2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen-owgan serhedinde Türkmenistan bilen Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energiýa, ulag we infrastruktura ugurlaryndaky halkara taslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe dabaralar geçirildi.
Dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Mary
welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet
nokadyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi
adamlar mähirli garşyladylar.
Birnäçe wagtdan bu ýere Owganystanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed
Hasan Ahund geldi. Asylly däbe görä, owgan myhmanyna duz-çörek hödür edildi.
Soňra «Islim-Çeşme» serhet nokadynda gurnalan
mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň hem-de Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine
ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahundyň duşuşygy geçirildi.
Oňyn ýagdaýda geçen gepleşiklerden soňra
taraplar Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň demir ýol köprüsiniň
açylyş, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak,
«Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň
taslamasynyň Arkadagyň Ak ýoly bilen «Serhetabat-Hyrat» gaz geçirijisiniň
gurluşygyna badalga bermek we Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat
optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek
dabaralaryna gatnaşdylar.
Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda»
ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň
Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem
«Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji
tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda
ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary şu günki
wakalaryň hatarynda boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly dabaralara
gatnaşyjylara ýüzlendi.
Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna
ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýandygyny bellemek möhümdir.
Şu günki çäreler Türkmenistanyň häzirki zaman
energetika howpsuzlygynyň arhitekturasyny hem-de sebitleýin we halkara ykdysady
ösüş üçin durnukly ulag ulgamyny ösdürmäge ygrarlydygynyň nobatdaky
tassyklamasy boldy.
mfa.gov