PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

EXPO-2025 Bütindünýä sergisine taýýarlygyň çäklerinde duşuşyk geçirildi

09.08.2023
Card image cap

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň, «Belli» hojalyk jemgyýetiniň we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Ýaponiýanyň Kansaý prowinsiýasynyň Osaka şäherinde geçiriljek Bütindünýä EXPO-2025 sergisine taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda, bu halkara sergide Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygy babatynda pikir alyşyldy.

Şu nukdaýnazardan, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleri türkmen hyzmatdaşlary bilen bu ugurda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyny bellediler.

Bu barada   Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  web sahypasynda habar berildi


Bulary hem okaň