2023-nji ýylyň 10-njy
noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň
Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly
ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid
Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda
taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şeýle hem köptaraplaýyn
diplomatiýanyň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň geljegini ara
alyp maslahatlaşdylar we seljerdiler. Wajyp sebit we halkara gün tertibi
boýunça pikir alyşyldy.
Türkmen tarapy
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli
we netijeli ösýändigini nygtady hem-de muňa iň ýokary we ýokary derejelerdäki
syýasy dialogyň ýardam edýändigini belledi.
Taraplar parlamentara
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada umumy pikiri beýan etdiler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda döredilen
Parlamentara dostluk toparyna berilýän möhüm orun barada nygtaldy.
Söwda-ykdysady
gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigi bellenildi, energetika, ulag-logistika,
ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek
üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň 30-njy
noýabry 12-nji dekabry aralygynda Dubaýda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça
Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 28-nji mejlisiniň (COP 28) üstünlikli
geçirilmegi arzuw edildi.
mfa.gov