Düýn
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman
Arkadagymyz Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen
tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmegiň
maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy we halkara çärelere taýýarlyk bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ir bilen Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa
menzilinden Balkan welaýatyna iş saparyna ugrady. Biraz wagtdan Gahryman
Arkadagymyzyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu
ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy. Soňra hormatly Arkadagymyz bu
ýerden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady.
Hazaryň
ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda dünýä derejeli dynç alyş we şypahana
toplumy emele geldi. Gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat
bolan syýahatçylyk zolagynda dynç alşa, şypahana ulgamyna degişli döwrebap
düzümleriň uly toplumy halkymyza hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürleýär.
Milli
Liderimiz “Awaza” sport toplumyna gelip, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçe
ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde ýerine ýetirýän işleri baradaky maglumatlary
bilen tanyşdy.
Ähli ugurlarda alnyp barylýan
işleriň takyk düzülen meýilnama esasynda ýerine ýetirilmelidigini we olaryň
häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz her
bir ýolbaşçynyň gözegçilik edýän düzümlerinde amala aşyrylýan taslamalaryň
barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy. Şeýle-de Halk
Maslahatynyň Başlygy Hazaryň kenarynda halkara derejeli giň möçberli
maslahatlaryň geçiriljekdigini nazara alyp, degişli tertip-düzgüniň berk berjaý
edilmeginiň, ýol-ulag düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň
wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna Hazaryň kenaryny mundan beýläk-de ösdürmek we
bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan
taslamalary hödürlenildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara
foruma taýýarlygyň çäklerinde deňziň kenaryndaky ajaýyp künjekde halkara
çäreleri geçirmek boýunça meýilleşdirilýän binalar toplumynyň ýerleşjek
ýerleriniň teklip edilýän meýilnamasy, toplumyň binalarynyň aýratynlyklary,
onuň girelgesi, binalaryň içki we daşky bezeg işleriniň görnüşleri barada
hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, toplumda halkara çäreleri ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň
at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar bilen
tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.
Toplumyň binalarynyň gurluşy, olaryň bezeg aýratynlyklary, ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Ýurdumyzyň
başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan
edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm çärelerine ýokary
derejede taýýarlyk görülmelidigini belläp, Milli Liderimiz Türkmenistanyň başlangyjy
bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ýurdumyzda geçirilen deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň
özboluşly dowamyna öwrüljek halkara forumyň ähli ugurlar boýunça guramaçylyk
derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem öňde boljak
halkara çärä görülýän taýýarlyk işleri Türkmenistanyň BMG-niň Baş
Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik
Bitaraplyk derejesine doly laýyk gelmelidir, binalaryň gurluşygyna, olaryň
enjamlaşdyrylyşyna we forumyň ýokary derejede geçirilmegine dahylly ähli
düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidir
diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Onda halkara foruma
görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler, myhmanlary garşylamak,
olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek bilen
baglanyşykly meseleler barada hasabat berildi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary
syýasat strategiýasyna laýyklykda, foruma gatnaşjak ýurtlaryň wekiliýetleri
bilen duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Milli
Liderimiz bu çärä daşary ýurtlardan geljek toparlaryň wekilçilikli düzüminiň
onuň ähmiýetini we dünýä döwletleri üçin wajypdygyny görkezjekdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşjak wekiliýetleriň halkymyzyň myhmansöýerlik
däbi esasynda garşylanylmagy zerurdyr. Şol bir wagtyň özünde çäräniň halkara
giňişlikde möhüm orna mynasyp bolmagyna degişli ähli meseleler göz öňünde
tutulmalydyr. Şeýle-de forumyň dowamynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasy
barada hasabat berildi. Gahryman Arkadagymyz halkara hyzmatdaşlykda
medeni-ynsanperwer çärelere möhüm ornuň degişlidigini belläp, Birleşen
Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
maslahatynyň çäklerinde guraljak medeni çäreleriň täsirli pursatlara we ýatda
galyjy wakalara beslenmelidigini aýtdy.
Maslahatda
halkara forumyň işine dünýä dillerini kämil derejede bilýän ýaşlaryň çekilmegi
bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Milli Liderimiz
ýaşlaryň ýurdumyzda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşmagynyň olaryň
bilim derejesini artdyrmagynda we tejribe toplamagynda ähmiýetli çözgütdigine
ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň bilim derejesiniň
ýokarlandyrylmagy, olaryň hünär eýeleri bolup ýetişmekleri bilen bagly
meselelere zerur üns berilmelidir.
Iş
maslahaty halkara çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine görülýän taýýarlygyň,
foruma gatnaşyjylaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine degişli hemme
çäreleriň ýokary derejede amala aşyryljakdygy baradaky hasabat bilen dowam
etdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara maslahatlaryň we forumlaryň
geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini nazara alyp, meýilleşdirilen çäreleriň
guramaçylyk meselelerine möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda bu işlerde
hiç hili ownuk zadyň bolmaly däldigine aýratyn ähmiýet bermek tabşyryldy.
Şeýle
hem maslahatyň dowamynda halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde gurluşyklary
alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy. Halk Maslahatynyň
Başlygy Hazaryň kenarynda alnyp barylýan gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň
üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň
möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi hem-de ähli işleri degişli
derejede alyp barmagy tabşyrdy. Şunda halkara foruma gatnaşýan myhmanlaryň we
onuň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine
degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün ediljekdigi aýdyldy. Türkmenistanyň
halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygyny nazara alyp, halkara
çäreleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede geçirilmegi ugrunda ähli
zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz forumyň ähli
tapgyrlaryndaky işleriň guramaçylykly alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.
Şeýle-de
forumyň çäklerinde söwda we hyzmatlar bilen bagly işleri ýokary derejede
guramak boýunça meýilleşdirilen çäreler barada aýdyldy. Milli Liderimiz dünýä
ähmiýetli meseleleri öz içine aljak forumyň çäklerinde guraljak ähli çäreler
boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagy babatda zerur tagallalaryň
edilmelidigini nygtady. Forumyň geçiriljek günlerinde myhmanlara ulag we
aragatnaşyk ugurlary boýunça hödürleniljek hyzmatlaryň sanawy barada-da
aýdyldy. Şu babatda Gahryman Arkadagymyz oňa gatnaşjak media düzümleriniň ähli
zerur şertler bilen üpjün edilmelidigini belledi.
Mundan
başga-da, iş maslahatynyň dowamynda halkara forumyň geçiriljek günlerinde
tertip-düzgüniň berjaý edilmegi, myhmanlary resmi taýdan hasaba almak, ýol-ulag
düzümine degişli işleriň sazlaşykly hereketini üpjün etmek bilen baglanyşykly
meselelere garaldy. Milli Liderimiz hemişe bolşy ýaly, bu ýokary derejeli
çäräniň guraljak günlerinde-de tertip-düzgüniň berjaý edilmegi, onuň
guramaçylygyna degişli ähli işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy we
myhmanlary resmi taýdan hasaba almak çäreleriniň degişli derejede amala
aşyrylmagy ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi. Dünýä
ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm orny eýeleýän ulag-kommunikasiýa pudagynyň
işiniň kämilleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şunda üstaşyr ulag gatnawlaryny
amatly ýagdaýa getirmek, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler
üçin zerur şertleri döretmek meselelerini esasy ugur edinýän forumyň
hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirilmegi wajypdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz
belledi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri
arzuw edip, bu ýerden sport awtoulagynda Garabogazköl aýlagyna tarap ugrady.
Häzirki
döwürde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň işini halkara
derejä çykarmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Yklymlaryň möhüm
çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag
geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň
ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsine wajyp
orun degişlidir.
Milli
Liderimiziň awtoulagy Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli
barýan awtomobil ýolunyň ugrunda iki gatnawly awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň
alnyp barylýan ýerinde saklandy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň germewleriniň we halkara
ähmiýetli desganyň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşlerini öz içine alýan şekil
taslamalary görkezildi. Ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň,
şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag, ýolagçy
gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berjek köpriniň gurluşyk
işleri we taýýarlanylan şekil taslamalary barada Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen
bu desganyň halkara ähmiýete eýedigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň
ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagynda, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy
has-da berkitmekde amatly şertleri üpjün eder. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde
awtomobil ýollaryny gurmak we ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýle taslamalaryň amala
aşyrylmagy bolsa yklymara ýükleri daşamak we ýolagçy gatnatmak işiniň
kämilleşdirilmegine, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini has
netijeli özleşdirmäge giň ýol açýar.
Gahryman
Arkadagymyz Garabogaz kölüniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde, bu künjegiň
tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmakda ähmiýeti bolan bu desganyň
gurluşygynyň bellenilen möhletde tamamlanmagynyň möhüm talap hökmünde
kesgitlenendigini belledi. Şol bir wagtyň özünde gurluşyk serişdeleriniň
berkligine, uzak möhletleýinligine zerur üns berilmelidir. Milli Liderimiz täze
desganyň kuwwatyna wajyp ähmiýet berilmelidigini aýratyn nygtady. Köpri
berkligi we uzak möhletleýinligi babatda agyr ýükli awtoulaglary geçirmäge
ukyply bolmalydyr. Munuň üçin bolsa gurluşykda ulanylýan serişdeleriň, olaryň
hiliniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi möhümdir. Bu taslamanyň
üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň ulag-logistika pudagynyň işini
ösdürmäge gönükdirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz öňde durýan wezipeleri
abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden
dikuçarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady.
Ösüşleriň
belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde bolşy ýaly, Hazaryň kenarynda amala aşyrylýan işler hem
halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine
gönükdirilýär. Munuň özi Garaşsyz Watanymyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen
şygaryň durmuş ugurly syýasatda öz beýanyny tapýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.
tdh.gov