Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaý
bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini
mälim etdi.
Gahryman
Arkadagymyz Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda soňky ýyllarda
gazanylan özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we açyklygyň derejesiniň ýokarydygyny
nygtady.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň bellemegine görä, ýurtlarymyzyň strategik
hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli, gyşarnyksyz we maksadaokgunly
ösdürilýär.
«Biz
bu hyzmatdaşlygy ösdürip we giňeldip, türkmen we hytaý halklarynyň dostluk
hem-de hoşniýetli goňşuçylyk taryhy gatnaşyklaryna, olaryň birek-birege çuňňur
hormat goýmagyna, iki döwletiň häzirki halkara syýasatynyň esasy meseleleri
boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna,
taraplaryň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna daýanýarys» diýip, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Gahryman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlygyň şeýle häsiýete eýe bolmagy
Türkmenistanyň we Hytaýyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelmek bilen, halkara
durnuklylygyny we howpsuzlygyny saklamaga hem-de pugtalandyrmaga saldamly
goşant goşýar, derwaýys sebit meseleleriniň ençemesini çözmäge ýardam edýär,
Aziýa yklymynda söwda-ykdysady işleri çaltlandyrmagyň we giňeltmegiň möhüm
şerti hökmünde çykyş edýär.
«Türkmenistan
Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk
meýillidir, şeýle hem syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi
dowam etmäge taýýardyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
tdh.gov