2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Pekinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çžaosýu wekilçilik etdi.
Duşuşygyň
barşynda taraplar türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi
çekdiler. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň derejesinde
alnyp barylýan oňyn hem yzygiderli dialogyň döwletara gatnaşyklaryna itergi
berýändigi, bu dialogyň dowamynda bolsa, özara gyzyklanma bildirilýän dürli
ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we berkitmek
üçin meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygy nygtaldy.
Halkara
we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde Türkmenistan bilen
Hytaýyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygy barada bellendi. Şeýle hem taraplar
«Merkezi Aziýa-Hytaý» hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň
ileri tutulýan meseleleri barada pikir alyşdylar.
Diplomatlar
söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler, energetika,
ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki
işleriň gidişini seljerdiler.
mfa.gov