Düýn
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin
göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary
tarapyndan 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de şu
ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, geçen ýylda ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy
giňden ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de
ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada
hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby
gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga
çagyrmak boýunça alnyp barlan işler hem-de Watan goragçylarynyň gününe
taýýarlyk görlüşi barada bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny
berkitmäge gönükdirilen dürli çäreler toplumynyň yzygiderli geçirilendigini
aýtdy. Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de
ýurdumyzyň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp baryldy
diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçlerini kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini
aýtdy.
Ýaragly Güýçleri döwrebap harby tehnikalar we
enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda harby ulgamda
innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan harby hünärmenleri taýýarlamak işleri
ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministrine Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň maddy-enjamlaýyn
binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de harby gullukçylaryň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça meseleleri gözegçilikde
saklamak tabşyryldy.
Soňra Baş prokuror B.Muhamedow prokuratura
edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri,
döwrebap tejribäniň we sanly ulgamyň peýdalanylmagy arkaly bu edaralaryň işini
kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa
geçirilen çäreler, şeýle hem prokuratura edaralarynyň işgärleriniň netijeli
gulluk etmekleri we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
gowulandyrmak üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň ýerine ýetirilişine, hukuk
namalarynyň kanunylygyna, hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyna prokuror
gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Prokuratura
edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 -- 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda
we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda göz
öňünde tutulan wezipeleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhüm talap bolup
durýandygyny aýdyp, bu babatda Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow 2024-nji
ýylda ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk
bozulmalarynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen birlikde, ministrligiň garamagyndaky düzümleriň iň täze
tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, ýangyn
howpsuzlygynyň we ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi üçin
görülýän çäreler barada aýdyldy. Şeýle hem geçen ýyl we 2025-nji ýylyň başynda
ýurdumyzyň welaýatlarynda ulanylmaga berlen döwrebap ugurdaş desgalar barada
maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň, şol sanda ýol gözegçilik we ýangyn
howpsuzlygy gulluklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň
kadalaryny berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň möhümdigi
bellenildi.
Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmagyň, onuň garamagyndaky ähli bölümlere sanly ulgamyň we
öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, ministre
işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen işleri
mundan beýläk-de dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew
ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan geçen ýylda alnyp barlan işleriň
netijeleri, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, kazyýet işine
sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler,
şeýle hem degişli ösüş Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine
ýetirilişi we kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler
barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýokary
derejeli hünärmenleri saýlap almaga aýratyn üns berilmelidigini belledi hem-de
kazyýet işgärleriniň hünär we bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň
möhümdigini aýtdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy milli kanunçylygyň many-mazmunyny düşündirmek, hukuk
medeniýetini ýokarlandyrmak işlerini, şeýle hem Türkmenistanyň Kazyýet ulgamyny
ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, kazylaryň
hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ähmiýetine ünsi çekdi we Ýokary kazyýetiň
başlygyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew
ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen
işleriň we görlen çäreleriň netijeleri, düzümiň öňünde goýlan wezipeleri
üstünlikli çözmek üçin döwrebap usullaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň
ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny
ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň
zerurdygyny belläp, ministre anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy
Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň
netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, serhet
bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary
üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda görlen
çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
döwlet serhediniň goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk serhedidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes serhedimiziň ygtybarly
goralmagyny üpjün etmegiň, serhet goşunlarynyň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmegiň, Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli
döwrebaplaşdyrylmagynyň möhümdigi barada aýtdy.
Şunuň bilen hatarda, döwlet Baştutanymyz harby
gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen
işleri gözegçilikde saklamagy Gullugyň başlygyna tabşyrdy.
Soňra adalat ministri M.Taganow milli
kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek,
sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň
netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklary we borçlary
barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ilata degişli hukuk kömegini bermek
boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen
kadalaryna laýyk getirmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet düzümleri tarapyndan işlenip taýýarlanylýan hukuk namalarynyň
taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we hereket edýän kanunlara laýyk
gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we ministre birnäçe anyk
görkezmeleri berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy
M.Hudaýkulyýew geçen ýylda alnyp barlan işler, Gullugyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem onuň işini
ösdürmegiň Maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmek babatda görlen anyk çäreler
barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagynyň, ulag-logistika
mümkinçilikleriniň giňelmeginiň gümrük işiniň ýokary derejede guralmagyny, şol
sanda ygtybarly gümrük gözegçiliginiň üpjün edilmegini talap edýändigini
belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Gullugyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, gümrük terminallarynyň häzirki
zaman barlag-gözegçilik enjamlary bilen üpjün edilmegini, olaryň geçirijilik
ukybyny ýokarlandyrmak, ugurdaş düzümler bilen halkara hyzmatdaşlygyny
yzygiderli ösdürmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy
A.Sazakow geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň öňünde goýlan
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat
berdi. Şeýle hem hasabatda gullugy ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň
çäklerinde bu düzümiň işgärleriniň gulluk etmegi, olaryň hünär derejesiniň
ýokarlandyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilýändigi, 2024-nji ýylyň noýabr
aýynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça
ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatyň geçirilendigi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Gullugyň işini, şol sanda migrasiýa
hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Gullugyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, durmuş
şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, işgärleri taýýarlamak meselelerini
Gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda
tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini
ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem
Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini,
bu işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini belledi.
Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan
goragçylarynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Bu baýram ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine
bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladanyň aýdyň
subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ata Watanymyza wepaly gulluk
edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we
konstitusion gurluşyny ygtybarly goramak, kanunçylygy üpjün etmek, adamyň we
raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, şeýle hem jemgyýetiň
we döwletiň bähbitlerini goramak Watan goragçylarynyň mukaddes borjudyr.
Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp,
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny we
işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
giňişleýin göçme mejlisi tamamlap, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk,
halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli
gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov