Şu gün türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy
Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş
maslahatyny geçirdi.
Welaýatyň häkiminiň we
onuň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarynyň
gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda sebiti durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň hem-de onuň oba hojalyk pudagyna häzirki zamanyň ösen
tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň
hasyllylygyny artdyrmak, pagtanyň we bugdaýyň öndürilýän möçberini ýokarlandyrmak,
şol bir wagtyň özünde, önümçilik, durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny
yzygiderli gözegçilikde saklamak meseleleri maslahatda garalan esasy ugurlar
boldy.
Gahryman Arkadagymyz
häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki
kadalara laýyk derejede ýola goýulmagy, ýurdumyzyň dokma senagatynyň esasy çig
mal binýady bolup durýan pagtadan alynýan hasylyň ýokarlandyrylmagy, bu ugurda
welaýat häkimliginiň etraplar bilen ysnyşykly iş alyp barmagynyň wajypdygy barada
öz maslahatlaryny berdi.
Soňky ýyllarda ösüp
gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, paýhasly pederlerimiziň
asylly ýörelgeleri esasynda terbiýelenmegi netijesinde, önümçilik bilen
meşgullanýan ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Şol bir wagtyň özünde, milli
daýhançylyk däpleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagy
netijesinde, oba hojalyk pudagy sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Bu bolsa
ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Welaýatyň oba
hojalygynda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, sebitde gurulýan dürli
maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna
ünsi çekip, Milli Liderimiz bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ýokary hil
derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga
tabşyrylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Şeýlelikde, bu
ugurda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidir.
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatynyň dowamynda welaýatyň häkiminiň orunbasaryna ýüzlenip, häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin ähmiýetli bolan çäreleriň yzygiderli guralmagy babatda degerli maslahatlaryny aýtdy. Munuň özi raýatlarymyzyň agzybirligini, bitewüligini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Şu ýyl ýurdumyzda akyldar
şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden dabaralandyrylar.
Onuň çäklerinde beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaşlaryň
arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, alym
Arkadagymyz halypa ýazyjy-şahyrlaryň çeper döredijilige gol beren ýaşlar bilen
duşuşyklarynyň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Şol bir wagtyň özünde,
metbugat serişdelerinde, tele we radioýaýlymlarda Magtymgulynyň doglan gününiň
300 ýyllygy mynasybetli habarlaryň taýýarlanylmagyna, özüne çekiji
gepleşikleriň guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda döredijilik
duşuşyklarynyň, maslahatlaryň, aýdym-sazly çykyşlaryň, amaly-haşam sungatynyň
eserlerine bagyşlanan sergileriň geçirilmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz
bu işleriň ýurdumyzyň durmuşynda wajyp ähmiýeti bolan çärelere ýaşlaryň işjeň
gatnaşmagyna ýardam etjekdigine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň ýokary
wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň agzalary halk bilen ýakyn
aragatnaşyk saklaýar. Onuň wekilleri halkyň arasynda ýygy-ýygydan bolup,
adamlaryň isleg-arzuwlaryny öwrenýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň
«Döwlet adam üçindir!» diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş
syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Mary welaýatynyň
ýolbaşçylary öz aralaryna gelip, gymmatly maslahatlaryny we öwüt-ündewlerini
berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem
olar döwlet tarapyndan berilýän goldawlardan netijeli peýdalanyp, welaýatyň
durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň
ýokarlanmagy ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.
tdh.gov