Iş maslahatynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina
edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda lukmançylyk klasterine degişli
binalar, olaryň enjamlaşdyrylyşy we ýerli çig mallardan öndüriljek lukmançylyk
serişdeleriniň görnüşleri barada hasabat berildi. Lukman Arkadagymyz häzirki
döwürde ýurdumyzda bar bolan ýerli çig mallara, olardan taýýarlanylýan
lukmançylyk serişdelerine dünýä bazarlarynda uly gyzyklanma bildirilýändigini
belläp, bu babatda alnyp barylýan işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylmy
esasda ýerine ýetirmek bilen bagly birnäçe görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan iş
maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
işleri bilen tanyşmak üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar
sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Merkeziň ştab-kwartirasynda Milli Liderimiz
gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň
direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Lukman Arkadagymyz, ilki bilen, maslahata gatnaşyjylary ýetip gelýän
Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady hem-de olara alyp barýan asylly
işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan
wezipeler Arkadag şäherini ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel
şäherleriniň birine öwürmegi, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da
ýokarlandyrmagy hem esasy ugur edinýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn
bolmaklary, olaryň sazlaşykly ösüşi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde
saklanýar.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň köpugurly
hassahanalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dünýäniň iň kämil
lukmançylyk enjamlarynyň berlendigi we bu işleriň üstünlikli dowam
etdirilýändigi, gaznanyň howandarlygynda mekdep okuwçylarynyň arasynda
matematika boýunça ders olimpiadasynyň geçirilendigi, çagalar atçylyk toparyny
döretmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berildi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen gaznanyň hemaýat bermeginde
häzirki döwre çenli köp sanly näsag çagalarda çylşyrymly operasiýalaryň
geçirilendigi, olaryň bu günki gün bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandygy
aýdyldy. Munuň özi howandarlyga mätäç çagalaryň hajy Arkadagymyzyň ynsanperwer
başlangyçlary esasynda üns-alada bilen gurşalandygynyň, olaryň jemgyýetimiziň
doly derejeli raýatlary bolup ýetişmekleri ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň
aýdyň güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna mahsus ýagşy dessurlary baş ýörelge
edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de güýçlendirmek bilen
baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi ynsanperwer
ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň we
ýurdumyzda haýyr işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň beýanyna öwrüler.
Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa häzirki döwürde
merkezde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we bu ýerde ýüzlerçe çaganyň
saglyklarynyň berkidilendigi barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde,
merkeziň lukmanlarynyň bir toparynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kliniki
merkezlerinde bolup, oňyn tejribe toplandygy hakynda aýdyldy. Munuň özi lukman
Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet
maksatnamasynyň wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda yzygiderli
tagalla edilýändigini görkezýär. Merkeziň ýolbaşçysy toplumyň maddy-enjamlaýyn
binýadynyň berkidilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy bilen
baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň üns merkezinde saklanýandygy üçin ähli
lukmanlaryň adyndan hoşallyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn kemala gelmekleri
ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy. Şeýle hem bu
ýerde bejergi alýan çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň edilmegi, körpeleriň
Arkadag şäherine gezelençlerini guramak, olaryň dürli hünäriň eýeleri bolmagyny
esasy ugur edinýän gurnaklaryň netijeli hereket etmegi bilen bagly meselelere
möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, lukman Arkadagymyz belledi we bu çäreleriň
lukmançylyk bejergileriniň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň baş şertini emele
getirýändigine ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dünýäde ykrar edilen düzüme
öwrülendigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda amala aşyrylýan
işleriň yzygiderli ilerledilmelidigini, halkara hyzmatdaşlygyň
işjeňleşdirilmelidigini nygtady we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Lukman Arkadagymyz ýurdumyzda ähli adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň
saglygy baradaky aladany döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklaýandygyny
belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň we ýola goýulýan lukmançylyk
hyzmatlarynyň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.
Şunda lukmanlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bilen
baglanyşykly meselelere-de zerur üns berilmelidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşanlara alyp
barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
tdh.gov