Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ahyrynda guraljak ýaşlaryň dabaraly
maslahatyna we sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren
tabşyryklaryna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji dekabrda paýtagtymyz
boýunça iş saparyny amala aşyrdy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna geldi.
Döwlet
Baştutanymyz golaýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde şu ýyl
ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly çäreleriň
bolandygyna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly
maslahaty we sergisi geçiriler. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary
ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň ders
olimpiadalarynda, talyplaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, ykdysadyýetiň
dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan
ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener.
Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyz maslahat geçirdi we ýaşlar forumyny üstünlikli
guramak boýunça öwüt-nesihatlaryny, tabşyryklary berdi. Oňa Mejlisiň Başlygy,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
ýerine ýetiriji direktory, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Aşgabat şäheriniň
häkimi gatnaşdylar.
Ata
Watanymyz Türkmenistanyň giň möçberli üstünlikleri, Diýarymyzyň barha belende
galýan halkara abraýy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy Gahryman Arkadagymyzyň
başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän,
ýurdumyzyň ýaşlarynyň geljegini esasy ugur edinýän öňdengörüjilikli syýasaty
bilen berk baglydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şygarynyň
ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de halkara syýasy, ykdysady, medeni
giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan
hormatly Prezidentimiziň we bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy
jemgyýetimiziň ösüşiniň binýady bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdan nyşandyr.
Watan, ýaşlar, geljek baradaky mukaddes düşünjelerimiz bu şygaryň düýp
mazmunyny düzýär. Bu ajaýyp ýylyň üstünlikleri, syýasy, jemgyýetçilik, halkara
ähmiýetli wakalary ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýar, at-abraýy dünýä
dolan Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrýar diýip, Milli
Liderimiz belledi.
Türkmen
ýaşlary halkara derejeli ýaryşlarda, dürli ugurlar boýunça olimpiadalarda
üstünlikli çykyş edip, döwletimiziň at-abraýyny has-da belende göterýärler.
Munuň özi ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi,
ýokary hilli bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy bilen
baglanyşykly meselelere döwletimiz tarapyndan möhüm ähmiýet berilýändiginiň
aýdyň beýanydyr.
Gahryman
Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň şu ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça
gazanan üstünliklerini beýan edýän ýaşlar forumynyň açylyş dabarasynyň
unudylmajak pursatlara beslenmelidigine hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynyň ajaýyp jemlenmesine öwrülmelidigine ünsi çekdi we bu babatda degişli
ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow hem-de B.Atdaýew
döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda şu ýylyň ahyrynda geçiriljek
ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdiler.
Bellenilişi
ýaly, ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen
halkyna gadymdan mahsus bolan ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak,
sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi,
ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny
goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda
durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň,
“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň
2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp
barylýan işleriň netijeleriniň sergide öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Şeýle-de sergide ýurdumyzda döwrebap derejede bilim almak, ylym we döredijilik
bilen meşgullanmak, ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlygyny goramak, ýaş
maşgalalara goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler açylyp görkezilmelidir.
Gahryman
Arkadagymyz bu serginiň milli we döwrebap äheňde bolmalydygyny, hususan-da,
bezeg hem-de dizaýn işlerine, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine möhüm ähmiýet
berilmelidigini nygtady. Şunda sanly tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş
çykarýan, sanly ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagy başarýan ýaş hünärmenleriň
işläp taýýarlamalary şöhlelendirilmelidir diýip, Milli Liderimiz bu babatda
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem
türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda geçirilen Kuraş boýunça dünýä
çempionatynyň ýaş türkmenistanlylary sport bilen meşgullanmaga höweslendirmekde
uly ähmiýete eýe bolandygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Adam üçin iň
möhüm zadyň onuň saglygydygyny, saglygyň ruhubelentlikdigini, dünýäde iň uly
baýlykdygyny, tükeniksiz hazynadygyny aýdyp, lukman Arkadagymyz «Saglyk» Döwlet
maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy
goraýyş edaralarynyň, kliniki we ylmy-kliniki merkezleriň bina edilendigini
belledi hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň häzirki zaman türkmen
döwletiniň we jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän sagdyn ýaş nesli kemala
getirmekdäki möhüm ornuna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe
görkezmeleri berdi.
Sergide dünýäniň ösen
binagärlik meýillerini, milli binagärligiň gazananlaryny, bu ugurda ýokary
tehnologiýalary hem-de innowasiýalary ulanmak arkaly durmuşa geçirilýän we
ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerindäki
ýaşlaryň işläp taýýarlan binagärlik çözgütleriniň nusgalary giňden
görkezilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we birnäçe tabşyryklary
berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri taryhymyza, medeniýetimize,
däp-dessurlarymyza gadyr goýmagy başarýan, maşgala gymmatlyklaryna sarpa
goýýan, kämil, beden, ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek boýunça
alnyp barylýan işleriň sergide şöhlelendirilmelidigini belläp, bu babatda
degişli tabşyryklary berdi.
Milli
ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynyň ösdürilmeginde
bu ugurda iş alyp barýan ýaş alymlaryň ukyp-başarnyklary, täze gözlegleri, ylmy
açyşlary giňden ulanylýar. Hormatly Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen,
sergide ýaş alymlaryň ylmy işlerine, olaryň gazanan üstünliklerine orun
berilmelidigini nygtady. Şeýle-de Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň
pudaklaryny ösdürmekde, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri
öndürmekde, azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda hususy pudaga uly ornuň
degişlidigini aýdyp, telekeçileriň, hususan-da, ýaş telekeçileriň ýeten belent
sepgitleriniň mynasyp şöhlelendirilmelidigini belläp, bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheridigini aýdyp,
ýaşlaryň döwletimiziň beýik geljegi, şu günki daýanjydygyny aýratyn nygtady.
Şunda ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde döwrebap durmuş düzümleriniň
döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet
berlendigi bellenilip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygyna degişli tabşyryklar berildi.
Gahryman Arkadagymyz
paýtagtymyzda gurlan we gurluşygy alnyp barylýan desgalarda öňdebaryjy
inženerçilik-tehniki çözgütleriň, milli binagärligiň gadymy däpleriniň, häzirki
zaman şähergurluşyk tejribesiniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny we bu işde
ýaşlaryň hem mynasyp paýynyň bardygyny aýdyp, bu ugurda anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra Milli
Liderimiz bu ýerde ýaşlar forumyna bagyşlanyp guraljak ulgamlaýyn sowal-jogap
maslahaty babatda özüniň öwüt-ündewlerini we maslahatlaryny berdi. Gahryman
Arkadagymyz bu maslahatyň möhüm ähmiýeti barada aýdyp, onda ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň, döwletimiz
tarapyndan ýaşlar baradaky edilýän aladanyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Türkmenistan
ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalary
goldaýar hem-de häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini, ykdysady
hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak, iri sebit taslamalaryny
amala aşyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly halkara hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz durnukly ulag, energetika,
ekologiýa, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy
pugtalandyryp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
Kararnamalarynyň taslamalary bilen çykyş edýär we anyk teklipleri öňe sürýär.
Bular barada ylmy-amaly maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar giňişleýin
maglumat almalydyrlar.
Gahryman
Arkadagymyz ylmy-amaly maslahatyň geçiriljek ýeriniň bezeg aýratynlyklarynyň
sanly ulgamyň we täzeçil tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine esaslanmalydygyny,
täsinligi, özboluşlylygy bilen oňa gatnaşyjylaryň her birinde ýatdan çykmajak
täsirleri galdyrmalydygyny aýtdy.
Ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ýeten belent sepgitleri, ylym-bilim, saglygy
goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri dünýäniň iň
öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak arkaly şöhlelendirilmelidir. Munuň özi ata
Watanymyz Türkmenistanyň halkara giňişlikde ähli ugurlar babatda uly abraýa eýe
bolýandygynyň ýene-de bir aýdyň beýany bolar.
Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün
etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklarymyzy, milli
däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak,
watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, ýaşlaryň
jemgyýetçilik-şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek,
ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek, hasaba almak, olary kanagatlandyrmak
ýaly örän möhüm wezipeleri çözmek boýunça işleri alyp barýar diýip, Gahryman
Arkadagymyz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň giňişleýin wagyz
edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz
ýaşlar forumyna bagyşlanyp geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk
derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş
maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyz ýakynda Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýyl ýurdumyzyň
ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly çäreleriň geçirilendigi
baradaky aýdanlaryna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet
Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynyň jemlerini jemlemek, ähli ulgamlarda öz hünär ugurlary boýunça göreldeli
zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýan, halkara
bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ata Watanymyzyň
at-abraýyny belende galdyrýan ýaşlarymyzy sylaglamak bilen bagly öňde möhüm
wezipeleriň durandygyny belledi.
Iş
maslahatynyň barşynda degişli ýolbaşçylar şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň
durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar, olaryň dürli ulgamlarda gazanan
üstünlikleri, ýaşlary sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada
hasabatlary berdiler.
Bellenilişi
ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň
has-da dabaralanýan ýyly boldy. Döredilýän döwrebap şertleriň, giň
mümkinçilikleriň gurşawynda okap bilim alýan, dürli kärlerde zähmet çekýän,
ylym, döredijilik, sport bilen meşgullanýan ýaşlar uly üstünlikleri gazandylar.
Şu ýyl ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we talyplary köp sanly halkara bilim
bäsleşiklerinde, internet olimpiadalarynda baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Munuň özi ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň ajaýyp
miwesidir. Ýaşlarymyz medeniýet we sungat ugrundan geçirilen halkara
bäsleşiklerde-de ýokary netijeleri görkezip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy
dünýä ýaýmakda mynasyp hyzmatlary bitirdiler. Olaryň sportda gazanýan üstünlikleri-de
Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýar.
Häzirki
döwürde türkmen ýaşlary özlerine uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň
nusgalyk göreldesine, parasatly öwüt-ündewlerine eýerip, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň tagallasy, beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň
üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Olar türkmen halkynyň
Milli Lideriniň sargytlaryny berk berjaý edip, okamak, öwrenmek, döretmek
bilen, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Gahryman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary geljekde ýurdy
beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly
hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen
geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy
täze taryhy döwrüň mysalynda öz synmaz ornuny tapýar. Şu ýyl ýurdumyzyň
ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatda hem möhüm ähmiýetli
taryhy wakalara beslendi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tomsunda
hormatly Prezidentimiziň tassyklamagynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara
hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler
Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen
düzüminiň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň agzasy bolmagy
ýurdumyzda ýaşlar ýylyny halkara üstünlikler bilen dabaralandyran nobatdaky
ajaýyp waka boldy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bagtyýar
döwrümizde ýaşlaryň täzeçil teklipleri taýýarlamalydyklaryny aýtdy we gymmatly
maslahatlaryny berdi. Forumyň çäklerindäki ýaşlaryň maslahatynyň ýokary
derejede geçirilmelidigi, oňa ähli ugurlarda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň
işjeň gatnaşmalydygy, umuman, ýaşlar ýylynyň jemleri bilen bagly bu çäräniň
ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi barada aýdyp, Gahryman
Arkadagymyz möhüm wezipelere ünsi çekdi.
Forumda ähli
ulgamlarda göreldeli zähmet çekýän, ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny
görkezýän, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýan, halkara bäsleşiklerde,
sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ata Watanymyzyň at-abraýyny arşa
göterýän ýaşlaryň, merdana ata-babalarymyzyň mertlik ýoluny mynasyp dowam
etdirýän edermen ýaş Watan goragçylarynyň sylaglanylmalydygy, toplumlarda
sylaglara mynasyp ýaşlary saýlap-seçmek babatdaky işleriň alnyp barylmalydygy
we teklipleriň taýýarlanylmalydygy barada aýdyp, Milli Liderimiz öz
maslahatlaryny berdi.
Ýaşlary
sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän konsert
geçiriler. Türkmen halkynyň Milli Lideri konsertiň taryhy wakalara beslenen
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly jemlenmesi boljakdygyny
belledi we onuň hemmetaraplaýyn ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini
üpjün etmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov