Saglygy goraýyş we
derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli
çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň
jemleri jemlener.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden
gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, maslahatlary, wagyz-nesihat
çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly
halkara forum, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň
Türkmenistandaky Medeniýet günleri, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza
ýurtlaryň II teatr festiwaly we beýleki çäreler guralar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen bagly oktýabr aýynda
guraljak esasy çärelere, şol sanda Ýaşulularyň halkara güni, Saglygy goraýyş we
derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli
geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Hormatly
Prezidentimiz ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş
dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles
şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa
oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Olimpiýa hereketini we ýokary netijeli
sporty ösdürmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen türgenlerini
dünýä derejesindäki ýaryşlara häzirden taýýarlamak we olaryň ussatlygyny
kämilleşdirmek, ýokary netijeleri gazanmaklary üçin zerur şertleri döretmek
boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komiteti guramaçylyk toparyny döretmegi, Aşgabat şäherindäki
Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky
sport toplumynda sportuň görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryny hem-de
ýygnanyşyklary guramagy teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty halkara derejede ösdürmegiň, iri sport
ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmagyň
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz türgenlerimiziň 2028-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa we
Paralimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin häzirden zerur işleri
alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi we wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hem-de
ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ynsanperwer ulgam döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli kanunçylygymyz
we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny,
azatlyklaryny, bähbitlerini goramak hem kepillendirmek üçin yzygiderli işler
geçirilýär. Şol işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG we
beýleki halkara guramalar bilen bilelikde bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk
adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça degişli çäreler amala
aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir
wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň
raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de häzirki wagta çenli 5 müň 18 daşary ýurt
raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama
berildi. Bu ynsanperwer häsiýetli çözgütler Türkmenistanyň köptaraplaýyn
halkara resminamalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň
statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda
Konwensiýalaryny üstünlikli berjaý edýändigini aýdyň görkezýär.
Dünýä bileleşigini bu ugurda ýurdumyzyň toplan
oňyn tejribesi bilen tanyşdyrmak üçin geçirilmegi meýilleşdirilýän
raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ýokary derejeli sebitleýin maslahatyň
ähmiýeti has-da artýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji
sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlaryndan ugur alyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi
baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde bu forumy şu ýylyň 8-nji
noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.
Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň
ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan,
döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba
alnan 1 müň 146 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça
degişli işler geçirildi. Raýatlyk almak üçin hödürlenilýän adamlar 29 milletiň
wekilleridir. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryna
ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary
hasaba alnan 134 adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi
boýunça degişli işler geçirildi. Olar 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň
wekilleridir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, şeýle hem ýurdumyzda ýaşamak üçin
ygtyýarnamalarynyň berilmegi bilen bagly resminamalaryň taslamasy hödürlenildi.
Pasportlary we degişli resminamalary gowşurmak
dabarasyny ýakyn günlerde Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanda
işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň,
ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleriniň
gatnaşmagynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara
hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurdumyzda bu ugurda
netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 1 müň 146 adamy
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana hem-de 134 adama
Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew halkara awtomobil
gatnawlary, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, awtoulag serişdeleri arkaly
ýükleri daşamak babatda hyzmatlary giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ozal gazanylan hökümetara
ylalaşyklar esasynda ulag, sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni
ornaşdyrmak ulgamynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam
etdirilýär. Munuň özi ulag amallaryny çaltlandyrmakda, ulag ulgamynyň
kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmekde aýratyn orun
eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalary kadalaşdyrmak üçin sanly
ulgama geçmek boýunça daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň maksadalaýykdygy
bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
halkara awtoulag gatnawlary hakynda ýurdumyzyň baglaşan hökümetara ylalaşyklary
esasynda ulag babatda hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilýändigini aýtdy. Bu ugurda
sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň mundan beýläk-de dünýä ulag ulgamyna goşulyşmagy
boýunça işleri dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan teklibi
goldap, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, geljek hepdede
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33
ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden bellenilip geçiljekdigini
aýtdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynda hem
dabaraly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy.
Foruma gatnaşmak üçin ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegine garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda degişli
guramaçylyk işleriniň ýola goýulmagynyň möhüm bolup durýandygyny nygtap,
halkara forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk toparyny
döretmek hakynda Buýruga gol çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov