Zähmet rugsadynda bolýan hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düýn Hazar deňziniň
kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç
etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş
ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen
baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün
etmek, raýatlaryň zähmet rugsady döwründe rahat dynç almaklary üçin şertleri
döretmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş
ugurly syýasatda ileri tutulýan wezipelerdir. Bu syýasatyň özeninde Gahryman
Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýar.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi.
Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa
gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän
sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn
howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli
giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologik ýagdaýynyň has-da
gowulanmagyny hem şertlendirdi.
Günüň dogýan çaglarynda deňziň kenarynda
welosipedli gezelenç etmek fiziki işjeňligiň netijesinde saglyga oňyn täsir
edýär, bedeni berkidýär we oňa güýç berýär. Welosiped ekologik taýdan arassa
ulag hökmünde ykrar edilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sporty
bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça
başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm
seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar.
Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş
Assambleýasy 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etdi. Bu
baýram her ýyl giňden bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň öňe süren
başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýdyň görkezýär.
Şeýle-de 2022-nji ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň
teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi
jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamany kabul edendigini
nygtamak gerek. Bularyň ählisi dünýä
bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketiniň
ösdürilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň kämilleşdirilmegine, milli,
sebitleýin hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly
goşandynyň ykrar edilýändiginiň anyk mysallarydyr. Mundan başga-da, 2018-nji
hem-de 2019-njy ýyllarda Aşgabatda geçirilen “Iň köpçülikleýin tälim beriş
sapagynyň”, “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň” Ginnesiň rekordlar
kitabyna girizilendigini bellemek gerek.
Welosport bedenterbiýe-sagaldyş hereketini
wagyz etmekde we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete
eýedir. Amatly howa şertleri, ýurdumyzda bar bolan degişli infrastruktura
welosport boýunça ýaryşlary hem-de türgenleşikleri tutuş ýylyň dowamynda diýen
ýaly geçirmäge mümkinçilik berýär. Welosipedli ýörişler dünýäniň köp
ýurtlarynda dürli durmuş, sport, ekologik taslamalary goldamak üçin geçirilýän
jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda
ýurdumyzda sportuň bu görnüşi işjeň ösdürilýär, ilat arasynda köpçülikleýin
welosipedli ýörişleriň tarapdarlaryny artdyrmak üçin tagallalar edilýär.
...Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň
dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň
gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary
hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrdy.
Bedenterbiýe, sport, işjeň dynç alyş, şol
sanda welosipedli gezelençler adamlary uly üstünliklere höweslendirip, täze
başlangyçlar üçin güýç-kuwwat berýär. Şeýle gezelençler dynç alşy işjeň fiziki
hereket bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Ylmy barlaglaryň tassyklaýşy ýaly, welosiped
sürlende bedene kadaly agram salynmagy esasynda adamyň çydamlylygy, işe
ukyplylygy ýokarlanýar, beden bogunlary we myşsalar, nerw ulgamy berkeýär.
Welosport, welosipedli gezelençler gan basyşynyň kadalaşmagyna, ýürek-damar we
beýleki keselleriň töwekgelçiliginiň peselmegine ýardam berýär. Welosiped
sürmek bedeniň madda çalşygyny gowulandyrýar, onuň kesellere garşy
durnuklylygyny ýokarlandyrýar, uzak wagtlyk şähdaçyklyk eçilýär. Aýaklaryň
yzygiderli hereketleri ganyň damarlarda doňup galmagynyň öňüni alýar. Munuň özi
hereketleriň sazlaşygy üçin netijeli türgenleşik bolup, ünsüňi bir ýere
jemlemäge mümkinçilik berýär.
Lukman hökmünde sagdyn durmuş ýörelgelerine
aýratyn ähmiýet berýän Milli Liderimiz şeýle gezelençleriň ägirt uly peýdasynyň
bardygyny şahsy göreldesi bilen subut etdi. Şunlukda, ýurdumyzda welosipedli
ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy
başlanan welosipedli ýörişleriň geçirilmegi häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda has giň gerime eýe bolýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ekologik
abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek,
ýurdumyzyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini, Hazar deňziniň
biodürlüligini gorap saklamak, öwrenmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Bu ugurda öňde durýan meseleleri
çözmekde welosiped sporty, welosipediň ulag serişdesi hökmünde ulanylmagy möhüm
ähmiýete eýedir. Munuň özi daşky gurşawa uzak möhletleýin esasda oňyn täsirini
ýetirip, ekologik ýörelgeleriň jemgyýetçilik durmuşyna içgin aralaşmagyna
ýardam edýär.
tdh.gov