Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy
edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz
Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri
B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň başyndan bäri ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň
öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şol sanda Milli
goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de onuň ähli kysymlarynyň
harby gullukçylarynyň nazary bilimlerini, söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak
maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde,
nobatdaky harby gulluga çagyryşyň netijeleri, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly
senesi mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada
aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby
doktrinamyza hem-de döwrebap talaplara laýyklykda, Ýaragly Güýçlerimiziň
goranyş wezipelerini ýerine ýetirmäge taýýarlygyny, harby gullukçylaryň hünär
ussatlygyny has-da ýokarlandyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň
33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe we göz öňünde
tutulan beýleki çärelere gowy taýýarlyk görmek, olaryň ýokary derejede geçirilmegini
üpjün etmek tabşyryldy.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik
etmek üçin durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle
hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda öňdebaryjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek baradaky
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp,
raýatlarymyzyň hukuklarynyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goragynda
duran döwlet edarasy hökmünde prokuraturanyň ähmiýetini belledi. Şunda ähli
pudaklarda kanunlaryň we hukuk namalarynyň takyk ýerine ýetirilişine berk
gözegçilik etmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz Baş
prokurora jenaýatyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri, şol sanda bu ugurdaky
wagyz-nesihat işlerini has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek,
düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen birlikde, ýol gözegçiligi, ýangyn howpsuzlygy düzümleriniň işini
kämilleşdirmek, bu gulluklaryň işgärleriniň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý
ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda görülýän çäreler barada
aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de Içeri işler ministrliginiň
işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekip, ýurdumyzda hukuk tertibiniň, kanunylygyň
ýokary derejede bolmagynyň, jemgyýetçilik tertibiniň goralmagynyň üpjün
edilmeginiň zerurdygyny belledi. Häzirki wagtda tomus möwsüminiň dowam etmegi,
howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangynyň döremegine garşy gözegçilik işlerini
alyp barmak tabşyryldy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu
ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, kazyýet işini
talabalaýyk guramak üçin görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli
ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmak, bu
ugurda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek babatda amala aşyrylan işler hakynda
aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýetiň ähli işiniň
kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmäge gönükdirilendigini
belledi hem-de Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna kazylara kanunçylygy ulanmak
boýunça ugrukdyryjy düşündirişleri bermegi, olaryň hünär taýýarlygyny
yzygiderli ýokarlandyryp durmagy tabşyrdy.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe alnyp
barlan işleriň netijeleri, döwletiň milli bähbitlerini goramak, asudalygy,
durnuklylygy üpjün etmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat
berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal
beren tabşyryklarynyň, ministrligiň degişli ösüş maksatnamasynyň ýerine
ýetirilişi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gazanylýan uly üstünlikleriň we
ýetilýän belent sepgitleriň ýurdumyzda howpsuzlygy üpjün etmek bilen
gönüden-göni baglydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk
ministrliginiň üstüne ýüklenen borçlaryň, harby gullukçylaryň öňünde durýan
wezipeleriň örän jogapkärlidigine ünsi çekip, degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny
üpjün etmek, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär
derejesini ýokarlandyrmak, ýaş esgerleriň harby-watançylyk taýdan terbiýesi
boýunça guralýan çäreleriň netijeliligini artdyrmak babatda görlen anyk çäreler
barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp,
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň serhetleriniň goňşy we beýleki ýurtlar
bilen dostlukly gatnaşyklaryň daýanjy bolmalydygyny, döwletimiziň içeri, daşary
syýasatynyň dabaralanmagynyň nyşany hökmünde çykyş etmelidigini belledi.
Döwletimiz tarapyndan Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý
ýaşaýyş-durmuşy üçin mundan beýläk-de oňaýly şertler dörediler, serhet
birikmeleriniň döwrebap binalary we durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurlar
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün
etmek maksady bilen, degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek
boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de degişli ösüş
maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ilat arasynda we edara-kärhanalarda
kanunçylygy düşündirmek boýunça işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň
bilen birlikde, ýurdumyzdaky il-ýurt bähbitli işleri, gazanylýan üstünlikleri
wagyz-nesihat etmegi giňden ýola goýmak tabşyryldy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan bäri
ýolbaşçylyk edýän düzümini tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak we düzümleýin
edaralaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada
hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp,
ýörite enjamlary ulanmak babatda harby gullukçylaryň hünär bilimini yzygiderli
kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz gümrük barlag
enjamlary boýunça dünýäniň innowasion täzeliklerini yzygiderli öwrenmegiň
zerurdygyna ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow hasabat döwründe ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, harby gullukçylaryň öňünde goýlan wezipeleriň
talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, degişli ösüş maksatnamasynda kesgitlenen
wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa
geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň işiniň talabalaýyk
guralmagynyň gullukçylaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny,
migrasiýa çärelerini dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen standartlara
laýyklykda geçirmek üçin oňyn şertleriň döredilmegini talap edýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň we daşary ýurtlaryň raýatlary
tarapyndan migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek
tabşyryldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemläp,
Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, baky
Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek
boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini nygtady. Döwletimiziň goranyş ukybyny
pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere
garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň
bähbidine jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov