Bişkege
iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
Taraplar
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlarda
türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň
esasy ugry Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek
babatda boldy.
Şeýle
hem Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary global we sebit syýasatynyň
meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar.
tdh.gov.tm