PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy türkmen deputatlarynyň öňünde çykyş etdi.

21.07.2023
Card image cap

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş edip, koreý tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Kim Çžin Pýo döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändiklerini nygtap, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigi baradaky pikiri aýtdy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Seula amala aşyran saparynyň barşynda geçirilen duşuşygyň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryna täze depgin berendigi nygtaldy.

Belent mertebeli myhman çykyşynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki taslamalaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem dürli köptaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Kim Çžin Pýo sözüniň ahyrynda parlamentara dialog arkaly iki ýurduň has-da ýakynlaşmagy, ösmegi, türkmen we koreý halklarynyň abadançylygy üçin täze mümkinçilikleri açmagyň parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipedigini nygtady.

Bu barada "Turkmenportal" web sahypasynda habar berildi.


Bulary hem okaň