Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň
ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat
hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer
2023-nji ýylda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde,
jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu
görkeziji senagat pudagynda 4,3 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag we
aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterime, söwdada 12,8 göterime, oba hojalygynda 4,4
göterime, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy. 2023-nji ýylda, 2022-nji
ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň
pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. 2022-nji ýyl bilen
deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,9
göterim artdy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji
ýyl bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet
haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda
maliýeleşdirildi. 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, 2022-nji
ýyl bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy.
Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi
barada aýdyldy. Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2024-nji ýylda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň
taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş
edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen
bilelikde ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynda hem-de şu ýyl üçin Döwlet
býujetinde kesgitlenen gaýragoýulmasyz wezipelere laýyklykda işlenip
taýýarlanyldy. Resminamada şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler,
ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi.
Şunuň bilen birlikde, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça ýerine
ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de maýa goýumlaryň görkezijileri
bellenildi. Şeýle-de ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.
Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew geçen ýylda Döwlet
býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba milli
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä,
ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 109,4 göterim, çykdajy
bölegi bolsa 99,8 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň
girdeji bölegi 104,1 göterim, çykdajy bölegi 99,9 göterim derejede ýerine
ýetirildi. Şeýle hem 2023-nji ýylda balans toparlarynyň jemi 100 mejlisi, şol
sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 80 mejlisi geçirildi. Olaryň dowamynda
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky
edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy.
Geçen ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi
ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýyldaky bilen
deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy we jemi içerki önümiň 18,3 göterimine deň
boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9
göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Şeýle hem Oba
milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2023-nji ýylda
alnyp barlan işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini
kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň dowamynda banklar tarapyndan milli ykdysadyýeti ösdürmäge, döwlete dahylsyz ulgama, kiçi we orta telekeçilige, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere, gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin ýurdumyzyň raýatlaryna berlen karzlaryň möçberi baradaky görkezijiler beýan edildi.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow
ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen ýylda
meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda
durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 80 milliard 618,7 million kub metr
tebigy gaz, 8 million 316,7 müň tonna nebit çykaryldy. 2022-nji ýyl bilen
deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 30,1 göterim, suwuklandyrylan gaz
boýunça 1,1 göterim, kerosin boýunça 0,6 göterim, aýna listi boýunça 15,6
göterim, sement boýunça 0,8 göterim, çig ýüpek boýunça 17,1 göterim, tikinçilik
we örme önümler boýunça 8,9 göterim, şöhlat önümleri boýunça 7,7 göterim, süýt
önümleri boýunça 1,7 göterim, gaplanan miweler we gök önümler boýunça 5,5
göterim, mesge ýagy boýunça 6,8 göterim ösüş gazanyldy.
Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulagyň
ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygy 3,8 göterim, ýolagçy dolanyşygy 16,1 göterim
artdy. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 11,5 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň
oba hojalygynda 2023-nji ýylda öndürilen gök önümler, 2022-nji ýyl bilen
deňeşdirilende, 9,4 göterim, azyklyk bakja önümleri 4 göterim, miwe we
ir-iýmişler 1,1 göterim, ýeralma 5,5 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi
0,8 göterim artdy. Geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem
oňat görkezijiler gazanyldy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy halkara standartlara
laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we
maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler
barada-da hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, Ministrler Kabinetiniň
agzalaryna ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa
geçirmek maksady bilen, ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyna
ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň
ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny,
şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň
doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe
golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda,
daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek,
kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň
paýyny 71,4 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek
pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň
girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde
tutulýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine
maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat
möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Mejlisiň dowamynda bu Maksatnamany tassyklamak boýunça degişli Karara
gol çekildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, milli
ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige
ukyplylygyny artdyrmak, innowasion ösüşini gazanmak, ykdysadyýetde hususy
bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
nygtady. Döwlet býujeti ýurduň esasy maliýe guraly bolup durýar diýip, hormatly
Prezidentimiz belledi we Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak boýunça,
şeýle hem onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmagyň we peýdalanylyşyna
gözegçilik etmek işlerini dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň wajyp
ornunyň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimiziň durnukly
ösüşine ýardam bermek üçin bank edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalaryny
durmuşa geçirmek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işleri dowam
etdirmek, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen
bagly taslamalar üçin karz serişdelerini bermek, ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini
gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlary bermek babatda işleri dowam
etdirmäge degişli görkezmeler berildi.
Bank ulgamynyň durnuklylygyny saklamak, daşary ykdysady şertleriň
ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri
geçirmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz milli
ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawynyň berilmegini, milli pulumyzyň
hümmetiniň saklanylmagyny, bank hyzmatlarynyň döwrüň talabyna laýyklykda
hödürlenilmegini, çekilen serişdeleriň netijeli ulanylmagyny gaýragoýulmasyz wezipeleriň
hatarynda görkezdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropilen öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan
işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,6
göterim, benzinleri öndürmegiň meýilnamasy 102 göterim, dizel ýangyjyny
öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 199
göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim, suwuklandyrylan
gazy öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim berjaý edildi. Şeýle hem tebigy we
ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasynyň 106,9 göterim, mawy ýangyjy daşary
ýurtlara ibermegiň meýilnamasynyň 112,6 göterim ýerine ýetirilendigi habar
berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli
ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi we
wise-premýere içerki we daşary ýurt sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly
üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde,
«Galkynyş» gaz känini senagat taýdan tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça işleri
güýçlendirmegiň, Hazar deňziniň sebitinde gözleg we özleşdirmek işlerini üpjün
etmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň
gurluşygyny hem üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Nebitiň çykarylýan möçberini
artdyrmak üçin öňden özleşdirilip gelinýän ýataklarda degişli işleri
geçirmegiň, täze meýdançalary özleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna üns
çekildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny
ýokarlandyrmak, bu zawodlarda täze, ýokary hilli tehnologik önümçilikleri
döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdeleriniň
geljegi uly gatlaklaryny gözlemegi we barlamagy talabalaýyk alyp barmagy
tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň,
gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag işlerini
güýçli depginde dowam etdirmegiň wajypdygy bellenildi. Nebitgaz senagaty
boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, sanly
tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, nebitgaz senagatynyň daşky gurşawa we adam
saglygyna zyýanly täsirini peseltmäge gönükdirilen meselelere aýratyn üns
bermegiň zerurdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk,
senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň,
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň
hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2023-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda
alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,5 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň hem-de işleri ýerine ýetirmegiň
meýilnamasy 110 göterim ýerine ýetirildi. Energetika ministrligi tarapyndan
önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 113,3 göterim berjaý
edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 101,9 göterime barabar
boldy. Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni
tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 2 milliard
300 million manada barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak
baradaky döwlet agentligi meýilnamany 101,1 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi
119,8 göterim ýerine ýetirdi.
2023-nji ýylda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň
hem-de desgalaryň köp sanlysy ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Arkadag
şäheriniň birinji tapgyrynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet
gullugy akademiýasynyň binalar toplumy, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk
ylmy-barlag institutynyň binasy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 10 sany 9
gatly, Büzmeýin etrabynda 11 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlary, Gökdepe etrabynyň
Owadandepe hem-de Köpetdag geňeşliklerindäki täze, döwrebap obalar bar. Tutuş ýurdumyz
boýunça orta mekdepleriň jemi 22-si, çagalar baglarynyň 16-sy gurlup ulanmaga
berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, başga işe geçmegi sebäpli, G.Orunowy gurluşyk we binagärlik ministri
wezipesinden boşadýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä A.Geldiýewi
belläp, ony gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz oňa täze wezipesinde üstünlikleri arzuw edip, degişli
resminamalara gol çekdi.
Şeýle hem başga işe geçmegi sebäpli, S.Selimow Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, bu wezipä R.Işanow
bellenildi. Özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, A.Aramow Aşgabat
şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutanymyz
degişli resminamalara gol çekip, öňde durýan işleriň geljegi uly ugurlaryna
ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Annamämmedowa ýüzlenip, ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýerleşýän döwlet elektrik stansiýalarynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek işlerini netijeli alyp barmak, «ýaşyl» energetikany ösdürip, Gün elektrik stansiýalaryny gurmak işlerini netijeli dowam etdirmek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz gurluşyk materiallary senagatynyň önümçilik
binýadyny berkitmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalarda çykarylýan
önümleriň görnüşini giňeltmek, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam
etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatynyň
ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, onuň
hereket edýän kärhanalaryny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak,
döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary döretmek boýunça işleri dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi. Gurluşyk pudagy hem esasy pudaklaryň biri bolup durýar. Şu
ýyl ýurdumyzda iri senagat, durmuş we medeni maksatly döwrebap desgalary, ähli
amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça işler dowam etdiriler diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýolgurluşyk pudagynyň öňünde goýlan
wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýagny ýurdumyzda täze awtomobil
ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy we olaryň dünýä standartlaryna gabat
gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri dowam
etdirmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma
senagaty toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň 2023-nji ýyldaky işleriniň netijeleri
barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 101,8 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň möçberi, nah matalaryň önümçiligi, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 107,2 göterime, tikin we trikotaž önümleriň önümçiligi 104,2 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 100 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 104 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan geçen ýylda birža söwdalarynyň
300-si geçirilip, olarda 30 müň 630 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat
edarasy tarapyndan hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 104,7
göterime barabar boldy. Sergileriň 28-si, maslahatlaryň 87-si geçirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 2023-nji ýylda oba hojalyk we
azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat
önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 106,7 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagynyň
kuwwatyny artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, täze dokma önümlerini içerki we daşarky
bazarlara ýerlemek hem-de ibermek, halyçylyk pudagyny ösdürmek we öndürilýän
haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek, täze nagyşlary, gölleri döretmek,
gadymy türkmen göllerini dikeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna
ünsi çekdi. Ilatyň sarp edýän harytlaryny içerki bazarlarda elýeterli bahalardan
ýerlemegi gazanmak möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady
özgertmeleri giňden ýaýmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna maýa goýumlary
çekmek boýunça alnyp barylýan işleri üstünlikli dowam etdirmegiň wajypdygyny
belledi. Hususy pudagyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde
döwlete dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we
eksporta gönükdirilen önümler öndürilýär. Milli ykdysadyýetimiziň mundan
beýläk-de durnukly ösmegi hususy tarapyň işjeňleşmegi bilen bagly bolup durýar
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklarynda hususy pudagyň işini giňeltmek boýunça çäreleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň
Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2023-nji ýylyň ýanwar —
dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 121 göterime deň boldy. Geçen ýylda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 103,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,7 göterime barabar boldy. 2023-nji ýylda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 106,4 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 118 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 192,2 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 106,1 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111,5 göterime deň boldy.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine
ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Şeýle hem
ulag-logistika pudagynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri
boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň geçirilen mejlisleriniň netijeleri,
ulag-aragatnaşyk toplumy üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde önümçilik we
durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň gönükdirilişi barada
hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýa pudagyny
ösdürmekde üstaşyr geçelgeleriň ugurlaryny giňeltmek, ýolagçylary gatnatmagyň
we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak hem-de hilini gowulandyrmak,
ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary ösdürmek boýunça
işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň demir ýol ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak, ýagny demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak,
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri netijeli alyp barmak
zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz awtoulag kärhanalarynyň parkynyň üstüni döwrebap
awtobuslar, taksiler we dürli görnüşli ýük awtoulaglary bilen yzygiderli
ýetirmek boýunça işleri alyp barmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň gerimini
giňeltmek babatdaky işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle-de
ýurdumyzda howa menzilleriniň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak, howa
gämileriniň düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze, ykdysady taýdan has amatly bolan
ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmak, ýük daşalýan ugurlary
giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygy aýdyldy. Türkmenbaşy
Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, şeýle hem «Balkan» gämi gurluşyk we
abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmak wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň
talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa medeniýet
ulgamynyň edaralarynyň geçen ýylda alyp baran işleriniň netijeleri barada
hasabat berdi.
Hasabat döwründe milli senenamamyzyň şanly seneleri, medeni-durmuş
maksatly desgalaryň, Arkadag şäheriniň açylmagy hem-de Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler guraldy.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda «Türkmenistanda syýahatçylygy
ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat, «Awaza —
2023» halkara tans we folklor festiwaly, «Arkadagyň säheri» kinofestiwaly,
Ýaşlar simfoniki orkestriniň konsert-festiwaly, «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr
sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly, Wena baly, dürli konsertler hem-de
döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Hasabat döwründe Gahryman Arkadagymyzyň
«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eseriniň, «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri»
atly kitabyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar
— Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary guraldy.
Şunuň bilen birlikde, geçen ýylda çeper höwesjeň kollektiwlerine «Halk» adyny
bermegiň tertibi we şertleri, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň
medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we
çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini
goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi.
2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde nobatdaky Medeniýet hepdeligi, Türki
döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçirildi. Daşary ýurtlaryň birnäçesinde
Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygyna bagyşlanan çäreler guraldy. Ýurdumyzda Tatarystanyň we Türkiýäniň
Medeniýet günleri geçirildi. Köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň
Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Daşary işler ministrligi bilen
bilelikde işler alnyp baryldy.
Şeýle hem Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet
habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa
baradaky döwlet komitetiniň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň,
teatrlaryň, kitaphanalaryň işiniň netijeleri barada hasabat berildi. Hasabat
döwründe döwletimizde gazanylýan üstünlikler baradaky maglumatlar metbugat
sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda we internet saýtlarynda giňden beýan
edildi. Döwlet maksatnamalaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyndan
gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, A.Hudaýberdiýewi
pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy
wezipesinden boşadýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmen döwlet neşirýat
gullugynyň başlygy wezipesine M.Çaryýewi belläp, ony şol gullugyň başlygynyň
orunbasary wezipesinden boşatdy we degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz M.Mämmedowa ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy bilen bagly çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek
üçin taýýarlyk işlerini güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Änew şäheriniň
2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi
mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere düýpli taýýarlyk görmek zerurdyr.
Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek, türkmen halkynyň
gadymy medeni mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek,
gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmek
wajypdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow teleradioýaýlymlarda ýaş
nesliň aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen gepleşikleri yzygiderli bermegiň,
teatrlarda milli mirasymyzy, taryhymyzy wagyz edýän, medeniýetimiziň we
sungatymyzyň ösüşini beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmagyň, Türkmen döwlet
neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny hem netijeli ulanmagyň wajypdygyny
nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik
edýän ulgamlarynda 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge, bilim işini
döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp
ýaşlar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, jemi 826 medal gazandylar. Dürli
bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar ýurdumyzyň abraýyny täze derejelere
göterdi.
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde täze bilim edaralary dabaraly ýagdaýda
açyldy. 2 sany ýokary okuw mekdebiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň çäginde goşmaça täze okuw binasynyň we umumy ýaşaýyş
jaýynyň düýbi tutuldy. Tutuş ýurdumyz boýunça çagalar baglarynyň we orta
mekdepleriň onlarçasy açyldy. Ýokary bilim ojaklarynyň ikisinde ÝUNESKO
kafedralary, 3 sany ýokary hünär bilim edarasynda ÝUNESKO klublary açyldy. 6
sany orta mekdep bolsa bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi.
Ýokary okuw mekdeplerine halkara reýtinglere goşulandygyny tassyklaýan
şahadatnamalar gowşuryldy.
Geçen ýylda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işler
dowam etdirildi, önümçilige ornaşdyrmak üçin ýerli çig mallaryň esasynda
innowasion tehnologiýalar işlenip taýýarlanyldy. Okuw kitaplarydyr
gollanmalaryň 3057-si makullanyldy, oýlap tapyşlara şahadatnamalardyr patentler
alyndy. Doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary goralyp, ýurdumyzyň ylmy
işgärler binýady berkidildi.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary esasynda halkara ylmy maslahatlar,
ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak
dabarasy, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp,
ýurdumyzda we daşary ýurtlarda meýilleşdirilen çäreler guramaçylykly geçirildi.
Wise-premýer milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça
görlen çäreler barada hasabat berip, 2023-nji ýylda lukmançylygyň ugurlary
babatda keselleriň öňüni almagyň, olary bejermegiň öňdebaryjy usullarynyň amaly
lukmançylyga ornaşdyrylandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna
laýyklykda, paýtagtymyzda 3 sany täze merkeziň, “Arçman” şypahanasynyň täze
bejeriş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň ýardam etmeginde näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala
aşyryldy. Saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň üstünlikli amala
aşyrylýandygynyň aýdyň ykrarnamasy hökmünde ýurdumyza halkara güwänamalar
gowşuryldy.
Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek,
ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Ýokary derejede
geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty türkmen sportunyň taryhyna täze
şöhratly sahypany ýazdy. Geçen ýylda ýurdumyzyň türgenleri jemi 812 sany medal
gazandylar.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary esasynda toplumyň
garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
maddy-tehniki binýady has-da kämilleşdirildi. Geçen ýylda Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we
sergi ýokary derejede geçirildi. Ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan
bagtyýar ýaşlarymyz döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän
Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty giňden wagyz-nesihat edildi. Halkara
hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilip, halkara resminamalaryň 51-sine gol
çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe
geçmegi sebäpli, G.Ataýewany bilim ministri wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bilim ministri wezipesine B.Orazdurdyýewany belläp, ony
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesinden
boşatdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz, başga işe geçmegi sebäpli, A.Germanowy
saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşatdy we bu wezipä
M.Mämmedowy belläp, ony saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň
orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň täze
bellenen ýolbaşçylaryna üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol
çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer N.Amannepesowa ýüzlenip, ýurdumyzda
çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesilleriň ukyplaryny,
başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini
kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Okuw meýilnamalaryny,
maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda
döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr. Orta we ýokary okuw
mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak babatda yzygiderli işleri
geçirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen
işleri alyp barmak wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek üçin
ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň
gerimini giňeltmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda
jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam saglygyny goramakda, ilatyň
saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde,
şeýle hem ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan işleri
netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Sporty ösdürmek, köpçülikleýin
bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak
boýunça maksatnamalaýyn işleri yzygiderli alyp barmaly diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew welaýatda 2023-nji ýylda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa
goýumlary özleşdirmegiň bellenen ýyllyk meýilnamasynyň doly ýerine
ýetirilendigini aýtdy. 2023-nji ýylda welaýatda iri önümçilik hem-de
medeni-durmuş maksatly desgalaryň 8-siniň, Gökdepe etrabynyň Owadandepe we
Köpetdag geňeşliklerinde täze, döwrebap obalaryň, Ahal — Mary asma elektrik
geçirijisiniň gurluşyk işleri tamamlanyp, ulanmaga berildi. Şunuň bilen
birlikde, häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär.
Bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri alnyp barylýar, gowaçanyň,
gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, S.Çopanowy Ahal welaýatynyň
Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine belledi hem-de ony Ahal welaýatynyň Ak
bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow 2023-nji ýylda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Günbatar sebitde 2023-nji ýylda dürli maksatly binalaryň 4-si ulanmaga
berildi, häzirki wagtda hem beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygy dowam
edýär. Şunuň bilen bir hatarda, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde
welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň
hasyly üçin gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň
ekişine taýýarlyk görülýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy
üçin, N.Gylyjowy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesinden
boşadyp, bu wezipä A.Öwezowy belläp, ony şu etrabyň häkiminiň orunbasary
wezipesinden boşatdy. Şeýle hem özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin
K.Kürenow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden
boşadyldy. Bu wezipä M.Mergenow bellenildi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow geçen ýylda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda,
welaýat boýunça bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda
degişli işler durmuşa geçirilýär. 2023-nji ýylda Daşoguz atçylyk sport
toplumynyň durkuny täzelemek işleri geçirildi, Boldumsaz etrabynda
awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş toparynyň edara binasynyň, Daşoguz
şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň gurluşyk işleri tamamlanyp,
ulanmaga berildi. 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek
maksady bilen, häzirki wagtda welaýatyň 145 müň gektar ak ekin meýdanynda
degişli ideg işlerini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen birlikde,
gowaçanyň we azyklyk ekinleriň ýazky ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, özüne ynanylan wezipäni
oňarmandygy üçin, D.Annamuradowy Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi
wezipesinden boşatdy we bu wezipä W.Saparmyradowy belledi hem-de ony Daşoguz
welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz
Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine Ş.Annaýewi belläp, ony
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Daşoguz
welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesine Ý.Gowşudow bellenildi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek
boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda,
welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalary hem-de inženerçilik ulgamlaryny
gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Häzirki wagtda sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär,
hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda,
ideg işleri alnyp barylýar. Gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny, ekişde ulanyljak
tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, özüne ynanylan wezipäni
oňarmandygy üçin, M.Erkaýewi Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi
wezipesinden boşatdy we bu wezipä E.Açylowy belläp, ony Lebap welaýatynyň Saýat
etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, A.Rozyýewi Lebap
welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä A.Seýidowy
belledi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Sebitde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçen
ýylda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň 4-siniň, durmuş
goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin 2 sany 4 gatly, 48 öýli
ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berildi. Şeýle hem häkim
welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň hasyly üçin
gowaça ekiljek meýdanlary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny
we ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça
degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Welaýatlarda bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik
edýän pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba
hojalygynda özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, tutuş oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini
106,8 göterime deň boldy. Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 107
göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw
hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,4 göterime, “Türkmen atlary”
döwlet birleşigi boýunça 101,3 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini
özleşdirmegiň meýilnamasy 197,9 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,
meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekiljek
meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, ýerleri sürmek we tekizlemek,
oba hojalyk tehnikalaryny, tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak işleri alnyp
barylýar. Şeýle hem oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün
etmek maksady bilen, suw howdanlarynda suw toplamak, suw serişdelerini rejeli
we netijeli ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça
görülýän çäreler barada aýdyldy. Mundan başga-da, suwaryş we şor suw
akabalaryny arassalamak ugrunda degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm
pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli
özgertmek hem-de pudagy dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak barada karara
gelendigini aýtdy.
Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredilýär. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm ädim bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak bilen bagly resminama gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz üýtgedip guralan ministrligiň we täze döredilen pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek baradaky meselä geçip, başga işe geçmegi sebäpli, N.Nazarmyradowy oba hojalyk ministri wezipesinden boşadýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä Ç.Çetiýewi belläp, ony oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň
başlygy wezipesine M.Öwezliýewi belläp, ony oba hojalyk ministriniň orunbasary
wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz Azyk senagaty döwlet birleşiginiň
başlygy wezipesine B.Ataýewi belläp, ony oba hojalyk ministriniň orunbasary
wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine G.Ataýewi belläp, ony oba hojalyk
ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. «Türkmenpagta» döwlet konserniniň
başlygy wezipesine D.Süleýmanow, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygy
wezipesine N.Berdiniýazow bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol
çekip, ministrligiň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylaryna işlerinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2024-nji ýylda
welaýatlar boýunça oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek
hakynda, gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda, bag ekmek hakynda, pile
öndürmek hakynda, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan
höweslendirmek maksady bilen, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny
ýokarlandyrmak hakynda Kararlaryň taslamalarynyň taýýarlanandygyny aýtdy we bu
resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer T.Atahallyýewe ýüzlenip, oba hojalyk
pudagy tarapyndan oba hojalyk önümleriniň, harytlaryň hem-de çig malyň
öndürilişiniň möçberini artdyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün
etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini
ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ekerançylykda we bagbançylykda ýokary hasyl berýän ekinleriň hem-de miweli
baglaryň sortlaryny ýetişdirmek boýunça işleri netijeli alyp barmak möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin
öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly
işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Azyk senagatynda degişli
kärhanalary döwrebaplaşdyrmak boýunça hem degişli işleri geçirmek möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna berk
gözegçilik etmegiň, goşmaça suw gorlaryny döretmek ugrunda işleri durmuşa
geçirmegiň, suw obýektleriniň ýagdaýyny seljermegiň we olary gowulandyrmak
boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň özboluşly ekologik ulgamlaryny, ösümlik we haýwanat
dünýäsini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn
işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri R.Meredow geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Öňde goýlan wezipeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny
ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn
we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler
amala aşyryldy. 2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Hytaý Halk Respublikasyna, Bahreýn Patyşalygyna, Azerbaýjan Respublikasyna,
Katar Döwletine, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistan
Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Wengriýa,
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan
Respublikasyna, Birleşen Arap Emirliklerine döwlet, resmi we iş saparlarynyň
18-sini amala aşyrdy.
Şeýle hem hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap
Emirliklerine, Türkiýe Respublikasyna, Germaniýa Federatiw Respublikasyna,
Eýran Yslam Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Täjigistan
Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna saparlary
amala aşyrandygy bellenildi. Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan
Respublikasynyň Prezidentleriniň, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň
Başlygynyň, Wengriýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza saparlary boldy.
Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem
Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen resmi gepleşikler we duşuşyklar
guraldy. 2023-nji ýylyň dowamynda 257 sany halkara resminama gol çekildi.
Daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, geçen
ýylyň dowamynda bilelikdäki hökümetara toparlaryň nobatdaky mejlisleri,
işewürlik maslahatlarydyr duşuşyklar guraldy.
Şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmek bilen bagly
teklipleri ýerine ýetirmek meseleleri boýunça hasabat berildi. Şol teklipler
Daşary işler ministrligi tarapyndan Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylda
geçirilen mejlislerinde hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan
daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly,
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilendigini
belledi. Ýurdumyz halkara bileleşigiň agzasy hökmünde hem-de öz Bitaraplyk
hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, dünýä giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy
üpjün etmäge, häzirki zamanyň wehimleriniň we howplarynyň öňüni almaga, olaryň
täsirini peseltmäge gönükdirilen işleri üstünlikli dowam etdirýär.
Ýurdumyz dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary
ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan energetika we
energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýany, daşky gurşawy goramak,
suw serişdeleri, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça dünýä döwletleri,
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyza
daşary ýurt maýa goýumlaryny, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we innowasion
çözgütlerini çekmäge ýardam bermek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlyk dowam
etdirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýylynda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda birnäçe iri halkara çäreleriň
geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigine ünsi çekdi. Akyldar şahyrymyzyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň
açylyş dabarasy geçiriler. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly
ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri hem oturdylar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň
arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanyna
öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer, daşary işler ministrine göz öňünde tutulan halkara çärelere gowy
taýýarlyk görmek we olaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek
tabşyryldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Mejlisiň maslahatlarynyň 5-si
geçirilip, olarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy we Mejlisiň kararlarynyň
52-si kabul edildi. Häzirki wagtda täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak
boýunça işler dowam edýär. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçen
ýylda dürli döwletleriň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalaryň we halkara
guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi, şol sanda daşary ýurtlaryň
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi.
Halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara
iş saparlary guraldy.
Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini
kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek
boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri,
abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna
gatnaşdylar. Deputatlar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzda
durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek boýunça düşündiriş
işlerini geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek babatda
degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. 2023-nji ýylda döwletimiziň
kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan
Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy kabul edildi. Şeýle hem birnäçe kanunlara
üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Kabul edilen kanunlar Garaşsyz Watanymyzyň
mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda
ýaşamagyny üpjün eder.
Şeýle hem Mejlisiň Başlygy Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda geçirilýän
toplumlaýyn işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna»
atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzda
we onuň çäklerinden daşarda şahyryň gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de
dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen toplumlaýyn işleriň alnyp
barylýandygyny belläp, hödürlenen Kanuna gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde
Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmek, dünýä jemgyýetçiligine wagyz
etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu
işleri mynasyp dowam etdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň «Magtymguly
Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň
Kanunyna gol çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri
gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň
yglan edilendigini belledi. Ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa söz berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda,
bu topar tarapyndan tassyklanan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň
netijeleri boýunça “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen
2023-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Bäsleşigiň netijeleri
boýunça durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy netijeleri
gazanan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby onuň ýeňijisi diýlip kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz maglumaty diňläp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabyny 2023-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap
diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary
möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2024-nji ýylda
etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek
hakynda Buýruklara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet
Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, geçen ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi we
şu ýylda döwletimiziň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.
Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýylda uly üstünlikleri gazandyk, bellän
meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow kanagatlanma bilen aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa
ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi.
Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki
önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 4,3 göterim, söwdada 12,8
göterim, oba hojalygynda bolsa 4,4 göterim boldy. Maýa goýumlar 7,5 göterim
artdy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hasabat döwründe jemi 12 müň 274 sany
täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi
11,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna 78 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga,
umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary
ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar.
Geçen ýyl biz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň
taryhynda gurlan ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäherini dabaraly ýagdaýda
açdyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bellenilişi ýaly, Mary — Ahal ugry
boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy, şeýle hem dürli
ugurly onlarça täze kärhanalar dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Daýhanlarymyz
ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň
belleýşi ýaly, 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi, zähmet
haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de artdyryldy.
Paýtagtymyz Aşgabatda ýokary derejede geçirilen, Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi ýaşlaryň
durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy.
Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy has-da ýokarlanýar. Biz
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürýäris.
Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan birnäçe Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitarap
döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň halkara
giňişlikde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Bitarap Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen hem
netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, ýurdumyz dünýä döwletleri, halkara
guramalar bilen dürli görnüşdäki gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär diýip,
döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň
tagallasy bilen ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlige eýe boldy.
Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyly «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdik. Bu şygar uly many-mazmuna eýe
bolup, watançylygymyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge, ata
Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga
ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şunuň bilen
baglylykda, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin tutanýerli zähmet
çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ileri tutulýan wezipelerine geçip,
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum
Maksatnamasyna» laýyklykda, umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş
jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli
çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini belledi.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa
geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň we
binalaryň gurluşygyna badalga berler, şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak
göz öňünde tutulýar.
Şu ýyl Aşgabat şäherinde bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny
arassalaýjy desga, «Dokmaçylar» medeni merkezi, Magtymguly Pyragynyň täze
ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13
sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara
fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement
zawodynyň ikinji tapgyry, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut
geňeşliklerinde täze, döwrebap obalar, Balkan welaýatynda Garabogazköl
aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Jebel şäherçesinde Halkara howa
menzili toplumy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda sement zawodynyň ikinji
tapgyry, Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek
gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanmaga tabşyrylar. Şeýle hem Aşgabat —
Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi işe
giriziler. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen,
awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik
ulgamlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde
goýberiler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz
ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip
yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreler geçiriler. Bellenilişi ýaly,
nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini, onuň baý mazmunly
goşgularyny dünýä ýaýmakda professor-mugallymlaryň, edebiýatçylaryň,
döredijilik işgärleriniň hyzmaty örän uludyr. Bu işe daşary ýurtly raýatlar hem
öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly döredijilik işgärlerini täze
döredilen ýubileý medaly hem-de Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen
sylaglamak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Şunuň
bilen bir hatarda, ýylymyzyň aýratyn möhüm wakalary bolan bu şanly seneleri
geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni jemläp, şu ýyl üçin kabul edilen
maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny belledi. “Ata Watanymyzy
mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr” diýip,
hormatly Prezidentimiz nygtady we halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet
çekip, 2024-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam
bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de belent sepgitlere
ýetmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov