PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

29.08.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ÝUNESKO-nyň işleri barada jogapkär agzalary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine goşulmagy bilen bagly, hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubyny döretmek boýunça öňde duran, amala aşyrylmaly işler barada hasabatlar  diňlenildi.

Mejlise gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubyny döretmegiň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ugrunda amala aşyrýan işleriniň logiki dowamy boljakdygyny belläp geçdiler.

Şeýle-de, mejlisde «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen ugurlaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti bilen işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylmaly işler barada durup geçildi.

 

www.mfa.gov.tm


Bulary hem okaň