04.03.2026
Şu gün Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan
işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy,
asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň
birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli
ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat
berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini
gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda amala
aşyrylan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça
maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň, Milli goşunymyzy
ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmakda dünýäniň öňdebaryjy
tejribelerini yzygiderli öwrenmegiň möhümdigini belledi hem-de Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow milli
kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, bu ugurda sanly ulgamy işjeň
ulanmak we prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini
ýokarlandyrmak maksady bilen, ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada
hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň we hukuk namalarynyň takyk
ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini dowam edip, mundan beýläk-de
kanunylygy pugtalandyrmagyň, raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda
netijeli işleri alyp barmagyň wajyp wezipe bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu
babatda Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow
geçen iki aýda ýurdumyzda hukuk tertibini pugtalandyrmak, düzgün bozulmalaryň,
ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý
etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak
boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda ministre birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy
B.Hojamgulyýew bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň
çäklerinde şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet
edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň
barşy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy üpjün etmek, döwlet we jemgyýetçilik
bähbitlerini, raýatlaryň hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri
netijeli dowam etdirmegiň, kazyýet edaralarynyň işiniň hilini has-da
ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu babatda anyk görkezmeleri
berdi.
Soňra milli howpsuzlyk
ministri D.Meredow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler,
Watanymyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça görlen çäreler
barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň konstitusion gurluşyny,
milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam
etdirmek, milli howpsuzlyk edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek babatda
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet serhet gullugynyň
başlygy I.Ilamanow geçen iki aýda Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly
goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler, bu ugurda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup
durýandygyny belledi hem-de onuň goraglylygyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň
işini kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp
barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Adalat ministri M.Taganow
halkara tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna milli kanunçylyk işini kämilleşdirmek,
işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bu düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak
boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ýurdumyzda kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek işlerini has netijeli
dowam etdirmegiň, raýatlara kanunçylygy düşündirmek bilen bagly wagyz-nesihat
işlerini geçirmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň
başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-fewral
aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şol sanda sanly ulgamy, döwrebap
tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna işiň netijeliligini ýokarlandyrmak,
gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler
barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gümrük nokatlarynda
gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan
işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň iki aýynda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, migrasiýa edaralarynyň işini kämilleşdirmegi üns merkezinde
saklamagyň, ýokary hilli migrasiýa hyzmatlaryny üpjün etmek boýunça işleri
netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda gullugyň
ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna
laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk
bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny
berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa
geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar
Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň
asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov