Şu
gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam
Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
boldy.
Hormatly
Prezidentimiz goňşy döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, Eýran Yslam
Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we
şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket baradaky habary uly gynanç bilen
kabul edendigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu pajygaly waka zerarly
Size we doganlyk eýran halkyna çuňňur gynanç bildirýär diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda gurban bolanlaryň
dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna halkymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan,
şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi
hem-de Beýik Biribardan ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.
Dostlukly
ýurduň Lideri Eýranyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan şu agyr
pursatda medet beriji sözleri we goldawy üçin hoşallyk bildirdi.
Pursatdan
peýdalanyp, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi öz adyndan türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza
pajygaly waka zerarly goldaw we medet beriji sözleri üçin hoşallygyny
ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.
Telefon
arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki halkyň arasyndaky taryhy we medeni
gatnaşyklaryň gadymdan gözbaş alýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň
bilen baglylykda, doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda
ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat
goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi, täze many-mazmun
bilen baýlaşdyrylýandygy nygtaldy.
Türkmenistan
Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýangyç-energetika toplumynda,
ulag-aragatnaşyk, ýeňil senagat, oba hojalygy, gaýtadan işleýän pudaklarda
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň
hatarynda görkezildi.
Telefon
arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şu agyr
pursatda duýgudaşlyk bildirendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we
Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Seýed Ebrahim Raisi
birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de
üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk,
rowaçlyk arzuw etdiler.
tdh.gov