Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň
häkimleri gatnaşdylar.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz
berdi. Ol geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy deputatlaryň adyndan ýetip
gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, eziz
Watanymyzyň rowaçlygy, mähriban halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan
köptaraply işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we
möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak ýörelgesi indi
asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Gündogaryň beýik akyldary we
nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek
hakynda» Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden
daşarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna,
ynsanlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny
terbiýelemekde milli edep-terbiýe mekdebine öwrülen gymmatly edebi mirasyny
öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak maksady bilen, toplumlaýyn işler
alnyp barylýar.
Ýokarda beýan
edilenleriň esasynda, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly
atlandyrmak, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher
paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur
alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri
jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip
gowşan teklipleri göz öňünde tutup, 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy.
Soňra bu karar dolulygyna okaldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýyly
döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň
kabul edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň ýolbaşçysynyň
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, deputatlaryň we halkymyzyň
geljek ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky beýan eden teklibini makullap,
2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip
yglan etdi.
Bu çözgüt
şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy türkmen
ýaşlarynyň durmuşyna, ykbalyna we ähli ulgamlarda gazanan üstünliklerine
bagyşlanan “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň neşir edilmegi bilen
gutlady. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy egindeşleriniň adyndan ýetip
gelýän 2024-nji ýyl bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk,
ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ähli başlangyçlarynda we
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi
ýaly, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýen şygar astynda geçýän
2023-nji ýyl, hakykatdan-da, döwletimiz we halkymyz üçin üstünlikli, rysgal-bereketli
ýyl boldy. Bu döwürde jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, hususan-da, syýasy,
ykdysady, durmuş we beýleki ulgamlarda döredilen giň mümkinçilikleriň
netijesinde uly ösüşler gazanyldy. Wise-premýer geljek ýylyň “Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, bu şygaryň çuň many-mazmuna eýedigini belledi.
Mälim bolşy
ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan halkymyzyň gymmatly medeni
mirasyny wagyz etmek, nusgawy edebiýatymyzyň meşhur şahsyýetleriniň eserlerini
halkara derejede ýaýmak ugrunda uly tagalla edilýär. Bu babatda beýik akyldar,
söz ussady Magtymguly Pyragy aýratyn orun eýeleýär. Onuň döredijiligine bütin
dünýäde uly sarpa goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mynasyp dowam
etdirmeginde Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň
hem-de onuň çäginde nusgawy şahyryň belent heýkeliniň bina edilmegi aýratyn
ähmiýete eýe boldy.
Wise-premýer,
daşary işler ministri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli ýurdumyzda, daşary döwletlerde türkmen halkynyň beýik oglunyň
ömrüne we döredijiligine bagyşlanan köp sanly ylmy-medeni we beýleki çäreleriň
meýilleşdirilendigini belläp, indiki ýylda bu ugurda halkara wakalaryň ýokary
derejede geçiriljekdigine ynandyrdy.
Geçip barýan
2023-nji ýylyň ýene bir möhüm waka bilen tapawutlanandygy aýratyn bellenildi.
Bu ýylyň soňky günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen
halkyna we dünýä jemgyýetçiligine öz ajaýyp eseri bolan “Ýaşlar — Watanyň
daýanjy” atly kitabyny sowgat berdi. Ýaşlara bagyşlanan şunuň ýaly gymmatly
neşiriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilmegi möhüm ähmiýete
eýedir. Çünki bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde
tutýan ornuna mynasyp baha berilýär.
Häzirki wagtda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideriniň
ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça tagallalaryny mynasyp dowam
etdirýär. Ýurdumyzyň häzirki abadan durmuşy we röwşen geljegi ýaşlar bilen
baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin giň
mümkinçilikleri döretmegiň, olara ýol açmagyň zerurdygyny, sebäbi geljegimiziň
ýaşlar bilen baglydygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy
ýaly, ýaşlaryň gujur-gaýratyny ýaşulularyň tejribesi bilen utgaşdyrmaly.
Şu ýylda
ýaşlaryň işleri we ýaşlar barada, olaryň gönüden-göni gatnaşmagynda geçen milli
we halkara derejeli çäreler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda wajyp
ähmiýetli wakalara öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
kitabynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň gazanan uly üstünlikleri we ýeten belent
sepgitleri barada giňden beýan edilýändigini ýene-de bir gezek nygtap,
wise-premýer, daşary işler ministri “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby
daşary döwletleriň, hususan-da, goňşy ýurtlaryň wekilleriniň öz dillerine
terjime etmek barada ýüzlenýändiklerini belledi. Olar bu gymmatly eseri
özleriniň ösüp gelýän ýaş nesillerini terbiýelemek işinde ulanmagy göz öňünde
tutýarlar.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow giň okyjylar
köpçüligi üçin niýetlenen gymmatly kitabyň neşir edilmegi, şeýle hem ýetip
gelýän Täze ýyl bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, döwlet
Baştutanymyza döredijilik işinde uly üstünlikleri, berk jan saglyk we uzak ömür
arzuw etdi.
Soňra
bilelikdäki giňişleýin mejlise gatnaşyjylara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
“Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby sowgat berildi. Ýygnananlar bu bahasyna
ýetip bolmajak sowgady hoşallyk bilen kabul etdiler. Çuň many-mazmunly bu eser
giň gözýetimli ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde gymmatly gollanma
bolar.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, eziz Watanymyzy tüýs
ýürekden söýýän, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň
strategik wezipeleriniň biri bolup durýar. Täze kitap hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn
ýaşlary terbiýelemäge, olaryň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen
öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň
nobatdaky subutnamasydyr.
Döwlet
Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly eseri ýurdumyzyň
jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, eziz Watanymyzyň
halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan
işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw bolar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2023-nji
ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly
hökmünde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň taryhynda hemişelik galjakdygyny
belledi.
Geçip barýan
ýylda Ministrler Kabinetiniň 46, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 10 mejlisi, şeýle
hem dürli döwlet maslahatlarynyň 44-si geçirildi. Bu mejlislerde, maslahatlarda
döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm meselelere seredildi.
Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işler amala
aşyrylýar, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. «Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp
haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Ýurdumyzda
hereket edýän kanunçylyk döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirilýär. «Döwlet adam
üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyz üstünlikli
durmuşa geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady
we Garaşsyz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde önümçilik, medeni-durmuş
desgalarynyň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň dowam edýändigini
kanagatlanma bilen belledi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde
Türkmenistanyň iň täze taryhyna giren şu ýyl halkara we içeri syýasy ähmiýetli
ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Bu wakalar döwletimiziň durmuş-ykdysady,
ruhy ösüşiniň dürli ugurlaryny öz içine alýar.
Bellenilişi
ýaly, 2023-nji ýylyň iýun aýynda Arkadag şäheriniň açylmagy ṣol wakalaryň hatarynda
möhüm orun eýeledi. Bu şähere kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi —
döwlet ähmiýetli şäher derejesi berildi. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly
taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Gurluşygyň tamamlanan
birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň
336-sy bina edildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk “smart-sitiniň” —
sanly we “akylly” tehnologiýalar merkeziniň gurulmagy döwletimiziň ykdysady
taýdan örän kuwwatlydygynyň, ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap ynamly
barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň
günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň
döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi munuň aýdyň nyşanydyr.
Döwlet
Baştutanymyz daşary syýasatyň meselelerine degip geçip, «Bitarap Türkmenistanyň
daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» üstünlikli
durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, Bitarap Watanymyz sebit
hem-de ählumumy derejede parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde örän möhüm
wezipeleri çözmek üçin tagalla edýär. Şeýle-de abraýly halkara we sebit
guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli
hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ençeme
Kararnamalary Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen taýýarlanyldy we kabul
edildi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde,
Garaşsyz Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen hem
netijeli işleri alyp barýar.
Şu ýylyň
dowamynda biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy
üpjün etmek, halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýä
döwletleri bilen medeniýet, ylym-bilim we sport ulgamlarynda gatnaşyklary
giňeltmek boýunça yzygiderli işleri geçirdi. Parlamentara hyzmatdaşlygyň gerimi
giňäp, mazmuny baýlaşdy. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine
ýetirmek boýunça zerur tagallalary edip, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag
ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar babatda hyzmatdaşlyga aýratyn
ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň edýän tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara
guramalar tarapyndan giňden goldanylýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu
ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen
«Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly
Kararnamalar, şeýle hem biziň ýurdumyzyň dört sany dürli halkara guramanyň
düzümine saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen
halkynyň taryhy-medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek maksadyndan ugur alyp,
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri
boýunça guramasy bilen netijeli hem-de ulgamlaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýär.
Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary
bezemek däpleri» atly milli hödürnamasy bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni
mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan
Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek
ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», Gazagystan we Özbegistan Respublikalary
bilen hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn
hödürnamalary bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.
Döwlet
Baştutanymyz Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk meselelerine geçip, baýramçylyk
günlerinde şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän
ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Baýramçylyk
günlerinde raýatlarymyz gowy dynç alar ýaly ähli şertleri döretmek üçin
ýurdumyzyň medeni-dynç alyş edaralarynda, teatrlarynda we sirklerde gyzykly
çykyşlary guramak zerurdyr. Teleradioýaýlymlarda hem täsirli gepleşikleri
bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygy günlerinde şäherlerde
we obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, ilata
aragatnaşyk hyzmatlarynyň bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy. Ilata söwda hyzmatyny talabalaýyk ýola goýmak, bazarlarda
we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek zerurdyr.
Baýramçylyk
günlerinde her bir ýolbaşça nobatçylygy ýokary derejede guramak tabşyryldy.
Baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça
nobatçy bellenilmelidir. Jemagat hojalygy, elektrik, suw üpjünçilik
gulluklarynyň, hassahanalaryň, jemgyýetçilik ulaglarynyň we dükanlaryň takyk
hem-de bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara baýramçylyk günleri raýatlarymyz gowy
dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçer ýaly, ähli ýerlerde
tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini jemläp, ýygnananlary täze — 2024-nji
luw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere geljek ýylda halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar döwletimizi
ählitaraplaýyn ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov