Baş
Assambleýa, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji ýylyň 12-nji
dekabryndaky 50/80 A belgili hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69/285
belgili Kararnamalaryna salgylanyp,
şeýle
hem Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmek hakynda 2017-nji ýylyň 2-nji
fewralyndaky 71/275 hem-de halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi
goldamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti hakynda
2020-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky 75/28 Kararnamalaryna salgylanyp,
her
bir döwletiň öz daşary syýasatyny halkara hukugyň kadalaryna we ýörelgelerine,
şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda garaşsyz
kesgitlemäge özygtyýarly hukugyny tassyklap,
käbir
döwletleriň milli bitaraplyk syýasatynyň degişli sebitlerde we ählumumy
derejede halkara parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berip hem-de
dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli
gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeläp biljekdigini aýratyn belläp,
şeýle
milli bitaraplyk syýasatynyň öňüni alyş diplomatiýasynyň ulanylmagyny
goldamaga, şol sanda gapma-garşylyklaryň öňüni almak, ylalaşdyryjylyk,
hoşniýetli hyzmatlary amala aşyrmak, gepleşikleri geçirmek, bu işe ýörite
wekilleri çekmek, resmi däl geňeşmeleri geçirmek, parahatçylyk döredijilik we
ösüş babatda maksada gönükdirilen işleri alyp barmak görnüşinde öňüni alyş
diplomatiýasyny goldamaga gönükdirilendigini beýan edip,
Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy
pugtalandyrmaga ýardam berýändigini, sebitiň ýurtlary, dünýäniň beýleki
döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary
ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň we oňyn ornuny ykrar edip,
Bitarap
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylygynda 1995-nji we
1996-njy ýyllarda Aşgabatda yzygiderli täjigara gepleşikleri kabul edýän tarap
hökmünde başlangyçly çykyş edip, täjigara gepleşiklere goşan goşandyny,
şeýle-de 1997-nji ýylda Owganystan boýunça halkara forumy we owganara gepleşikleri
kabul edýän tarap hökmünde çykyş edip hem-de owganystanlylaryň ylalaşyk
meseleleri boýunça inklýuziw dialog üçin Türkmenistanyň çägini ulanmagy teklip
etmegini dowam etdirip, Owganystandaky gapma-garşylyklary kadalaşdyrmaga goşýan
goşandyny aýratyn belläp,
Bitarap
Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde durmuş, ykdysady,
medeni, ekologiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen
başlangyçlaryny goldap,
hemişelik
Bitaraplyk syýasatyna pugta eýermek hem-de her ýyl parahatçylygy we durnukly
ösüşi gazanmagyň serişdesi hökmünde Bitaraplygyň ýörelgelerini, gymmatlyklaryny
ilerletmäge bagyşlanan halkara maslahatlary geçirmek arkaly halkara
parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan gymmatly goşandy üçin Türkmenistanyň
Hökümetine hoşallygyny beýan edip,
“Bitaraplyk
syýasaty we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün
etmekde onuň eýeleýän orny” atly halkara maslahatyň 2020-nji ýylyň 12-nji
dekabrynda kabul edilen Jemleýji resminamasyna salgylanyp, (Aşgabat Jemleýji
resminamasy),
Türkmenistanyň
başlangyjy boýunça 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky 78/266 belgili Kararnama
laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip
yglan edilmegini, şeýle hem 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky 76/299 belgili
Kararnama laýyklykda, Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk
zolagy diýlip yglan edilmegini goldap,
2017-nji
ýylyň 17-nji noýabryndaky 72/7, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelindäki 75/272 we
2023-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky 77/273 belgili Kararnamalara salgylanyp
hem-de Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň başlangyjy boýunça, halkara
jemgyýetçiligiň goldamagynda 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda döredilen
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkeziniň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýakyn
hyzmatdaşlygy höweslendirmek we şeýle hyzmatdaşlyga ýardam bermek, mümkin bolan
gapma-garşylyklary ýüze çykarmak we aradan aýyrmak, sebitde durnukly ösüşi
goldamak arkaly içerki we transmilli wehimlere täsir etmegiň hasabyna Merkezi
Aziýa döwletlerine sebit meselelerini çözmäge ýardam bermekde möhüm orun
eýeleýändigini ykrar edip,
Birleşen
Milletler Guramasynyň adatdan daşary ynsanperwerlik kömegi babatda tagallalaryň
birleşdirilmegini pugtalandyrmak boýunça ýolgörkeziji ýörelgelerine, şol sanda
bitaraplyk ýörelgesine laýyklykda, sebitde çylşyrymly adatdan daşary ýagdaýlar
we tebigy hadysalar ýüze çykanda, ynsanperwerlik kömegini bermekde hem-de
ibermekde Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän oňyn ornuny ykrar edip,
sebitiň
ösüşine ýardam edýän özara baglanyşygy üpjün etmek üçin Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň ykdysady we geoykdysady ugurlarynyň möhümdigini nygtap hem-de
şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalarynda beýan
edilişi ýaly, Türkmenistanyň energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek
we ygtybarly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça başlangyçlaryny
goldap,
1995-nji
ýylyň 18 — 20-nji oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk
Hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 11-nji maslahatynyň
Jemleýji resminamasynda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini goldandyklaryny belläp,
şeýle
hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň
Geňeşiniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny goldaýan we halkara
parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak
işinde bitaraplyk syýasatynyň ornuny nygtaýan Kararnamalaryny belläp,
1.
Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini pugta
goldaýandygyny gaýtadan beýan edýär;
2.
Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk
derejesine hormat goýmaga we goldamaga hem-de onuň Garaşsyzlygyna,
özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmaga gaýtadan çagyrýar;
3.
Gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak, şol sanda olary ýörite ylalaşdyryjy
merkezleri döretmek arkaly kadalaşdyrmak boýunça parahatçylykly gepleşikleri
geçirmek üçin bitarap ýurtlaryň çäklerini netijeli ulanmagy maslahat berýär
hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda öz çäginde
Parahatçylygyň bähbidine ylalaşdyryjy merkezi döretmek barada agza döwletleriň
we BMG-niň ulgamynyň baha bermegini talap edýän teklibini belleýär;
4.
2020-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen hem-de
gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň düýp sebäplerini we netijelerini aradan
aýyrmak, ynsanperwer meseleleri çözmek hem-de halkara gatnaşyklarda bitaraplygy
ilerletmek üçin giň köptaraplaýyn dialogy goldamak boýunça Bitaraplygyň
dostlary toparynyň ministrler derejesinde geçirilen ilkinji duşuşygynda kabul
edilen Jemleýji jarnamanyň esasynda hereket edýän parahatçylygyň, howpsuzlygyň
we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary — resmi däl toparynyň işini
belleýär;
5.
Baş sekretardan agza döwletler we beýleki degişli taraplar bilen maslahatlaşyp,
bar bolan serişdeleriň çäklerinde hem-de toplanan tejribäni we halkara gatnaşyklarda
bitaraplygy netijeli ulanmagyň esasy ýörelgelerini umumylaşdyrmaga aýratyn üns
berip, parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine bitaraplyk ýörelgelerini berjaý
etmek hem-de amala aşyrmak boýunça gollanmany işläp taýýarlamagy haýyş edýär;
6.
Türkmenistanyň Hökümetiniň 2025-nji ýylyň dekabrynda öz ýurdunda Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk gününe
hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara
forumy geçirmek baradaky çözgüdini goldaýar;
7.
“Parahatçylyk döredijilik we parahatçylygy goldamak” atly bendiň çäklerinde
80-nji sessiýanyň deslapky gün tertibine “Parahatçylygyň we howpsuzlygyň
bähbidine bitaraplyk” atly kiçi bendi girizmek barada karar edýär.
tdh.gov