1.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Mongoliýanyň
Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh 2024-nji ýylyň 10 — 13-nji oktýabry aralygynda
Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy.
2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh (mundan beýläk —
taraplar) dostlukly, açyk we işjeň ýagdaýda resmi gepleşikleri geçirdiler
hem-de syýasat, ykdysadyýet, oba hojalygy, ulag, logistika, syýahatçylyk,
bilim, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň
meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar iki ýurduň raýatlarynyň
arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, sebitde we halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
3. Döwletleriň Baştutanlary ýokary derejedäki
bu saparyň iki ýurduň gatnaşyklaryny täze derejä çykarjakdygyny we
hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm itergi berjekdigini nygtadylar.
4. Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh
saparyň dowamynda meşhur türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara
arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma hormatly
myhman hökmünde gatnaşdy hem-de bu çäräniň ýokary derejede guralandygyny
belledi.
5. Saparyň çäklerinde Türkmen-mongol işewürlik
maslahaty we bilelikdäki medeni çäre geçirildi. Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň
baştutanlygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.
6. Özara syýasy ynanyşmagy berkitmek,
Mongoliýanyň we Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady
bilen, taraplar hemişelik esasda ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we
edaralarynyň arasynda özara saparlary geçirmek, tejribe alyşmak, işgärler bilen
üpjünçiligi berkitmek, hyzmatdaşlygyň resminamalarynyň durmuşa geçirilmegini
üpjün etmek barada ylalaşdylar. Döwletleriň Baştutanlary Ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça hökümetara türkmen-mongol toparyny döretmek meselesine garamagy
ylalaşdylar.
7. Iki ýurduň ýokary kanun çykaryjy
edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny döretmek
işinde hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny bellediler we Türkmenistanyň Mejlisi bilen
Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň arasynda dostluk toparyny döretmek, özara
saparlary, bilelikdäki duşuşyklary, okuw maslahatlaryny, çäreleri geçirmek
barada ylalaşdylar.
8. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Daşary işler
ministrlikleriniň arasynda syýasy ynanyşmagy berkitmekde hem-de gatnaşyklary
giňeltmekde hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny belläp, taraplar 2015-nji ýylda Daşary
işler ministrlikleriniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda
Ähtnamanyň çäklerinde hemişelik esasda ministrlikleriň arasyndaky geňeşmeleri
we özara saparlary geçirmek barada ylalaşdylar.
9. Taraplar Türkmenistanyň Oba hojalyk
ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty
ministrliginiň arasynda weterinariýa we maldarçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek
hakynda Ylalaşygyň hem-de azyk we oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ylalaşygyň baglaşylmagyny goldadylar.
10. Şeýle hem taraplar Türkmenistandan
Mongoliýa miweleri, gök-bakja önümlerini, haly we haly önümlerini, Mongoliýadan
Türkmenistana ýüň, kaşemir, deri, et we et önümleri ýaly harytlary ibermek
mümkinçiligini öwrenmegi ylalaşdylar.
11. Taraplar ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny
artdyrmak we raýatlaryň saparlaryny giňeltmek maksady bilen, howa gatnawlaryny
ösdürmek, şol sanda täze ulag-logistika ugurlaryny döretmek boýunça işleri
tapgyrlaýyn durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler.
12. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyk we
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara
awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyk baglaşyldy.
13. Taraplar daşky gurşawy goramak we howanyň
ählumumy üýtgemegine garşy göreşmek meselelerine aýratyn üns berip, tokaýlary
we suw serişdelerini goramak hem-de çölleşmäge garşy göreşmek babatda
hyzmatdaşlygyň çäklerinde Mongoliýanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen
«Milliard agaç» atly milli hereketi Türkmenistanyň çölleşmäge garşy göreşmekde
baý tejribesi bilen utgaşdyrmak barada ylalaşdylar.
14. Taraplar Mongoliýanyň sebit ösüşi we
häzirki zaman “ýaşyl” ösüşi, ekologik taýdan arassa hem-de “akylly” şäher
meýilnamalaşdyrylyşy we şähergurluşyk konsepsiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmäge,
Täze Harhorum şäheriniň meýilnamalaşdyrylyşy we şäher gurluşygy işinde
işgärleri taýýarlamak, işgärler bilen üpjünçiligi berkitmek, Arkadag şäheriniň
gurluşygynyň tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge
taýýardyklaryny beýan etdiler.
15. Mongol tarapy halkara hyzmatdaşlygyň,
parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine amala aşyrylýan Türkmenistanyň
Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygyny beýan etdi.
16. Türkmen tarapy Mongoliýanyň açyk, garaşsyz
we köpugurly daşary syýasatyna ýokary baha berdi we Mongoliýanyň «üçünji goňşy»
syýasatyna goldaw bildirdi.
17. Taraplar deňze çykalgasy bolmadyk ösýän
ýurtlaryň bähbitlerini goramagyň zerurdygyny aýratyn bellediler. Şunuň bilen
baglylykda, söwda we ulag päsgelçiliklerini aradan aýyrmak meselesine garaldy.
18. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň
Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi
we Ulan-Bator şäherindäki Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin halkara
ylmy-barlag merkezi ýaly halkara düzümleriň işiniň gerimini giňeltmegiň
möhümdigini bellediler.
19. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy
Ulan-Bator şäherindäki Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin halkara ylmy-barlag
merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga gatnaşmak baradaky meseläni
ýakyn wagtda öwrener.
20.
Taraplar ynsanperwer ulgamda we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini
azaltmak, adatdan daşary ýagdaýlara, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna,
terrorçylyga, ekstremizme garşy göreşmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygy
ikitaraplaýyn derejede we Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara
guramalaryň çäklerinde berkitmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.
21. Saparyň dowamynda taraplar şu
resminamalara gol çekdiler:
—
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara
awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga;
— Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň
Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyga;
— Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen
Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň arasynda
medeni hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen
Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň arasynda
syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen
Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda azyk we
oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
— Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen
Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda
weterinariýa we maldarçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
— Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen
Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama.
22. Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh
Mongoliýanyň wekiliýetini mähirli we hoşniýetli garşylandyklary üçin Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin islendik
amatly wagtda Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 12-nji
oktýabry.
tdh.gov