PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary

12.01.2024
Card image cap

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda dowam edýän iş saparynyň barşynda Mary şäheriniň Gurbanguly hajy metjidine bardy.

Şäheriň esasy gözel künjekleriniň biri bolan ak mermerli metjit welaýatyň ýaşaýjylarynyň haýyşy boýunça 2009-njy ýylda milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri esasynda guruldy. Onuň altynsow reňkli ýarymaý şekillendirilen, nagyşlar bilen bezelen esasy gümmeziniň diametri 24 metre barabardyr.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy welaýatyň baş metjidiniň ymamy we din wekilleri garşyladylar.

Hajy Arkadagymyz häzirki wagtda ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýan ýurdumyzda mähriban halkymyzyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşynyň, döwletimiziň rowaçlygynyň bähbidine giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunda eziz Diýarymyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbini özgertmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde, sebitlerimiziň ählisinde döwrebap metjitleriň gurulmagyna uly üns berilýär.

Metjitde Beýik Biribardan ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň dowamat bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi dileg edilip, aýat-töwir okaldy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Binanyň içi mermer, granit daşlary we agajyň gymmat bahaly görnüşleri bilen bezelipdir. Metjidiň bezeginde Gurhanyň sürelerinden alnan haşamly ýazgylar aýratyn orun eýeleýär. Toplumyň düzümine sadaka üçin niýetlenen ýörite desga, dini dessurlary berjaý etmek üçin bina, myhmanhana we beýleki desgalar girýär. Ajaýyp suw çüwdürimleri metjidiň merkezi basgançaklaryny bezeýär.

Milli Liderimiz söhbetdeşlikde öten-geçenleri ýatlap sadaka berilse, aýat-töwirler okalsa, doga-dilegler edilse, pederlerden gelýän däp-dessurlaryň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezer diýip belledi.

Şunda hajy Arkadagymyz din wekillerine ýüzlenip, ýaş nesilleriň watansöýüji, edep-ekramly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde uly işleri bitiren mähriban käbesi Ogulabat ejäniň hem-de öz manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden kyblasy Mälikguly aganyň belli günleriniň Oraza aýyna düşýändigini aýtmak bilen, olary ýagşylykda ýatlap, belli günleriniň arasynda gelýän anna gününde belli gün sadakasyny bermek baradaky teklibini ýaşulular bilen geňeşip görmeklerini haýyş etdi. Munuň özi halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna we pederlerine goýýan uly hormatynyň nyşany bolar.

Öz nobatynda, din wekilleri halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen ägirt uly işleri üçin Gahryman hajy Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly işleriň çäklerinde harby howa menziliniň işi, bu ýerde bar bolan uçarlaryň we dikuçarlaryň tehniki aýratynlyklary, harby uçarmanlaryň gulluk hem-de durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, aýratyn-da, harby tehnikalaryň aýawly saklanmagyny, harby uçarlaryň uçuş-gonuş zolagynyň bellenilen kada laýyk bolmagyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.

Şunda şahsy düzümiň hünär derejesini, nazaryýet, jemgyýetçilik-syýasy we beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli üns merkezinde saklanmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän welaýatyň Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna bardy.

Öri meýdanynda dowar yzynda gezýän kärendeçi çopan M.Ataýew öz ogly hem-de agtygy bilen Gahryman Arkadagymyzy mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ykbalyny asylly işe baglan çopan bilen hal-ahwal soraşdy, olaryň alyp barýan işleri, dowarlaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Kärendeçi çopan döwlet tarapyndan maldarlaryň işi, olaryň durmuşy barada yzygiderli alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza ähli dowardarlaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol bakýan sürüsinde 550-den gowrak dowaryň bardygyny, olaryň dok we ýyly gyşladylýandygyny belledi.

Milli Liderimiz çopanyň işi, durmuşy bilen içgin gyzyklanyp, kärendeçilik usulynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Kärendeçi çopan 25 ýyldan bäri çopançylyk edýändigini, her ýylda dowarlardan sagdyn owlak-guzulary alýandygyny we şeýlelikde, maşgalasynyň abadançylygynyň ýokarlanýandygyny uly buýsanç bilen aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz halkymyzda çörege aýratyn mukaddeslik hökmünde garalýandygyny belledi. Çörek — durmuşyň gönezligi, ýaşaýşyň binýady. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda çörek we çörek önümleriniň bolçulygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Maldarçylygyň milli ýörelgelerine ünsi çekip, alym Arkadagymyz sähra ýerlerinde düýe malyna aýratyn gadyr goýulýandygyny, onuň ýüňüniň, etiniň, süýdüniň, çalynyň, agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygyny belledi. Şoňa görä-de, «Düýe maly — dünýe maly» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň durmuşynda düýe malyna möhüm orun berilýär. Şol bir wagtyň özünde, dowardarçylygy ösdürmek türkmen halkynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Paýhasly pederlerimiz goýun bakmagyň, olary köpeltmegiň özboluşly usullaryny döredipdirler, bu usul häzirki döwürde mynasyp derejede ösdürilýär.

Dowardarlaryň ýanynda eýesine wepaly alabaýlaryň bolmagy ykrar edilen hakykata öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz olaryň adamlar bilen tiz öwrenişýändigini we eýesiniň çagalaryny, emlägini goramak ukybyna eýedigini aýtdy. Alabaýlar ata-babalarymyzyň yhlasyndan dörän gowy häsiýetli, düşbi, şol bir wagtyň özünde-de örän wepaly ýoldaşdyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Ata kesbi — ogla halal» diýen asylly ýörelgäniň dowam etdirilmeginiň uly buýsançdygyny belläp, çopanlar maşgalasyna mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi. Goýun etinden taýýarlanan gowurdagy sähra şertlerinde tapylgysyz iýmit hökmünde ykrar eden halkymyz gowurdagy, çöregi mukaddeslik saýypdyr. Bular barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz çöregiň alys ýola ugraýan adama ýoldaş bolýandygy barada pederlerimiziň aýdan sözlerini mysal getirdi.

Milli Liderimiz çopançylygyň hormatly kärdigini, onuň maşgala rysgal getirýändigini belläp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli üns bermegi esasynda oba hojalyk pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň dürli görnüşli önümlere bolan islegi kanagatlandyrylýar we ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilýär.

Kärendeçi çopan M.Ataýew çopan goşuna gelip, hal-ahwal soraşandygy, çopançylyk işi bilen gyzyklanandygy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňra M.Ataýewiň agtygy hormatly Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny okap berdi.

Daýhanlaryň we maldarlaryň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmaklary ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur işleriň mundan beýläk-de ýerine ýetiriljekdigini belläp, Gahryman Arkadagymyz kärendeçi çopana alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri çopan maşgalasyna hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlary gowşurdy.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz maşgalanyň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Çopan ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzdan sowgatlary iberendigi üçin hormatly Prezidentimize öz sagbolsunlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Milli Liderimiz çopanlaryň alyp barýan işlerinde ýene bir gezek üstünlik arzuw edip, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine bardy.

Gahryman Arkadagymyzyň dikuçary ýurdumyzyň ykdysady ösüşini hem-de Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň artmagyny şertlendirýän giň gerimli desganyň gurluşygy alnyp barylýan ýerde gondy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ähmiýetli ýoluň gurluşygynda işleýän ýol gurluşykçylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň iş şertleri bilen gyzyklandy.

Ýolgurluşyk inženeri S.Ýowşanow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň başlangyç böleginde hem işländiklerini, häzir bolsa bu ýoluň Tejen — Mary böleginde zähmet çekmek bagtynyň miýesser edendigini gürrüň berdi. Häzirki döwürde döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyry ýokary depginde dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyz bu maglumatlaryň örän gowy görkezijidigini belläp, gurluşykçylary gazanýan üstünlikleri bilen gutlady hem-de olaryň bu ugurda toplan iş tejribeleri, ýol gurluşygynyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Inžener bu ugurda işlän ýyllarynda ýol gurluşygy boýunça oňyn tejribe toplandyklaryny belläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň artmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýoluň gurluşygynda işlemegiň özleri üçin uly hormatdygyny buýsanç bilen aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz ýol, köpri gurmagyň, bina galdyrmagyň türkmen halkynda sogap iş hasaplanýandygyny belläp, gurluşykçy bolup, gol beren kärinden rysgal-bereket tapmagyň döwletlilikden nyşandygyna ünsi çekdi, şeýle hem bu ýerde ulanylýan tehnikalaryň aýratynlyklary, ýol gurmagyň beýleki gurluşyk işlerinden tapawudy bilen gyzyklandy.

Hünärmen ýol gurluşygynda kämil tehnikalaryň öndürijiligine, olaryň kuwwatyna aýratyn bil baglanylýandygyny, tehnikalaryň bökdençsiz işledilmeginiň möhüm şert bolup durýandygyny belledi we ýurdumyzda telekeçilik başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygy üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ýol gurluşykçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz bu ýerde nurana ertirleriň ýollarynyň gurulýandygyny belläp, olaryň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmegine mynasyp goşant goşýandygyny, bu ýoluň geljekde tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjekdigini aýtdy. Döwletimiziň şeýle taryhy ähmiýeti bolan ýoly gurmagy, ony hem telekeçilere ynanmagy, Diýarymyzda hususyýetçilige bildirilýän uly ynamdan nyşandyr. Munuň özi telekeçiler üçin döredilýän çäksiz mümkinçilikdir.

Gahryman Arkadagymyz gurluşykçylaryň arasyna gelip, olaryň armasyny ýetirendigini hem-de alnyp barylýan işler barada gürrüňdeş bolmagyň ähmiýetlidigini, şeýle edermen gurluşykçylaryň bardygyna halkymyzyň buýsanýandygyny belledi.

Ýol gurluşykçylar Milli Liderimize öz aralaryna gelip, hal-ýagdaýlary, alyp barýan işleri bilen gyzyklanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde yhlasly zähmet çekýän ýol gurluşykçylar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow olara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlary gowşurdy.

Ýol gurluşykçylar Gahryman Arkadagymyzdan her bir işde görelde bolýandygy, netijeli işlemek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny ýetirmegini haýyş etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýoluň ýol belgileriniň döwrebap bolmagy, ulaglaryň hereketini gözegçilige alýan ulgamyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişelik gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýol gurluşykçylara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş saparyny gurap, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklanmagy sebitleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek meseleleriniň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

tdh.gov


Bulary hem okaň