2024-nji ýylyň 22-nji
awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň
«Frontier Works Organization» kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif
Nazir bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar
türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma
bilen bellediler.
Duşuşykda taraplar şäher gurluşygy, ýol-ulag
infrastrukturasyny gowulandyrmak we suwaryş ulgamlaryny gurmak ýaly ugurlarda
hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler Türkmenistanda meýilleşdirilýän
iri göwrümli taslamalary durmuşa geçirmekde we «Frontier Works Organization»
kompaniýasynyň üstünlikli köp ýyllyk tejribesini nazara almak bilen, özara
gatnaşyklaryň geljegi dogrusynda pikir alyşdylar.
mfa.gov