2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi – durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk»
atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we
pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurt döwletleriniň
diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň
bilermenleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
gatnaşdy.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowyň gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy.
Gatnaşyjylar Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişi baradaky çykyşlary
diňlediler, daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň netijelerini
ara alyp maslahatlaşdylar we ykdysady ugry nazara almak bilen özara
gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.
Maslahatyň dowamynda Hazar deňzinde netijeli syýasy
dialogyň täze formatlaryny işläp taýýarlamakda Türkmenistanyň orny aýratyn
nygtaldy.
Çäräniň çäginde oňa gatnaşyjylar üçin medeni
maksatnama hem göz öňünde tutuldy.
mfa.gov