Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň,
konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary
syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji
dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini
aýtdy hem-de ýygnananlary we ähli halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden
gutlady. Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden
etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris.
Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly
Prezidentimiz belledi.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri
boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz
berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini
geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly
däbe eýerip, iş kesilen 276 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli
günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy
edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan
boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly,
ähli zerur işleri geçirmek barada görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz
günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden
hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň
diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi Halkara
Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, jogapkärli döwlet
işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza
Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik
wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan döwletimiziň
daşary syýasatyna, halkara gatnaşyklaryna bagyşlanan Hökümetiň giňişleýin
mejlisini geçirýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen
birlikde, bu duşuşygyň hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň dünýä
giňişligindäki alyp barýan işleriniň netijelerine berýän bahasyna, ýurdumyzyň halkara
gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornuny berkitmegiň ýollary, häzirki we ýakyn
döwürde milli diplomatiýamyzyň işiniň ugurlary baradaky garaýyşlaryna düşünmek
babatda gowy mümkinçilikdigi nygtaldy. Munuň özi milli diplomatik gullugyň
işgärleri üçin ýolgörkeziji we esas goýujy ýörelgeler bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistan
üçin möhüm ýyllaryň biri bolar. Şunda uly şanly seneleri — Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny hem-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna
laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip
yglan edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji
ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy
mejlisiniň netijeleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen
bagly dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini
üpjün etmek maksady bilen döredilen guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda
we daşary ýurtlarda halkara çäreleri hyzmatdaşlar bilen bilelikde mynasyp
derejede geçirmek üçin ähli zerur işleriň alnyp baryljakdygyna üns çekildi.
Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň halkara ugrunyň yzygiderli we ulgamlaýyn
esasda ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda uzak ýyllaryň dowamynda
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan halkara gün
tertibiniň wajyp meseleleri boýunça möhüm başlangyçlar, pikirler we teklipler öňe
sürüldi. Olar ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy, ösüşi berkitmek, energiýa
howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag diplomatiýasyny ösdürmek, ekologiýany goramak,
ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek bilen bagly mowzuklary öz içine alýar.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
uly ähmiýete eýe bolan bu syýasatyň we tutumly işleriň mynasyp derejede dowam
etdirilýändigi bellenildi. Bütin adamzadyň bähbitlerini göz öňünde tutýan şeýle
syýasatyň netijeleri halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler
Guramasynda giň goldawa eýe bolýar, Milletler Bileleşiginiň anyk
Kararnamalarynda we halkara ähmiýetli işlerde aýdyň beýanyny tapýar.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji
ýylda ýurdumyzyň teklibi boýunça 4 sany Kararnamanyň — “2025-nji ýyl — Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we
hyzmatdaşlyk zolagy”; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky
Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigi aýdyldy. BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary”
atly Kararnama bolsa ynsanperwer ulgamda ýurdumyzyň tagallalaryna berilýän
ýokary bahadan nyşandyr. Bu resminama dürli halklaryň arasynda dostlugyň,
hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň pugtalandyrylmagy babatda uly ähmiýete eýedir.
Çünki häzirki wagtda ynsanperwer häsiýetli işler umumadamzat ösüşi
nukdaýnazaryndan parahatçylygy döretmegiň, onuň durnuklylgyny üpjün etmegiň
binýady bolup durýar. Sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga
gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň çuňňur
oýlanyşykly daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna
şaýatlyk edýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işiniň kämilleşdirilmegine berýän aýratyn
ünsi hem-de yzygiderli goldawlary, hususan-da, gullugyň işgärler düzümini
taýýarlamak, guramaçylyk, maliýe we maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak,
diplomatlaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda edýän
uly tagallalary üçin hormatly Prezidentimize diplomatik gullugyň ähli
işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol şu günki
mejlisde beriljek tabşyryklardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Daşary işler
ministrligi, daşary ýurtlardaky ilçihanalar, konsullyklar, halkara guramalaryň
ýanyndaky wekilhanalar tarapyndan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat
ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” esaslanyp, 2025-nji ýylda
daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen syýasy, daşary ykdysady gatnaşyklary
has-da berkitmek, medeniýet, ylym, bilim, durmuş ugurlarynda hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak üçin maksatnamalaýyn işleriň alnyp baryljakdygyna ynandyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara
hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleriniň jemleniljekdigini,
ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň, geljek ýyl üçin ileri tutulýan
wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda möhüm
ähmiýetli halkara çäreler geçirildi. Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden
bellenildi. Daşary ýurtlarda bu şanly sene bilen bagly wajyp ähmiýetli çäreleriň
170-e golaýy geçirildi. Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly
ýubileýine bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi esasy waka
boldy. Forum Magtymgulynyň filosofik mirasyna daýanmak bilen, halkara
parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi, ynanyşmagy güýçlendirmekde,
ösen dialog medeniýetiniň güýjüne we geljegine bolan ynamy berkitmekde möhüm
birleşdiriji şert bolup çykyş etdi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet
hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende göterdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan
biziň ýurdumyza, türkmen halkyna, onuň baý taryhyna, medeniýetine uly hormat
bilen garalýandygyny görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda-da Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli
çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda
Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak
hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň hem möhüm
waka bolup durýandygyny, gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň biziň bu
başlangyjymyzy goldamagynyň ýurdumyz üçin uly abraýdygyny nygtady we hemmeleri
taryhy ähmiýeti bolan bu wakalar, ýetilen sepgitler bilen tüýs ýürekden
gutlady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu wakalaryň Türkmenistanyň daşary
syýasatyny giňden beýan etmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly
ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp
barylýan işleri has-da dabaralandyrýandygyny belledi we bu ugurda halkara
guramalar bilen bilelikdäki işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Halkara
Bitaraplyk güni mynasybetli iri halkara ähmiýetli resminamanyň
taýýarlanylmagyna ünsi çekip, şol resminamada Bitaraplygyň kadalarynyň aýdyň
beýan edilmelidigini belledi we Daşary işler ministrligine bu ugurda ýurdumyzyň
ilçihanalary, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary üçin degişli
gözükdirijileri işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň
başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda döredilen parahatçylygyň,
howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň
çäklerinde hem özara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, 11-nji
dekabrda Aşgabatda şol toparyň ýokary derejedäki mejlisiniň geçiriljekdigini
belledi.
Biziň işimiz esasy iki ugur, ýagny
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýa ugry boýunça alnyp barylmalydyr
diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de geljekde Türkmenistanyň
Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny amala aşyrmak maksady bilen, Birleşen
Milletler Guramasynyň parahatçylygy saklamak boýunça tagallalarynda bitarap
ýurtlara bu guramanyň çäklerinde ileri tutulýan hyzmatdaş derejesini bermek
başlangyjyny goldaýan döwletleriň sanyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bermegi
tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Ählumumy energetika howpsuzlygy we
durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek baradaky
başlangyjymyzy goldaýan ýurtlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn
derejede alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň zerur bolup durýandygyny
nygtady.
Ýakynda Daşary işler ministrliginiň düzüminde
täze Daşary syýasy maglumatlar we sanly diplomatiýa departamenti döredildi.
Şeýle hem ilçihanalarymyzyň birnäçesinde metbugat attaşesi wezipesini girizmek
hakynda karar kabul edildi. Bu işleriň ählisi bir maksada gönükdirilen
ulgamlaýyn ädimlerdir. Ýagny ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga,
daşary syýasatymyzyň many-mazmunyny düşündirmäge niýetlenendir diýip, hormatly
Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy belleniljek Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halkara giňişlikde özüni aýdyň
görkezmelidigini, maglumat beriş işlerinde öňde goýlan wezipeleriň has giň
gerimli bolmalydygyny, Bitarap döwletimiziň baý taryhynyň, medeniýetiniň,
däp-dessurlarynyň, gadymy ýadygärlikleriniň, özboluşly, ajaýyp tebigatynyň,
häzirki zaman «akylly» şäherleriniň, ähli ugurlarda gazanýan uly
üstünlikleriniň beýan edilmelidigini aýtdy. Munuň üçin Türkmenistanyň ähli
ilçihanalaryna bolýan ýurtlarynda döredijilik duşuşyklaryny geçirmegi, abraýly
gündogarşynas alymlar, taryh, arheologiýa, medeniýet ulgamlarynda işleýän
hünärmenler we habarçylar bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak
tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz geljek, 2025-nji ýylda
ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesiniň Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy
boýunça kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmekden ybarat bolup
durýandygyny aýtdy we BMG-ä agza ýurtlardan başga-da, guramanyň Sekretariaty
bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz
häzirki wagtda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki
maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýandygyna ünsi
çekdi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň
arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň
Çarçuwaly maksatnamasy”, «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Birleşen
Milletler Guramasynyň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy bar. Şeýle-de şu
ýylyň 6-njy dekabrynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik
maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň jemleri
boýunça «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary
boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» kabul edildi. Döwlet
Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynyň örän
giň gerimlidigini we köp sanly meseleleri öz içine alýandygyny belläp, geljek
ýylda-da Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede öz
hyzmatdaşlygyny berkitmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz goňşy ýurtlar bilen
gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň
Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, Hazarýaka sebitdäki döwletler bilen doganlyga,
hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary
berkitmegi dowam etdirjekdigini, Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa
— Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini
belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwürde şol sebitlerde ählumumy
ykdysady we tehnologik ösüşleriň gazanylýandygyny, bu sebitleriň ýurtlarynyň
hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.
Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan
deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem dowam etdiriler diýip,
hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şol ýurtlar bilen ýokary
tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl» energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda
hyzmatdaşlyk etmäge, daşary syýasatymyzda Afrika ýurtlary bilen hem
gatnaşyklara aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara
guramalaryň ýanyndaky ähli wekillerine ýüzlenip, geljek ýyl köptaraplaýyn
diplomatiýanyň örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi we Bitarap
döwlet hökmünde Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýan, ýurdumyza bu ugurda
netijeli goldaw berýän döwletleriň sanyny artdyrmak üçin degişli işleri alyp
barmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Daşary işler
ministrligi tarapyndan şanly seneleri, baýramçylyk dabaralaryny mynasyp
garşylamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, şu ýylyň
sentýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini geçirmek
boýunça guramaçylyk komitetiniň döredilendigini belledi hem-de Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetine guramaçylyk komitetiniň ilkinji mejlisini geljek ýylyň
ýanwarynda geçirmäge taýýarlyk görmegi, onuň gün tertibi boýunça teklipleri
taýýarlamagy tabşyrdy we komitetiň şol mejlisinde geçiriljek çäreleriň
meýilnamasynyň tassyklanyljakdygyny aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýä bileleşigi bilen geljek, 2025-nji ýylda örän
möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllyk baýramyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çärelerini
ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen mynasyp garşylamak üçin yhlasly
işlemelidigini aýtdy we ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň halkara
giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda uly işleri
alyp barjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň
diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara, şeýle hem ýurdumyzyň
raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna»
atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara
gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, hormatly
Prezidentimiziň geçiren Hökümet mejlisiniň dowamynda örän möhüm meselelere
seredilendigini we ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň
kesgitlenendigini, milli diplomatik gullugyň öňünde täze wezipeleriň
goýlandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ol döwlet Baştutanymyzyň
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda gol çeken
Kararynyň möhüm ähmiýetini nygtap, gullugyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden
hoşallygyny bildirdi we öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek
ugrunda yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dünýä
döwletleri bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy
üstünlikli ösdürýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda we daşary
ýurtlarda geljek ýylda birnäçe möhüm çäreleriň meýilleşdirilýändigine ünsi
çekip, milli diplomatik gullugyň işgärleriniň Türkmenistanyň halkara abraýyny
mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda netijeli işlejekdiklerine berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Birleşen Milletler
Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew çykyş
edip, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň
29 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy
we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda Ženewada ýerleşýän
ýöriteleşdirilen edaralar bilen hem yzygiderli esasda degişli işler alnyp
barylýar. Hususan-da, bu edaralaryň arasynda iň irileriniň biri bolan BMG-niň
Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen işjeň aragatnaşyk saklanýar. Mälim bolşy
ýaly, Türkmenistan 2025-nji ýylda işleri Ýewropa ykdysady komissiýasy
tarapyndan utgaşdyrylýan BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin
Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk eder. Şunuň bilen baglylykda, häzirki
wagtda bu ugurda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň
asylly başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly
baştutanlygynda ýurdumyzyň Halkara Migrasiýa Guramasynyň çäklerinde alyp barýan
işleri, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryndan we
konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek ugrundaky
tagallalary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.
Ol
sözüniň ahyrynda
Birleşen
Milletler Guramasynyň Ženewadaky
edarasynyň ýanyndaky
Türkmenistanyň
hemişelik
wekilhanasy hem-de
Türkmenistanyň
Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky
ilçihanasy
tarapyndan ähli
zerur işleriň durmuşa
geçiriljekdigini
belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan
daşary
we Doly ygtyýarly ilçisi
H.Öwezow çykyş edip, ilki bilen, hormatly
Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni
mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we berk
jan saglyk, abadançylyk, il-ýurt bähbitli
tutumly işlerinde
üstünlikleri
arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň
daşary
syýasatynda
sebitiň ýurtlary
we goňşy
döwletler,
şol sanda Owganystan bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurtlarymyzyň
arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky
hyzmatdaşlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda alnyp
barylýar. Däp bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystana we
onuň halkyna yzygiderli esasda ynsanperwerlik kömegini berýär. Munuň üçin
Owganystanyň ýolbaşçylary hem-de owgan halky hormatly Prezidentimize, türkmen
halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirýärler.
Türkmenistan
hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, dost-doganlyga esaslanyp, bütin sebit üçin
örän möhüm taslamalary amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen
Serhetabat — Hyrat böleginiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik
geçirijisiniň, Türkmenistandan Owganystana we bu ýurduň üsti bilen sebitiň
beýleki ýurtlaryna geçýän demir ýollaryň taslamalary bar. Ilçi Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen iki
goňşy ýurduň arasynda barha ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmak ugrunda ilçihananyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetiriljekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, mejlise gatnaşyjylary
Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan
saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
***
Düýn Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllygyna” atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak
dabarasy boldy. Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa
Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk
gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny,
medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry,
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn
hazynasyna giren baý edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen
jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik,
ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde,
ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda
terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana
şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli
hyzmatlaryny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri
jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip
gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň
“Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar
toplumy gowşuryldy.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag
we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
ýolbaşçylaryna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we
ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowy döwlet sylagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs
ýürekden gutlady. Ol “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly
we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanandyklary üçin döwlet
Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de
hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli
özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda geljekde-de
ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak
ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň
adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly
ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy
mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ol harby we
hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylaglarynyň gowşurylandygy üçin
hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirip, Watan goragçylarynyň öz
öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli
tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli
arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara Bitaraplyk gününiň toýlanýan
günlerinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi
mynasybetli özüne gowşurylan sylagy — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul
edýändigini aýtdy. Bu ýubileý medalynyň gowşurylmagy ata Watanymyzyň gülläp
ösmegi, merdana halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda mundan
beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçly edýär diýip, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz belledi.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem döwlet sylaglarynyň
gowşurylmagy bilen gutlap, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov